Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Eger ABŞ ýaraglar şertnamasyndan çyksa, Orsýet "rekasiýa' bildirer


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin. Buenos Aires, 30-njy noýabr, 2018 ý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin. Buenos Aires, 30-njy noýabr, 2018 ý.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, eger Waşingtonýadro ýaraglary şertnamasyndan çykmakda Orsýeti bahana edip ulansa, Moskwanyň muňa reaksiýa bildirjekdigini aýdýar.

Orsýet Waşingtonyň, eger Moskwa şertnamanyň düzgünlerini berjaý etmäge dolanyp gelmese, Birleşen Ştatlaryň Sowuk uruş döwründäki ýadro ýaraglary şertnamasyndan çykmakçy bolýandygyny, bu barada özlerine habar ýetirilendiginiaýtdy.

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharova 5-nji dekabrda Moskwada žurnalistlere bu habar barada aýdyp, onda Orsýetiň hamala 1987-nji ýyldaky Orta aralyk ýadro ýaraglary şertnamasynyň düzgünleriniň bozandygynyň aýdylýandyny gürrüň berdi.

"Rus tarapy munuň, ABŞ-nyň aýdaýanlarynyň azyndan spekulýasiýa bolup durýandygyny gaýta-gaýta aýtdy” diýip, Zaharowa aýtdy. “Bize bu amerikanpozisiýasyny goldaýan hiç bir subutnama görkezilmedi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýetiň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň ýolbaşçysy Waleriý Gerasimow 5-nji dekabrda Moskwada daşary ýurtly harby wekillere ABŞ-nyň bu şertnamadan çykmagy “howply ädim bolar we ol diňe ýewropa howpsuzlygyna däl, eýsem tutuş strategiki durnuklylyga negatiw täsir ýetirip biler” diýdi.

Zaharowanyň we Geresimowyň bellikleri ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Brusseldäki NATO duşuşygynda aýdan sözleriniň yz ýanyna gabat geldi. Pompe bir rün öň Waşington Orta aralyk ýadro ýaraglary şertnamasyny, eger Moskwa bu raketalaryny sökmese, 60 gün içinde terk edip biler diýdi.

Birleşen Ştatlaryň sökülmegini isleýän raketalary, Waşingtonyň ynanjyna görä, şertnamanyň maddy taýdan, ýagny “material bozulmagyny” aňladýar.

Şu 60 günüň içinde biz entek hiç bir sistema öndürmeris ýa-da ýerleşdirmeris, emmabu 60 günde nämeleriň bolýanyna syn ederis” diýip, Pompeo Brýusselde žurnalistlere aýtdy.

"Biz orsýetliler bilen gürleşme kemini goýmadyk. Biz olaryň öz ugurlaryny üýtgetmeklerine umyt baglaýarys, emmä häzire çenli olaryň şeýle etjegini görkezýän hiç bir alamat ýok” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putuniň sözçüsi Dmitriý Peskow ABŞ-nyň beren ultimatumy “ýagdaýy gyzdyrmak” bolup durýar diýdi.

Peskow 5-nji dekabrda beren düşündirişlerinde Waşingtony “Birleşen Ştatlaryň bu şertnamadan çykmakdaky hakyky maksadyny ýaşyrmak üçin faktlary özüçe ulanmakda”, ýagny ýoýmakda aýyplady.

NATO-nyň daşary işler minstrleri özleriniň bilelikdäki beýanatlarynda Orsýetiň “9M729 raketa ulgamyny işläp düzendigini we ýerleşdirendigini, munuň Orta aralyk ýadro ýaraglary şertnamasyna ters gelýändigini hem-de ýewro-atlantika howpsuzlygyna düýpli wehim salýandygyny” aýtdylar.

Waşington Moskwanyň “Novator 9M729” raketalaryny ýerleşdirmeginden nägilelik bildirip, onuň şertnamanyňaralyk düzgünlerini bozýandygyny, sebäbi 500 we5,500 kilometr aralygyna ýetýändigini aýtdy.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Moskwanyň şertnamanyň düzgünlerine boýun bolmaga soňky mümkinçligi bar hem bolsa, “biziň şertnamasyz dünýä taýýarlanyp başlamagymyz gerek” diýdi.

XS
SM
MD
LG