Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Aýylganç global hüjüm' netijesinde ýüzlerçe žurnalist türmede otyr


Joel Simon, žurnalistleri goramak baradaky komitetiň ýerine ýetiriji direktory. 2017-nji ýylyň suraty

Türkmenistandaky howpsuzlyk laladalary sebäpli gizlinlik ýagdaýynda işleýän žurnalistler öz iş şertleriniň gowulanmaýandygyny habar berýärler. Bu habar türmede saklanylýan žurnalistler baradaky täze hasabatyň çap edilen wagtyna gabat geldi.

Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň (CPJ) maglumatyna görä, “awtoritar režimleriň başga pikiri sem etmek üçin barha kän tussag etmek çäresini ulanmagy” netijesinde, dünýä ýüzünde azyndan 251 žurnalist öz işi zerarly gözenegiň arkasynda saklanylýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän metbugat gözegçiligi guramasynyň türmedäki žurnalistler babatda geçiren ýyllyk barlaglarynyň 13-nji dekabrda çap edilen netijelerinde türmä basylan žurnalistleriň ýaryndan gowragyna Türkiýe, Hytaý we Müsür ýaly ýurtlaryň jogapkärdigi aýdylýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, žurnalistler üçin, adam hukuklaryndan soň, “iň howply urgy” syýasat boldy.

Pikir soramalarda diňe 1-nji dekabrda hökümet tussaghanasynda bolan žurnalistler sanaldy, ýylyň dowamynda tussag edilenler we boşadylanlar, ýa-da ýitirim bolanlar, ýa bolmasa döwlete dahylsyz toparlar tarapyndan ýesirlikde saklanan žurnalistler hasaba alynmady.

Bu türkmenistanly žurnalist Sapärmämmet Nepesgulyýewiň adynyň hasabata girmeýändigini aňladýar. Şeýle- seredilende, bu Türkmenistanyň hökümeti üçin hoş habar. Emma gizlinlik şertlerinde işleýän garaşsyz žurnalistler "Türkmenistandaky iş şertleriniň hiç bir jähtden gowulanmandygyny" aýdýarlar.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda, üç onýyllyga golaý döwürde garaşsyz žurnalistleri ýanamak, gorkuzmak, türmä basmak bilen tanaldy.

2017-nji ýylyň dekabrynda türmede bolan žurnalistleriň sanynyň 262, ondan öňki ýylda 259 bolmagy bilen, žurnalistleri goramak baradaky komitetiň ýerine ýetiriji direktory Joel Simon “dünýä boýunça žurnalistlere garşy guralýan aýylganç hüjüm soňky birnäçe ýylda barha ýygjamlaşmak bilen, gowşamak alamatyny görkezmeýär” diýdi.

“Senzurany ornaşdyrmak üçin tussag etmek çäresini ulanýan zalymlaryň edeniniň öňünden gitmegine ýol bermek bolmaz” diýip, Simon sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkiýe soňky üç ýylda tapgyr žurnalistleri iň kän türmä basýan ýurt bolup galdy. Bu ýurtda azyndan 68 žurnalist gözenegiň arkasynda otyr, olaryň ählisine döwlete garşy bolmak aýyplamalary bildirildi.

Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň geçiren pikir soramalary “global anti-metbugatritorikanyň” çäginde türmä basylan žurnalistleriň 70 prosentiniň döwlete garşy bolmak aýyplamalarynda aýyplanandygyny, 28 prosentiniň “galp habar” aýyplamalaryna aýyplanandygyny ýüze çykardy.

2016-njy ýylda “galp habar” aýyplamalarynda aýyplanan žurnalistler tussag edilenleriň 9 prosenti çemesinde bolupdy.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Hytaýda türmä basylan žurnalistleriň sanynyň köpelmegi Pekiniň ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiaň sebitinde uýgur etniki azlygyny “yzarlamak tolkunlarynyň” netijesi boldy.

“Hytaýda azyndan 10 žurnalist aýyplama bildirmezden tussag edildi, olaryň ählisi Sinjiaňdan, BMG-niň Pekini köpçülikleýin gözegçilikde we bir milliona çenli adamy sud etmezden tussagda saklamakda aýyplan ýerinden” diýip, žurnalistleri goramak baradaky komitet aýtdy.

Türkmenistanda garaşsyz žurnalistleriň ýanalmagy we metbugatyň doly döwlet kontrollygynda saklanmagy ýurtda žurnalizmiň, metbugatyň hiliniň düýpli pese gaçmagyna, raýatlaryň habar almak üçin daşary ýurtlaryň habar serişdelerine barha köp ýykgyn etmegine alyp geldi diýip, ýerli synçylar aýdýar. Milli metbugatyň düşen agyr ýagdaýy hatda prezident Berdimuhamedowyň döwlet eýeçiligindäki medianyň işini tankytlap aýdan sözlerinde hem tassyk bolýar.

Emma muňa garamazdan, berk saklanyp galan döwlet senzurasy gaýta-gaýta ÝHHG-niň geçirýän seminarlaryna iberilýän türkmen žurnalistleriniň öz işinde ussatlaşmagyna ýol bermeýär diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly žurnalist Azatlyk radiosyna aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG