Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ‘arkaly awçylar’ gyşlamaga gelen guşlary, saýgaklary ‘gyryp’, gazanç edýärler


Ene saýgak ekiz owlagyny emdirýär.
Ene saýgak ekiz owlagyny emdirýär.

Türkmenistanda gyşlamaga gelýän ýabany guşlaryň, goňşy ýurtlardan sowukdan gaçyp gelýän saýgaklaryň “arkaly awçylar” diýilýänler tarapyndan köpçülikleýin, “wagşylarça” gyrylýandygy hakynda habalar gelip gowuşýar.

Azatlyk radiosynyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistanda soňky döwürde ok-däri tapmagyň, aw tüpeňlerini satyn almagyň “uly problema aýlanmagy” sebäpli awçylaryň sany ýyl-ýyldan azalýar.

Emma muňa garamazdan, awçylar bir zaman Awçylar jemgyýetiniň agzasy bolan adamlaryň şindi hem agzalyk töleglerini tölemäge mejbur edilýändiklerini gürrüň berýärler.

Öňki düzgüne görä, baglaşylan şertnama laýyklykda, ýylda çäkli mukdarda hem bolsa ok-däri berlenok, ýurtdaky awçylyk dükanlarynyň tas hemmesiniň gapysyndan gulp asylgy dur” diýip, Azatlyk radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan 50 ýaşly balkanly awçy aýtdy.

Awçylaryň ok-däri ýetmezçiligi ýurtda aw guşlarynyň, ýabany keýikleriň we saýgaklaryň erkin, aga-ýana köpelýändigini asla aňlatmaýar.

Ok-därini entek dükanlara gelmänka ogryn ýol bilen alýan adamlar bar, olaryň degişli edaralarda arkasy bolýar” diýip, Awçylar jemgyýetiniň başga bir agzasy, Esenguly etrabynyň 45 ýaşly ýaşaýjysy zeýrendi. Onuň sözlerine görä, häzir Esenguly etrabynda deňiz kenarlarynda gyşlamaga gelen guşlary diňe “belli-belli adamlar” awlap bilýär.

Olar esasan güýç gurluşlarynda, häkimiýetde dost-ýary, hossary bolan adamlar. Onsoň olar 5-6 sany kiçi motorly gaýyk bilen deňze girip, Esenguly kenarlaryndaher gün wagşylarça guş atýarlar, bäş ýüzden müňe çenli ýabany guşy awlaýarlar” diýip, ol aýtdy.

Şeýle ýagdaýda awlanyp, soň satuwa çykarylýan guşlaryň aglabasy barak, ýaşylbaş ördek ýaly guşlar bolup, olaryelinde awçylyk biledi bolup, aw awlamaga rugsat berilmeýän awçylar satyn almaly bolýar.

Başga-da bir üýşüp ýatan azyk-owkat bolmansoň, arkaly awçylaryň awlan guşlaryndan satyn almaly bolýarys. Olar agramy ýarym kilogram ýa ondanam az bolan guşlary arzan bolanda 40 manatdan satýarlar” diýip, esengulyly awçy Azatlygyň Balkandaky habarçysyna gürrüň berdi.

Gyşlamaga gelýän guşlardan başga, gazak sähralaryndaky gazaply sowukdan gaçyp gelýän saýgaklaryň hem ýüzlerçesi türkmen topragyndaky “arkaly awçylaryň” “wagşy awynyň” pidasy bolýar.

Balkan welaýatynyň demirgazygyndaky Çölüň gyry, Begarslan we Daşoguz welaýatyna çenli uzaýan Gaplaňgyr töwereklerinde Gazagystandaky sowuga çydaman gelýän saýgaklar köpeldi. Emma bu janawerler köpçülikleýin gyrgyna sezewar edilýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran hukuk işgäri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Anonim şertde gürleşen polisiýa işgäriň sözlerine görä, olar “saýgaklaryň gele-gelmäşe köpçülikleýin awlanylýandygyny” eşidip, 6-7-njy nobabrda çöle baranlarynda, damagy çalnyp, iç goşy aýrylyp, suw çekýän maşyna basylan saýgaklary alyp gelýän adamlary sakladylar.

Görsek, ol maşynyň suw sordurýan şlangasynyň dakylýan ýerinden gan joralanyp akýar. Maşynymyzy yzyna dolap, suw çekýän maşynyň yzyndan ýetdik, olar üç adam bolup, 43 sany saýgagy awlap gelýän eken” diýip, polisiýa işgäri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Britaniýada ýerleşýän "Fauna & Flaura Interntional" (FFI) guramasynyň Ýewraziýa regional direktory Paul Hothamyň maglumatyna görä, saýgaklaryň sany 1990-njy ýyllarda bir milliona golaý bolan bolsa, häzir olaryň Gazagystan, Orsýet, Özbegistan we Türkmenistan topraklaryndaky umumy sany elli müň töweregi haspalanylýar.

XS
SM
MD
LG