Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makron, Merkel Ukrainanyň gündogarynda separatistleriň geçiren saýlawyny tankytladylar


Gemaniýanyň kansleri Angela Merkel, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko. Pariž.

Makron bilen Merkel Orsýetiň goldawyndaky separatistler tarapyndan gündogar Ukrainada geçirilen saýlawlary “bikanun we legitimligi ýok” diýip häsiýetlendirmek bilen halkara derejesinde ses berişlige garşy gönükdirilen tankytlara goşuldylar.

Kiýew bilen onuň halkara goldawçylary separatistleriň kontrollygyndaky Donetsk we Luhansk regionlarynda 11-nji noýabrda geçen saýlawlar 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 10300-den agdyk adamyň başyna ýeten konflikti soňlamak boýnça edilýän tagallalary bökdär diýýärler.

Moskwa bolsa Donetskiň we Luhanskyň ýolbaşçylaryny, şeýle-de ýerli kanunçylygyň agzalaryny saýlamak üçin geçirilen ses berişlik gazaply hereketleriň soňuna çykmak üçin baglaşylan Minsk ylalaşygyny bozmaz diýip delil getirýar.

Orsýetiň habar gulluklarynyň bildirmegine görä, sesleriň tas ählisiniň sanalmagy netijesinde Donetskde separatistleriň ýolbaşçy wezipesini ýerine ýetirýän Denis Puşilin sesleriň 61 göterimi bilen öňde barýar.

Luhansdaky separatistleriň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Leonid Paseçnik bolsa, sesleriň 68 prosentini alypdyr.

Bu netijeleriň ikisi-de öňünden çaklanypdy.

11-nji noýabrda Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen geçen duşuşykdan soňra Merkel bilen Makron bilelikde beýanat berip: “Saýlaw diýlip atlandyrylýan bu zatlar Ukrainanyň territorial bütewiligini we özygtyýarlylygyny gowşadýar” diýdiler.

Germaniýa, Fransiýa we Ukraina konflikte çözgüt tapmaga synanyşýan we “Normandiýa formaty” diýip atlandyrylýan ýurtlaryň bir bölegi bolup durýarlar.

37 ýaşy Puşilin ozal dürli işlerde bolan, şol sand kasino krupiýeri işlän, Orsýetde Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňra on müňlerçe adamy aldawa salyp, kezzaplyk bilen meşgullanan Ponziniň ýerine gurlan MMM-niň maliýe önümlerine dellallyk eden adam.

Donetskiň öňki ýolbaşçysy Aleksandr Zaharçenko awgust aýynda bolan bir partlamada aradan çykdy. Moskwa bu işi eden Ukraina diýse, Kiýew separatisleriň arasyndak agzalalyklara salgylanýar.

48 ýaşly Paseçnik ozal Ukrainanyň howpsuzlyk gullugyny ýerli başlygydy.

Puşilin we Paseçnik Moskwa bilen ýakyn gatnaşyk saklamagy wada etdiler.

Ses berişlik berk howpsuzlyk çärelerinde geçirildi. Öňki saýlawlar kiýewiň we günbatar ýurtlaryň garşy çykmagyna garamazdan 2014-nji ýylda geçirilipdi. Günbatar saýlawyň netijelerini ykrar etmedi.

Ýazgaryşlar

Ukraina, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşgi ses berişligi Minskde gelnen ylalaşygyň şertleriniň bozulmagy diýip öňünden ýazgardylar. Gündogar Ukrainada barýan konflikti ýatyrmaga gönükdirilen Minsk ylalagyşyna 2014-nji ýylyň sentýabrynda we 2015-nji ýylyň fewralynda gol çekildi.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogerini Orsýeti Minsk ylalaşygyny çalt we doly ýetine ýetirmek üçin “öz goldaýan separatistlerine edýän täsirinden doly peýdalanmaga” çagyrdy

Birleşen Ştatlaryň Ukraina boýunça ýörite wekili Kurt Wolker 11-nji noýabrda bir tweetde Orsýeti “galp saýlawlar arkaly status kwony ornatmakda” aýyplady.

Tweetde şeýle diýilýär: “Orsýet Minsk ylalaşygyny amala aşyrmagyň deregine Donbasyň korrumpirlenen ýolbaşçylaryny subsidirleýär, bikanun ýaragly güýçlere harby tälim berip, olary abzallaşdyrýar, galp saýlawlar bilen status kwonyň ornatýar”.

NATO hem bir beýanatda saýlawlar “konflikti parahatçylykly çözmäge gönükdirilen synanyşyklaryň köküni gowşadýar” diýip, Orsýeti “öz güýçlerini çekip” Donetskdäki we Luhanskdaky “ýarym harby toparlary goldamagy bes etmäge” çagyrdy.

Ukrainanyň häkimiýetleri separatistleriň kontrollygyndaky ilaty saýlawlary boýkot etmäge çagyryp, olara saýlawlara gatnaşmak Ukrainanyň kununlary bozmak diýip, duýduryş berdiler.

Separatistler bilen Moskwa saýlawlary ýatyrmak baradaky çagyryşlar ret etdiler. Oktýabr aýynda Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa Zaharçenkonyň aradan çykmagyndan soňra dörän “güýç boşlugyny doldurmak üçin” ses berişlik zerur diýdi.

Moskwa dostlukly garaýan prezident Wiktor Ýanukowiç 2014-nji ýylyň fewralynda häkimiýet başydan kowlup, Orsýet ondan bir aý soňra Ukrainanyň Krym ýarym adasyny zor bilen özüne birikdireninden soňra separatistler Dontesk bilen Luhansk regionlaryny eýelediler.

Birleşen Ştatlar bilen günbatar ýurtlary hem Orsýetiň Krymy basyp almagy we separatistleri goldamgy sebäpli Moskwanyň garşysyna sanksiýalar girizdiler.

XS
SM
MD
LG