Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taksi nyrhlary 'keýigiň şahyna çykdy', ýaşaýjylar benzin bahalaryny 'gaýgy edýär'


“Ozal Mara 50 manada alyp gidýärdiler, indi bu aralygyň nyrhy 70 manada çykdy” diýip, Atajan aýtdy.

Aşgabatda soňky on günüň dowamynda şäher içinde we şäher aralarynda gatnaýan hususy taksileriň nyrhlary üzül-kesil ýokary galdy, Balkanda welaýatynda sürüjiler üstüne pul berip, köpräk benzin almaga çalyşýarlar.

Taksi nyrhlarynyň birden gymmatlamagynyň sebäbi ýa sebäpleri häzirlikçe mälim däl. Mysal üçin, mundan on gün ozal Aşgabat-Balkanabat aralygyna,420 kilometrlik ýola taksili gitmek üçin dört ýolagçynyň hersi 50—60 manatpul tölemelidi, indi bu nyrh, geçen hepdäniň ortalaryndan bäri, 100-110, käte 120 manada çenli ýokary galdy diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Hususy taksileriň eýeleri nyrhlaryň näme üçin ýokarlanandygy baradaky soraglara “durmuş gymmat, benzin gymmat” diýip, gaharly jogap berýärler. “Benziniň gymmatlanyna 7-8 aý boldy, ondan näme üçin öň beýlä däldi” diýip, ýolagçylar nyrhlaryň birden beýle ýokarlamagynyň sebäbini biljek bolýarlar, emma soraglaryna jogap tapmaýarlar.

Azatlygyň habarçysy Çoganlydaky taksi duralgasynda kesgitlenen täze nyrhlary anyklamak üçin Aşgabat-Daşoguz aralygyna gatnaýan ýolagçylar bilen hem gürrüňdeş boldy:

“Üç hepde ozal Aşgbatdan Daşogza taksili 50 manada gitdim, emma häzir Daşoguz welaýatynyň günortasyndaky etraplara gitjek bolsaň, adam başyna 100 manat, eger Köneürgenç ýaly daşrak etraplara gitjek bolsaň, adam başyna 120, 130 manat tölemeli” diýip, özüni Saparbaý diýip tanadan daşoguzly ýolagçy Azatlyga gürrüň berdi.

Änew şäheriniň golaýyndan Mary, Lebap tarapyna gatnaýan taksileriň hem nyrhlary gymmatlady.Ýöne bu ýerdäki nyrhlar, Nebitdaga gatnaýan taksileriňki bilen deňeşdirilende, ýolagçylaryň sözleri bilen aýtsak, “oňuşmazça däl”.

Ozal Mara 50 manada alyp gidýärdiler, indi bu aralygyň nyrhy 70 manada çykdy” diýip, Atajan atly ýolagçy Azatlygyň habarçysyna aýtdy. Ýöne ol bu nyrhyň diňe Mary şäheriniň özüne degişlidigini, eger Türkmengala ýa beýleki daşrak etraplara gitjek bolsaň, bahalaryň degişlilikde ýokary galandygyny gürrüň berdi.

Taksi nyrhlary Aşgabat şäheriniň içinde hem üzül-kesil gymmatlady. “Hususy taksiler, ýarym kilometr aralyga münseň hem, 5 manat talap edýärler. Uzagrak aralyga gitseň, 15-25 manat aralygynda pul soralýar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, Aşgabadyň içinden Çoganlydaky taksi duralgasyna barmak üçin üç hepde ozalam 5-10 manat aralygyna töleg etmelidi, indi şäher içinden islän ýeriňden mün, 20-25 manat soraýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýaşaýajylaryň gürrüň bermeklerine görä, döwlet eýeçiligindäki taksiler gyssagly ulag gerek bolan adamlara has-da gymmat düşýär.

Döwlet taksileri gyssanyp ýarym kilometr aralyga münmekçi bolsaň hem, “15 manat berýärmiň?” diýip soraýarlar. Eger hasap maşynyňy işlet, şonuň görkezenini bereýin” diýseň, “hasap maşyn işledýän taksi indi gelmeli” diýýärler. Olaryň düýp edaralaryna jaň edeniň hem peýdasy ýok” diýip, aşgabatly söhbetdeşimiz zeýrendi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan hususy taksileriň eýleriniň gürrüň bermeklerine görä, hususy taksiçileriň häkimiýetler tarapyndan berk çäklendirilmegi döwlet eýeçilgindäki taksileriň nyrhlary isleýişleri ýaly ýokarlandyrmagyna ýol açýar. “Biz şäheriň esasy köçelerinde müşderi alyp bilmeýäris, diňe gyrak-bujakda işleýäris, ýogsa agyr jerime salýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran taksiçi Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen hökümet resmisiniň düşündirmegine görä, taksi nyrhlarynyň gymmatlamagynyň arkasynda gorky bar, adamlarbenziniň bahasynyň ýenegymmatlamagyndan howatyr edýärler.

Maşynlara benzin guýýan operatorlar bu ýagdaýy ýangyç stansiýalaryna getirilýän benziniň azalmagy we çalt gutaryp başlamagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Bu ähtimallygy Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen resmi hem gytaklaýyn tassyk etdi:

“Türkmenbaşy şäherinden ýüzlerçe kmdaşlykda ýerleşýän Goşa obasyndaky stansiýa,Gyzylgaýa, Ýasga şäherçelerindäki ýangyç stansiýalaryna ozal hepdede iki-üç gezek benzin eltilen bolsa, indi diňe bir gezek getirilýär. Bu ýagdaý adamlaryň benzin guýujylar bilen gürleşip, barha köp ýangyç alyp goýmaga çalyşmaklaryna getirýär. Şeýle ýagdaýy beýleki sebitlrde hem görse bolýar” diýip, ýangyç pudagynda işleýän resmi Azatlyk radiosyna aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG