Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa maglumat berdi.
Onuň sözlerine görä, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibindäki esasy soraglar, halkara meseleleriň ençemesi, şeýle-de Kaspi regionyndaky döwletleriň bähbitlerini gozgaýan sebitleýin problemalar maslahat ediler.
Gepleşikleriň dowamynda, türkmen gazynyň Russiýa täzeden iberilmegi barada gürrüňiň edilip-edilmejekdigi barada hiç zat aýdylmady.
Ýogsam, geçen ýylyň oktýabr aýynda 2019-njy ýylyň ýanwaryndan başlap türkmen gazynyň Russiýa eksport edilmeginiň täzeden dikeldilýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy.
Ýatlatsak, Russiýa 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen gazyny satyn almagy bes edipdi.
Zaharowa Lawrow bilen geçiriljek gepleşiklerde “esasy ünsüň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) çägindäki hyzmatdaşlyga gönükdiriljekdigini” hem belledi.
Bellesek, Türkmenistan 2019-njy ýylda GDA guramasyna başlyklyk edýär. GDA agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň geňeşi maýyň aýagynda Aşgabatda geçiriler. Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň geňeşi hem 11-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda geçiriler.
Türkmenistan GDA guramasynyň assosirlenen agzasy bolup durýar. Resmi Aşgabat özüniň hemişelik bitaraplyk statusyna esaslanyp, 2005-nji ýylda GDA guramasynda assosirlenen agza hökmünde galmagy saýlap alypdy.