Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” azatlyga goýberilen liderini ABŞ bilen gepleşiklere çekdi


ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Halilzad

Geçen ýyl Pakistanda tussaglykdan azatlyga goýberilen owgan “Talybanynyň” esaslandyryjylarynyň biri jeňçi toparyň Katardaky syýasy edarasynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Bu Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky dowam edýän 17 ýyllyk urşy gepleşikleriň üsti bilen tamamlamak ugrundaky alyp barýan tagallalaryna gabat geldi.

“Talyban” Molla Abdul Ghani Baradaryň “Birleşen Ştatlar bilen alnyp barylýan gepleşiklere gözegçilik etmek we pugtalandyrmak” maksady bilen bu wezipä bellenendigini 24-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda mälim etdi.

“Reuters” habarlar gullugynyň beren maglumatyna görä, geçen ýylyň oktýabrynda tussaglykdan boşadylan Baradara syýasy topara ýolbaşçylyk etmek we degişli kararlary almak ygtyýarlygy berlipdir. Ol bu maglumatlarda Owganystandaky “Talyban” toparynyň iki çeşmesine salgylanýar.

Baradar “Talybanyň” lideri Molla Haýbatullah Ahunzadanyň üçünji orunbasary wezipesini hem eýelär.

ABŞ 22-nji ýanwarda Katarda jeňçi topary bilen gepleşikleriň dowam etdirendigini aýtdy. ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Halilzad ol ýerde “Talybanyň” wekilleri bilen gepleşikleri geçirýär.

24-nji ýanwarda bu gepleşikler tapgyr dördünji gününe girdi we munuň 25-nji ýanwarda hem dowam edýändigi ýa-da etmeýändigi barada anyk maglumat ýok. Şeýle-de, Baradaryň bu gepleşiklere haçan goşuljakdygy barada hem hiç zat aýdylmaýar.

“Talybanyň” ýokary derejeli resmisiniň “Reuters” habarlar gullugyna aýtmagyna görä, Baradar “ýakynda Katara uçar”.

“Birleşen Ştatlaryň parahatçylyk gepleşiklerine ýokary derejeli “Talyban” resmileriniň gatnaşmagyny isleýändigi sebäpli Baradara bu wezipe berildi” diýip, resmi aýtdy.

Halilzad regionyň ýurtlaryna edýän saparynyň dowamynda geçen hepdäniň ahyrynda Pakistanda bolup, premýer-ministr Imran Han bilen gepleşikleri geçirdi. Halilzad bu saparynyň çäginde Hindistana, Hytaýa we Owganystana sapar edýär.

Birleşen Ştatlaryň wekilleri “Talybanyň” resmileri bilen azyndan dört sany duşuşyk geçirdi, ýöne häzire çenli ýowuzlyklaryň gerimi azalmaýar.

Baradar Mullah Omaryň ýolbaşçylygynda “Talybanyň” ikinji komandiri wezipesini ýerine ýetirdi. Ol 2010-njy ýylda Pakistanyň Karaçi şäherinde tussag edilmezden öň, toparyň Owganystanyň günortasyndaky harby operasiýalaryny sazlaşdyrýardy.

Baradar Halilzadyň ýolbaşçylygynda “Talyban” bilen geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň bir bölegi esasynda boşadyldy diýlip, habarlarda aýdylýar.

Bu aralykda, Owganystanyň günortasynda amala aşyrylan howa zarbasynda bir asuda maşgaladan 16 sany adam öldi diýip, owgan resmisi 24-nji ýanwarda habar berdi.

Howa zarbasy owgan güýçleri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasyndaky güýçli söweşler döwründe Sangin etrabynda amala aşyryldy diýip, Helmand welaýat geňeşiniň başlygy Attaullah Afghan aýtdy.

Ol wakada pida bolanlaryň ählisiniň bir maşgaladandygyny, olaryň arasynda sekiz çaganyň we üç zenanyň hem bardygyny sözüniň üstüne goşdy.

Helmand welaýat häkiminiň metbugat wekili Omar Zwak bu howa zarbasy boýunça derňewleriň başladylandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG