Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň we Orsýetiň generallary Wenada Siriýadaky ýagdaýy maslahatlaşýar


Amerikan generaly, harby ýolbaşçylaryň baş ştabynyň başlygy Joseph Dunford we Orsýetiň baş harby ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow
Amerikan generaly, harby ýolbaşçylaryň baş ştabynyň başlygy Joseph Dunford we Orsýetiň baş harby ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow

Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň ýokary derejeli generallary Siriýadaky ýagdaý boýunça pikir alyşmak maksady bilen duşuşýarlar. Taraplar Eýran we Türkiýe bilen birlikde, bu ýurtda sekiz ýyl bäri barýan raýat urşuna harby taýdan ilteşikli bolup gelen ýurtlardyr.

Birigen harby ýolbaşçylaryň sözçüsiniň aýtmagyna görä, amerikan generaly, harby ýolbaşçylaryň baş ştabynyň başlygy Joseph Dunford bilen Orsýetiň baş harby ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow 4-nji martda Wenada geçýän duşuşykda möhüm saýylýan beýleki meseleleri-de ara alyp maslahatlaşarlar.

Sözçi polkownik Patrick Ryder beren maglumatynda şeýle diýdi: “Iki harby ýolbaşçy Siriýadaky koalisiýa we rus operasiýalarynyň bir-birine çapraz gelmezligi barada maslahat ederler, şeýle hem Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasyndaky harby gatnaşyklaryň durumy we Ýewropadaky häzirki halkara howpsuzlyk ýagdaýy we beýleki esasy meseleler hakda pikir alşarlar”.

Dekabr aýynda prezident Donald Tramp Amerikanyň 2000 esgerini Siriýadan çykarmagy maksat edinýändigini yglan etmek bilen amerikan kanun çykaryjylaryny we halkara ýaranlaryny geň galdyrdy. Prezident “Yslam döwletiniň” jeňçileri ýeňildi, esgerlere indi zerurlyk ýok diýdi.

Respublikanlar we demokratlar, şeýle hem çet ýurtly resmiler Trampyň bu kararyny tankytlap, ony ýaragly güýçleriň çekilmeginiň gyssanmaç planlaşdyrylmagy diýip atlandyrsa, köp adamlar kürt ýaranlaryň türkleriň rehim-şepagatyna tabşyrylmagy we ýeňşiň Orsýet bilen Eýranyň eline berilmegi diýdiler.

Öten aý Ak tam özüniň amerikan esgerleri baradaky planlaryny aýdyňlaşdyryp, kürtleri goramaga kömek üçin 400 sany “parahatçylyk” esgerini Siriýada galdyrjakdygyny aýtdy.

Orsýet, Eýran bilen birlikde, Siriýanyň ýedi ýyllyk raýat urşunda ýurduň prezidenti Başar al-Assady tutanýerlilik bilen goldap geldi. Birleşen Ştatlar bilen Türkiýe hem dürli gozgalaňçy toparlary goldadylar.

2014-nji ýylda Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen özüne birikdirmegi, şeýle hem Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleri goldamagy Moskwa bilen Waşingtonyň we olaryň harbylarynyň arasyndaky gatnaşyga agyr şikes ýetirdi.

Dunford bilen Gerasimow 2018-nji ýylda wagtly-wagtynda duşuşyp, dartgynlygy gowşatmaga we habarlaşyk işlerini gaýtadan ýola goýmaga synanyşdylar.

Birleşen Ştatlaryň Sowuk uruş döwrüne degişli Orta aralykly ýadro güýçleri baradaky ylalaşykdan – INF-den – çekilmegi barada hem iki ýurduň arasynda dawa-jenjel bar. Waşington Moskwa bu geleşigiň şertlerini bozýar diýýär.

Bu aýyplamalary ret edýän Orsýet hem INF-den çekilýändigini aýtdy. Bu şertnama boýunça iki ýurda 500-1500 kilometr aralykly ýerden atylýan ganatly ýa ballistik raketalary ösdürmek we öndürmek gadagandy.

XS
SM
MD
LG