Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň ýadro ýaragly bäş döwletiniň wekilleri Pekinde duşuşýar


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň ýarag kontroly we halkara howpsuzlygy boýunça orunbasary Andrea Tompson we ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo

Birleşen Ştatlar Russiýany we Hytaýy özüniň ýadro programmalary boýunça has köp açyk we aýdyň bolmaga çagyrdy. ABŞ bu çagyryşyny dünýäniň ýadro ýaragly bäş döwletiniň wekilleriniň Pekinde geçirýän duşuşygynyň dowamynda etdi.

30-njy ýanwarda başlan we iki gün dowam etjek konferensiýada ýadro ýaraglarynyň proliferasiýasynyň, ýagny möçberiniň has köp artdyrylmagynyň öňüni almak maksat edinilýär. Bu konferensiýa Pekinden, Moskwadan we Waşingtondan gelen wekillerden başga-da, Londonyň we Parižiň resmileri hem gatnaşýarlar.

Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Russiýa we Birleşen Ştatlar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasydyr we olaryň ählisi hem ýadro ýaragyna eýedir.

Bu duşuşyk Birleşen Ştatlar bilen Sowet Soýuzynyň arasynda baglaşan “Orta aralykly ýadro güýçleri”, şeýle-de INF diýlip bilinýän ylalaşygyň ýatyrylmak howatyrlarynyň fonunda geçirilýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň ýarag kontroly we halkara howpsuzlygy boýunça orunbasary Andrea Tompson konferensiýanyň açylyşynda çykyş edip, Ýadro ýaraglarynyň möçberiniň has köp artdyrylmasyzlygy baradaky şertnamanyň çäginde açyklygy artdyrmak tagallalarynda “birmeňzeş bolmadyk netijeleriň” bolandygyny aýtdy.

“Mundan öň biz hasabatlaryň formatyny taýýarlamak boýunça ylalaşypdyk. Ýöne Birleşen Ştatlar bilen Russiýanyň we Hytaýyň beren hasabatlarynyň arasyndaky boşluk ägirt uly” diýip, Thompson aýtdy.

1987-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Ronald Reagan we sowet lideri Mihail Gorbaçýow tarapyndan gol goýlan “Orta aralykly ýadro güýçleri” (INF) şertnamasy birnäçe, şol sanda 500-den 5500 kilometre çenli aralykly ganatly we ballistik raketalary öndürmegi, synagdan geçirmegi we ýaýbaňlandyrmagy gadagan edýär.

Bu ylalaşyk raketalaryň tutuş bir synpyny ýok edip, oňa Ýewropada we başga ýerlerde ýarag kontrolunyň durnuklylygynyň esasy özeni hökmünde garalýar.

Ýöne häzir Waşington we NATO Russiýany “SSC-8” diýlip tanalýan “9M729” ganatly raketany özleşdirmek arkaly şertnamany bozmakda aýyplaýar.

Moskwa bu raketanyň “Orta aralykly ýadro güýçleri” (INF) şertnamasyny bozýandygyny inkär edýär we öz gezeginde, Birleşen Ştatlary täze ýarag ýaryşyna başlamak üçin ylalaşygy ýatyrmaga synanyşmakda aýyplaýar.

Waşington eger Russiýa şertnamanyň borçlaryny berjaý etmese, onda özüniň 2-nji fewraldan başlap şertnamany bozmak boýunça alty aýlyk prosesi başlatjakdygyny aýtdy.

Bu mesele boýunça Russiýanyň we Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileriniň arasynda şu aýyň başynda Ženewada geçirilen gepleşikler netijesiz tamamlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG