Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda Hytaýdaky etniki gazaklaryň meselelerini gozgan aktiwist öý tussaglygyna ýerleşdirildi


Serikžan Bilaş
Serikžan Bilaş

Gazagystanda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitindäki etniki gazaklaryň meselelerini gün tertibine getiren toparyň tussag edilen ýolbaşçysy türmeden öý tussaglygyna ýerleşdirildi.

Serikžan Bilaşyň aklawçysy Aiman Omarowanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, onuň müşderisine milli bölünişigi öjükdirmek aýyplamasy bildirilipdir. Bilaş iki aý möhlet bilen Astanada öý tussaglygyna ýerleşdirildi.

“Serikžanyň öýi Almatyda. Ýöne, derňewiň Astanada geçýändigi sebäpli, ol iki aýlap paýtagtda saklanar” diýip, Omarowa belledi. Bilaşyň anyk nirede saklanjakdygy bata-bat mälim edilmedi.

Bilaşyň Atažurt Eriktileri, ýagny Ata-Watanyň Meýletinçileri toparynyň metbugat wekili Kaýrat Baýtollanyň sözlerine görä, Bilaşa derňew bilen hyzmatdaşlyk etmek barada görkezme berilipdir.

Bilaş 10-njy martda Almatyda tussag edilip, soňy bilen-de Astana aşyrylypdy. Şol gün Atažurt Eriktileri toparynyň Almatydaky baş edarasynda gözleg işleri hem geçirilipdi.

Gazagystan bilen serhetleşýän Şinjiang sebitinde doglan Bilaş gazak raýatlygyna kabul edilipdi.

Soňky aýlaryň dowamynda ol Şinjiangdan gelen etniki gazaklary toplap, öz ýakynlarynyň Hytaýyň “täzeden terbiýeleýiş lagerleri” diýlip atlandyrylýan sebitlerinde saklanýandygyny aýdyp, nägileligini bildiripdi.

Fewralda Almatynyň sudy Bilaşy hasaba alynmadyk guramany dolandyrmakda günäli tapyp, oňa 252 müň tenge, ýagny 670 dollar möçberinde pul jerimesini salypdy.

Sud diňlenişiginiň dowamynda Bilaş özüniň günäsizdigini aýdyp, toparyň Şinjiangdaky etniki gazaklaryň hak-hukuklaryny goramagyny dowam etdirjekdigini belledi. Ol öz toparyny Adalat ministrliginde hasaba aldyrmak üçin ýene synanyşjakdygyny hem sözüne goşdy.

Geçen ýylyň awgustda BMG Hytaýyň “terrorçylyga garşy merkezlerinde” milliona golaý şinjiangly musulmanyň, aglaba uýgurlaryň saklanýandygyny aýdypdy. BMG başga-da millionlarça adamyň täzeden terbiýeleýiş lagerlerine mejbur edilýändigini belläpdi.

12-nji martda ABŞ-nyň halkara din azatlygy boýunça ilçisi Sam Brownbak şinjiangly musulmanlaryň lagerlerde saklanylmagyny “aýylganç ýagdaý” diýip häsiýetlendirdi.

Ol tussag etmeler boýunça garaşsyz derňewi geçirmäge, şeýle-de saklanýanlary azatlyga goýbermäge çagyrdy.

Hytaý özüne bildirilýän aýyplamalary inkär edip gelýär.

XS
SM
MD
LG