Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek resmisiniň Muhammet pygamber barada eden çykyşyndan soň, onuň öýi gije-gündiz goralýar


Nargiza Ahmedowa
Nargiza Ahmedowa

Özbegistanyň ýörite gulluklary ýurduň resmisiniň Muhammet pygamber barada ätiýaçsyzlyk bilen eden çykyşyndan soň, onuň öýüni gije-gündiz gorag astynda saklaýarlar.

Özbegistanyň prezidentiniň administrasiýasynyň ýanyndaky Informasiýa we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça gullugynyň direktorynyň orunbasary Nargiza Rahimowa (Gyz wagtyndaky familiýasy: Saidowa) janyna howp abanýandygy sebäpli mejbury iş rugsadyna goýberildi. Bu barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna ýurduň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmeleri we agzalýan resminiň kärdeşleri habar berdiler.

Dört çaganyň ejesi 35 ýaşyndaky Nargiza Rahimowa Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda musulmanlarda köpaýallylyk barada gozgalan tema boýunça ätiýaçsyzlyk bilen öz garaýşyny galdyrdy. Şondan soňra ol internet-trollary, ýagny Internetde agzalalyk döretmek we temadan ünsi sowmak maksady bilen hereket edýän ulanyjylar hem-de dini seksiýalaryň wekilleri tarapyndan yzarlanyp, oňa azar berildi.

Ähli zat 8-nji martda, haçanda Haýot Bahtiýor Ogly atly okyjy köpaýallylygy gorap, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň Facebook sahypasynda teswir galdyran mahaly başlady.

“Diňe bir aýalyna-da öz diýenini etdirip bilmeýän erkek-sumaklar bilen köpaýallylyga garşy çykyş edýän, öz ärleriniň depesinde, hamana diýersiň, eşegiň üstünde oturan şermende aýallardyr” diýip, Haýot Bahtiýor Ogly ýazdy.

Nargiza Rahimowanyň bu teswire jogap bermegi uzaga çekmedi.

“Biziň pygamberimiz ejemiz Hatyja aýatda mahaly ikinji gezek öýlenmedi. Men bilmedim, belkem, şol wagty ol erkek-sumak bolandyr, belkem, biziň ejemiz Hatyja şermende bolandyr, munysiz gowy bilýärsiňiz. Hezreti Aly hem ejemiz Patma aýatda mahaly ikinji gezek öýlenmedi. Elbetde, bu ýagdaý örän gülkünç” diýip, özbek resmisi Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň Facebookdaky sahypasynda ýazdy.

Mundan soň, sosial ulgamlarda hökümet resmisine gönükdirilen onlarça teswir, wideo ýazgy we beýanatlar peýda boldy.

Internet ulanyjylarynyň käbirleri oňa ölüm haýbatyny atdy.

Mysal üçin aýtsak, Abduwali Ganiýew atly ulanyjy Nargiza Rahimowany “kesmäge” ýa-da ony “dilinden asmaga” çagyryş etdi. Husaýinboý Ýuldoşboýew atly ulanyjy bolsa, özbek resmisiniň “elini, aýagyny we dilini kesmegi” we “gözüni oýmagy” teklip etdi.

​Sosial ulgamlarda diňe Nargiza Rahimowanyň özüne däl, eýse onuň adamysyna we çagalaryna hem haýbat atyldy.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň Özbegistanyň kanun goraýjy organlaryndaky ýokary derejeli çeşmesiniň aýtmagyna görä, häzirki wagt ýurduň ýörite güýçleri özbek resmisine garşy zorluklara çagyryş edýän teswirleriň awtorlaryny anyklamak işlerine başlady.

9-njy martda Azon TW telekanalynda Nargiza Rahimowanyň wideo arkaly eden çykyşy peýda boldy we ol bu ýagdaýy “düşünişmezlik” diýip atlandyrdy.

“Men, Hudaýyň adaty bir guly hökmünde, şunça galagop çekeleşigi döreden öz garaýyşlarym üçin ähli musulmanlardan çyn ýürekden ötünç sorasym gelýär” diýip, Rahimowa özüniň wideo arkaly eden çykyşynda aýtdy.

Nargiza Rahimowa
Nargiza Rahimowa

Internet ulanyjylary tarapyndan edilen hüjümler sebäpli Nargiza Rahimowa sosial ulgamlardaky ähli hasaplaryny pozmaga mejbur boldy.

“Fergana” neşiriniň ýazmagyna görä, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň wirtual kabulhanasyna Rahimowany jezalandyrmak we ony işden çetleşdirmek baradaky ýüzlenmeleriň ýüzlerçesi gelip gowuşypdyr.

Internet-trollary boýunça ekspertler hamana, hakykatda Rahimowanyň öz aýdanlaryna ökünmeýändigini we aýdylanlaryň garşysyna çykyş edýänleri paňkelle diýip atlandyrýandygyny habar berýän galp internet hasaplarynyň ençemesiniň üstüni açdylar.

Telegram sosial ulgamyndaky özbek dilindäki kanallarda “hakyna tutulan” trollaryň işjeňligi barada çap edilen maglumatlar peýda boldy. Onda özbek resmisine garşy bir meňzeş mazmunda ýazylan tekstleriň skrinşotlarynyň, ýagny ekranyň ýüzünden alnan suratlarynyň onlarçasy delil hökmünde görkezilýär diýip, habar gullugy ýazýar.

Bu mesele boýunça Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Dini meseleler boýunça komitet çykyş etdi.

Komitetiň beýanatynda Nargiza Rahimowanyň ady agzalmaýar. Şol bir wagtda-da, onda “raýatlaryň dini duýgylaryny kemsitmegiň, ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, jezalandyrylmagyna getirýändigi” aýdylýar.

XS
SM
MD
LG