Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talybanyň” başlygy Özbegistanyň parahatçylyk tagallalaryny gowy garşy aldy


Owganystanyň Balh welaýatyndaky Haýratan sebitinde ýerleşýän Owganystan-Özbegistan dostluk köprüsi

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi “Talyban” güýçleriniň Katardaky edarasynyň başlygynyň Owganystanda parahatçylyk prosesini ilerletmek üçin Daşkent bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirendigini aýdýar.

5-nji martda ministrlik tarapyndan çykarylan beýannamada aýdylmagyna görä, owgan “Talybanynyň” düýbini tutanlaryň biri bolan Mullah Gani Baradar Özbegistanyň Owganystanyň energiýa, transport we magaryf pudaklaryna gerekli infrastrukturany dikeltmäge kömek üçin edýän tagallalaryny-da gutlapdyr.

Bu beýannama Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen Baradaryň arasynda Kataryň paýtagty Dohada geçen duşuşykdan soňra çykaryldy. “Talybanyň” wekilleri bilen Birleşen Ştatlaryň wekilleriniň arasynda owgan parahatçylyk prosesiniň çägindäki duşuşyk hem şu ýerde geçýar.

Özbek Daşary işler ministrligi Baradaryň “Özbegistan tarapyndan alnyp barylýan infrastruktura proýektleri Owganystanyň diňe ykdysady ösüşini ilerletmek bilen çäklenmän, eýsem ýurtda giň gerimli syýasy prosese başlamak üçin hem gerekli şertleri döreder diýip belländigini” aýdýar.

Ministrlik şeýle hem Owganystanyň ahyrsoňy Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasynda “ynam we hyzmatdaşlyk köprüsine” öwrülmegine umyt bildirýär.

Kamilow bilen Baradar arasyndaky gepleşikler Özbegistan bilen “Talybanyň” wekilleri arasynda geçen iň ýokary derejeli resmi duşuşyklardyr.

Bu duşuşyklar “Talybanyň” wekili Şer Mohammad Abbas Stanekzaýyň 2018-nji ýylyň awgust aýynda Özbegistana eden saparyndan soňra ýol aldy.

2018-nji ýylda owgan hökümeti Özbegistanyň “Haýratan” serhet terminalyny demirgazyk owgan şäheri Mazar-e Şerife birikdirmek boýunça 75 kilometrlik demir ýoluň gurluşygy barada Özbegistan bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi.

Bu proýekt iki ýurduň arasyndaky söwda işlerine ykdysady taýdan güýçli täsir eder diýip garaşylýar, sebäbi Özbegistandan Owganystana edilýän importyň takmynan ýarpysy Haýratandan geçýär.

Aziýanyň Ösüş banky bu proýekt serhetiň söwda güýjüni dört esse artdyrar diýip çaklaýar.

Galyberse-de, Özbegistan ýurduň günortasyndaky Surhan obasyndan Owganystanyň Baglan welaýatynda ýerleşýän Pul-e Humrä 500 kilowat elektrik energiýasyny ýetirmäge ukyply liniýanyň gurluşygyna Owganystana kömek diýip, 32 million dollar goşant goşýar.

“Özbekenergonyň” ýerine ýetiriji müdiri Ulugbek Mustafaýewiň bellemegine görä, 260 kilometrlik liniýa Özbegistanyň Owganystana edýän elektrik eksportyny 70 prosente çenli artdyrar.

Tamamlanýança edilmeli çykdajy 150 million dollar çemesi bolar diýip çaklanýan proýekte Aziýanyň Ösüş banky 70 million dollar bermegi wada etdi.

Mustafaýew iň soňunda proýektiň özbek energiýasynyň Pakistana eksport edilmegine peýdaly bolup çykmagy mümkin diýýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG