Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda MHM-niň işgärleri telefonynda surata düşürýän adamlary gözleýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşogzuň bazarlarynda ýurduň ýörite gulluklarynyň raýat eşigindäki işgärleriniň telefonynda surata ýa-da wideo düşürýän adamlary saklap, polisiýa merkezine alyp gitmek çäresi güýçlenýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Geçen hepde bazarda raýat eşigindäki organ işgärleri meniň gözümiň öňünde bir ýaşaýjynyň surata ýa-da wideo düşürýändigini aýdyp, ony sakladylar. Ol oglan bir hili boldy we ony bir ulaga mündürip, wakanyň bolan ýerinden alyp gitdiler. Onuň surata ýa-da wideo düşürendigini takyk aýtmak kyn, ýöne bu waka gök-bakja önümleriniň satylýan tekjesiniň golaýynda boldy. Belkem ol owadan suratlary düşürýändir” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy 14-nji martda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda wakanyň Daşogzuň haýsy bazarynda bolandygy barada anyk maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Şeýle-de, habarçy telefonynda surata düşüreni ýa-da onda Türkmenistany “masgaralaýan” suratlaryň tapylandygy üçin adamlaryň saklanandygy we olaryň polisiýa merkezine alyp gidilendigi barada özüne ýygy-ýygydan maglumatlaryň gelip gowuşýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Şeýle çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Howpsuzlyk işgärleri Türkmenistandan Azatlyk Radiosyna ýa-da beýleki saýtlara surat ýa-da wideo ugradýan adamlary gözläp başladylar. Hatda mekdeplerde ýa-da ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentleriň, okuwçylaryň hem telefonlaryny barlaýarlar” diýip, habarçy belledi.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda ýurduň howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň bazarlara we mekdeplere, şeýle-de ýokary okuw jaýlaryna gözegçiligi güýçlendirendigi barada Azatlyk Radiosy birnäçe gezek habar berdi.

13-nji martda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň raýat egin-eşigindäki işgärleriniň Gök bazarda ýa-da onuň töwereginde telefonynda surata düşürýän adamlary saklaýandygy we olary polisiýa merkezine alyp gidýändigi mälim boldy.

1-nji fewralda Azatlygyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň Aşgabadyň mekdeplerine duýdansyz aýlanyp, okuwçylaryň mobil telefonlaryny barlaýandygyny habar beripdi.

Habarçy şeýle barlaglaryň biriniň Aşgabadyň Gaudan “W” etrapçasyndaky 18-nji mekdepde geçirilendigini we telefonyndan Fransiýadaky sary keltekçelileriň suraty çykan okuwçylaryň biriniň ýüzüne şarpyk çalynandygyny we bada-bat soraga çekilendigini, waka şaýat bolanlara salgylanyp gürrüň berdi.

28-nji ýanwarda bolsa, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň studentlerinden gyşky dynç alyş möwsümi döwründe mobil telefonlary ulanmajakdyklary, Internetden peýdalanmajakdyklary hakynda dil haty alyndy.

Türkmenistanlylaryň we synçylaryň ençemesi ýurduň howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan amal edilýän bu çäreleri adamlaryň maglumat almak ýa-da edinmek hukuklarynyň gös-göni depelenmegi diýip häsiýetlendirýärler.

Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklarynyň amal edýän bu çäreleriniň fonunda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerlere ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerini internet ulgamyna birikdirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.

“Täze tehnologiýalary ulanmagyň, welaýatlarda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetini wagyz etmek zerurdyr” diýip, prezident 7-nji martda geçiren hökümet maslahatynda aýtdy.

Halkara guramalarynyň metbugat we internet azatlygy boýunça çap edýän ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan ýylyň-ýylyna tankyt edilip, dünýäde iň ýaramaz görkezijilere eýe ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG