Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ozalky netijeleri yglan etmezden täze ilat ýazuwyna taýýarlanýar


Türkmenistan
Türkmenistan

Türkmenistan 2022-nji ýylda geçiriljek ilat we ýaşaýyş jaý fondunyň ýazuwyna taýýarlyk görýär.

Statistika boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy H.Gurbanow bu barada 17-nji dekabrda hökümet maslahatynda hasabat berdi we bu ugurdan BMG-niň ösüş fondy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen aktiw hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy. Resminiň sözlerine görä, hyzmatdaşlyk esasan döwlet statistika sistemasynyň täzelenmegine we dünýä tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna gönükdiriler.

Hökümetiň ýene ilat ýazuwyny geçirmek baradaky karary 2017-nji ýylyň 19-njy dekabrynda yglan edilipdi. Döwlet metbugatynyň maglumatyna görä, bu çäre hem BMG bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar, hususan-da, “ilatyň we ýaşaýyş fondlarynyň ýazuwlarynyň 2020-nji ýyl boýunça bütindünýä programmasynyň” çäginde geçiriler.

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistan 2012-nji ýylda BMG bilen hyzmatdaşlygynda geçiren ilat ýazuwynyň netijelerini şu günki güne çenli yglan etmän gelýär. Türkmen häkimiýetleri şol ilat ýazuwynyň netijelerini 2013-2014-nji ýyllarda yglan ediljegini aýdypdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” atly garaşsyz neşir, şol ilat ýazuwynyň netijeleriniň özüne 2015-nji ýylda mälim bolandygyny habar berdi. Maglumata görä, Türkmenistanyň ilaty 2012-nji ýylda 4 751 120 adama barabar bolupdyr.

Türkmenistanda ilatyň sanyna degişli iň soňky resmi sanlar 2006-njy ýylyň iýul aýynda yglan edilipdi, şonda ýurtda ilat sanynyň 6 million 836 500 adamdan ybaratdygy aýdylypdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geçmeginden soň ilat sanyna degişli resmi görkezijiler çap edilmeýär.

Türkmen hökümetiniň 17-nji dekabrda geçiren soňky maslahatynda ýurtda statistikany ösdürmegiň zerurlygy gozgaldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet statistika komitetiniň çap edýän görkezijileri esasan milli ykdysadyýetiň dowamly ösüşini habar berýär.

Soňky 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistan ilatyň arasyndaky ölüm, dogulyş, keselçilik we işsizlik ýaly problemalara degişli görkezijileri çap etmän gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG