Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyban, owgan delegasiýasy gepleşikleriň ‘üstünlikli’ bolandygyny aýdyp, gaýtadan duşuşjakdyklaryny aýtdy


Owganystanyň öňki prezidenti Hamid Karzaý

Iki günläp Orsýetde gepleşik geçiren “Talyban” wekilleri bilen öňki prezident Hamid Karzaýyň ýolbaşçylygyndaky owgan delegasiýasy özleriniň “owganara” dialogyny “basym” Katarda dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.

5-6-njy fewralda Moskwada geçen iki günlük gepleşiklerde – aralarynda Kabuldaky häzirki hökümetiň wekilleri bolmasa-da – 40-a golaý owgan syýasatçysyna Karzaý ýolbaşçylyk etdi.

Owganystanyň “ToloNews” telekanalynyň bildirmegine görä, taraplar bilelikde beren bir beýanatynda Kataryň paýtagty Dohada gaýtadan duşuşmak barada ylalaşandyklaryny aýdypdyrlar. “Talybanyň” bu ýerde ýarym resmi edarasy bar.

Moskwada geçen duşuşyk Birleşen Ştatlar bilen “Talybanyň” wekilleriniň arasynda parahatçylyk boýunça Dohada barýan gepleşikleriň ähmiýetiniň has artýana mahalyna gabat gelýär.

Planlaşdyrylyşyna görä, Amerikanyň we “Talybanyň” wekilleri 25-nji fewralda Dohada duşuşarlar. Ýaňy golaýda Birleşen Ştatlaryň Owganystan barlyşygy boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad parahatçylyk ylalaşygynyň esasy ugurlary hakda ýarym harbylar bilen razylaşylandygyny bildirdi.

Moskwada geçen duşuşyga gatnaşmadyk Halilzad Owganystanyň parahatçylyk prosesiniň ýagdaýy hakda 8-nji fewralda Waşingtonda maglumat berer.

Karzaý Moskwa duşuşygyndan soňra gepleşikleriň “juda kanagatlanarly” bolandygyny aýtdy.

Owgan hökümetiniň hiç bir wekili gatnaşmasa-da, Moskwa duşuşygyna “owganara” parahatçylyk prosesiniň bir bölegi diýlip baha berilýär.

Ýöne “ToloNews” telekanalynyň bildirmegine görä, owgan prezidenti Aşraf Gani duşuşygy tankytlap: “Oňa gatnaşýanlar garaşsyz şahsyýetler” diýdi.

“Jenap Karzaý Moskwadan geleninde näme getirenini göreris ... men oňa üstünlik arzuw edýärin” diýip, Gani aýtdy.

Karzaý Moskwa gepleşiklerinde esasy meseläniň Owganystanyň çet ýurtly güýçlerden erkin bolmagy hakda bolandygyny belläp, “bu meselede ylalaşyga ýakynlaşyldy” diýdi.

Moskwada 10 agzaly “Talyban” delegasiýasyna ýolbaşçylyk eden Şer Mohammad Abbas Stanikzaý hem duşuşyk “gaty üstünlikli” boldy diýdi.

Ol žurnalistlere: “Biz köp babatlarda ylalaşdyk, geljekde ýene üstünlikli ileriläp, ahyr-soňy bir çözgüde bararys, Owganystanda doly asudalygy tapyp bileris diýip umyt edýärin” diýdi.

Şeýle-de, Stanikzaý amerikan ýaragly güýçleriniň Owganystandan çekilmegi barada entek bellenen bir wagt aralygynyň ýokdugyny, bu mesele boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG