Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan Mary DES-indäki turbinalary döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär


Ýaşaýjylar elektrik energiýasynyň üpjünçiligindäki näsazlyklary infrastrukturanyň könelişmegi we kämilsizligi bilen düşündirýärler.

Türkmenistanyň prezidenti Mary döwlet elektrik stansiýasy üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny, enjamlary, materiallary we himiki serişdeleri satyn almagy rugsat berdi.

1-nji martda geçirilen Minstrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Dädebaý Amangeldiýew 1973-nji ýylda gurlan elektrik stansiýasynyň çäklerinde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň ulanylmaga berilmegi bilen, elektrik stansiýasynyň öňki hereket edýän bölegindäki bug turbinalarynda tapgyrlaýyn abatlaýyş işlerini geçirmek mümkinçiliginiň dörändigini aýtdy.

Türkmen resmisi zerur ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almagyň “Çalyk Enerji Sanayi ve Tijaret A.Ş” kompaniýasyna ynanylandygyny mälim etdi. Emma, munuň bilen baglylykda çykaryljak pul serişdeleri aýdyňlaşdyrylmady.

Abatlaýyş işleri geçirilenden soňra, stansiýanyň kuwwatynyň 650 megawatdan 1000-1200 megawata çenli artjakdygy, şunuň netijesinde, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak üçin mümkinçilikleriň dörediljekdigi habar berildi.

Şol bir wagtda, munuň ýurduň içerki elektrik üpjünçiligine nähili täsir ýetijrekdigi barada hiç zat aýdylmady.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ilatyň elektrik togunyň ençeme wagtlap kesilmegi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýändigi barada yzygiderli habar berip gelýär. Häkimiýetler munuň sebäplerini ilata köplenç düşündirmeýärler.

Ýaşaýjylar elektrik energiýasynyň üpjünçiligindäki näsazlyklary infrastrukturanyň könelişmegi we kämilsizligi bilen düşündirýärler.

Galyberse-de, geçen ýyl ýurtda ilata suwuň, gazyň we elektrik togunyň belli bir möçberdäki mugtçulygy hem ýatyrylypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG