Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidenti Germaniýa bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak isleýändigini aýtdy


Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel. 21-nji ýanwar, Germaniýa

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduny uzak ýyllyk üzňelikden çykarmak maksady bilen Germaniýa bardy. Ol bu ýurt bilen bolan gatnaşyklary “duýarlyk derejede täze we ýokary sepgide” ýetirmek isleýändigini aýdýar.

21-nji ýanwarda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we ýurduň beýleki liderleri bilen geçirilen gepleşiklerden soňra eden çykyşynda Mirziýoýew ýakyn gatnaşyklaryň nemesleriň Özbegistanda maýa goýmagyny, şeýle hem tehnologiki hyzmatdaşlygy güýçlendirer diýip umyt edýändigini aýtdy.

Merkel hem öz gezeginde, Germaniýanyň “Özbegistanyň ynamdar partnýory” bolmak isleýändigini mälim etdi.

Aralarynda geçen gepleşiklerden soňra bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Merkel: “Biz öz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary giňeldere köp mümkinçilikleriň bardygyny görýäris” diýdi.

Uzak wagtlap premýer-ministr bolup, 2016-njy ýylyň sentýabrynda awtoritar lider Yslam Kerimowyň aradan çykandygy yglan edileninden soňra prezident bolan Mirziýoýew 30 million çemesi ilatly ýurduň kynçylykly ykdysadyýetini gowulandyrmak maksady bilen Özbegistanyň goňşulary, şeýle hem uzak ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň düýbini tutdy. Ol şol bir wagtda-da, Kerimowyň döwründe adamlaryň gynalmagy we beýleki hukuk bozmalaryň giňden ýaýran ýurdy bolan Özbegistanda reformalary amala aşyrmak üçin ädimler ätdi.

2018-nji ýylyň maýynda “Amnesty International” guramasynyň sebit boýunça direktory Marie Struthers “geçen 18 aýyň içinde häkimiýetler tarapyndan ädilen käbir oňaýly ädimleriň adamy ruhlandyrýandygyny” ýöne “geçmişde adam hukuklarynyň gödek bozulmagyna doly çemeleşmek üçin ýene-de köp işleriň edilmelidigini” nygtady.

Özbek prezidentiniň metbugat gullugynyň bildirmegine görä, Mirziýoýew bilen Merkel syýasat we howpsuzlyk, söwda, tehnologiýa we innowasiýa, maýa goýum, magaryf we medeniýet ugurlarynda pikir alşypdyrlar.

Metbugat gullugy Mirziýoýew bilen Merkeliň ykdysadyýet, söwda, maliýe, magaryf, ylym we innowasiýa boýunça dokuz sany hökümetara we gulluklara dokumentlere gol çekendiklerini hem bildirdi.

“Özbegistan adam hukuklaryny we erkinliklerini üpjün etmek boýunça konstruktiw dialoga, umumy müdiriýet düzgünini aýdyňlaşdyrmak we ýurtdaky korrupsiýany köki-damary bilen ýok etmek boýunça hyzmatdaşlyga açyk” diýip, Mirziýoýew aýtdy.

Iki ýolbaşçy Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň üsti bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk saklamaga gyzyklanma bildirdiler.

21-nji ýanwarda Mirziýoýew Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Steinmeier we ýurduň parlamenti Bundestagyň prezidenti Wolfgang Şäuble bilen duşuşdy.

Mirziýoýew Mýunhende Bawariýanyň premýer-ministri Markus Söder, şeýle hem Germaniýanyň söwda we maliýe sektorlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşanyndan soňra özüniň üç günlük resmi saparyny 22-nji ýanwarda tamamlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG