Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurduň käbir regionlary pagta planyny doldy, ýöne mejbury ýygym dowam edýär


Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän bir pagta meýdanyndaky ýygymçylar . Arhiwden alnan surat
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän bir pagta meýdanyndaky ýygymçylar . Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň döwlet metbugatynda pagta plan borçnamasyny dolan etrapdyr welaýatlar barada yzly-yzyna habarlaryň çap edilýän wagty, býujet işgärleriniň ýurduň dürli künjeginde henizem pagta meýdanlaryna mejbury çekilýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň “pagta frontyndaky” soňky ýagdaýlar barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy gizlinlik şertlerinde 9-njy noýabrda maglumat berdi.

“Regionlarda pagta plan borçnamasynyň berjaý edilýändigi barada döwlet metbugatynda habarlar ýaýradylsa-da, býujet işgärleri henizem pagta çekilýär. Men Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky käbir ýagdaýlary anykladym” diýip, habarçy aýtdy.

“Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz, Görogly, Saparmyrat Nyýazow ýaly etraplarynda henizem mekdepleriň we çagalar baglarynyň işgärleri pagta ugradylýar” diýip, ol sözüne goşdy.

Pagta möwsümi boýunça Lebap welaýatynyň etraplaryndaky soňky ýagdaýlary öwrenýän habarçymyz Türkmenabat şäheriniň bilim we saglyk pudagynyň işgärleriniň henizem pagta meýdanlaryndan dolanmandygyny aýtdy.

Düýn 8-nji noýabrda Türkmen döwlet habarlar gullugy Lebap welaýatynyň özlerine tabşyrylan pagta plan borçnamalaryny berjaý edendiklerini habar berdi.

Maglumatda aýdylmagyna görä, lebaply kärendeçiler döwletiň harmanyna 300 müň tonnadan gowrak pagta tabşyrypdyrlar.

Ýöne “entek meýdanlarda hasyl köp, pagtanyň galan bölegi ýitgisiz we iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alnar” diýip, döwlet metbugaty Lebabyň pagtasy barada gürrüňe dowam edýär.

Ýurtda dowam edýän pagta möwsümi barada yzygiderli maglumatlary çap edýän “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýty 8-nji noýabrda Marynyň mejbury pagta kampaniýasy barada maglumat berdi.

Onda aýdylmagyna görä, sentýabryň başyndan bäri Mary şäheriniň 14-nji mekdebiniň gabadynda käbir mekdepleriň hojalyk işgärleri we mugallymlary ýygnanyp pagta äkidilýär.

“Şeýle nokatlaryň şäher boýunça sany 30-a ýetýär. Ähli býujet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärleri, medisina pudagynyň işgärleri, lukmanlar [pagta] gidýär” diýip, neşir Mary welaýatyndaky mejbury pagta barada habar berýär.

Döwlet metbugaty häzirki wagtda ýurtda boýunça 1 million tonnadan gowrak pagta hasylynyň ýygnalandygyny aýdýar.

5-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen maglumata görä, ýurt boýunça pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnama 95% ýerine ýetirilipdir.

Mejlisiň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow meýdanlarynda galan pagtany çalt ýygnamak üçin bar bolan serişdeleri goşmaça jemlemegi tabşyrdy.

22-nji oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda bolsa Berdimuhamedow pagta ýygymynyň göwnejaý derejede guralmaýandygyny aýdyp, ýygym möwsüminiň guralyşyna nägilelik bildiripdi.

Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesi maslahatyň yzýany beren maglumatynda mundan beýläk ýurduň ähli künjeklerinde raýatlary köpçülikleýin pagta ýygymyna çekmek çäreleriniň güýçlendirilýändigini habar beripdi.

Şondan soň pagta boýunça güýçlendirilýän mejbury çäreler barada habarlaryň gelip gowuşmagy dowam etdi.

Düýn 8-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Jeýhun daýhan birleşiginde kärendeçileriň körekleri el bilen ýygnamaga mejbur edilýändigi habar berdi.

Hökümet resmileri döwlet mediasynda edýän çykyşlarynda daşary ýurtlardan oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynýandygyny tekrarlaýar.

Türkmenistanda bu ýyl, resmi maglumata görä, 545 müň gektar ýere gowaça ekildi we 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny almak planlaşdyrylýar.

Häzirki wagtda Ahal we Lebap welaýatlarynyň kärendeçileri özlerine tabşyrylan pagta plan borçnamalaryny, resmi metbugata görä, doldy.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiligindäki mejbury zähmeti tankyt edýär.

Döwlet mediasy pagta möwsüminde sungat işgärleriniň aýdym-saz çykyşlaryna çapak çalyp, tomaşa edýän, galyberse-de ýygymda kitap okap ara kesýän pagtaçylaryň wideo görnüşlerini efire berýär.

XS
SM
MD
LG