Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Krymyň Orsýete ‘birikmeginiň’ bäş ýyllygyny bellemek üçin ýarymada sapar edýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň portretini göterip duran krymly ýaşaýjy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň portretini göterip duran krymly ýaşaýjy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň Ukrainanyň Gara deňziň kenaryndaky ýarymadasynyň Russiýanyň bir bölegi bolmagy diýýäniniň 5-nji ýyldönümini bellemek üçin 18-nji martda Kryma sapar edýär.

Kremliň 17-nji martda aýtmagyna görä, Putin ýarymada we onuň port şäheri Sewastopola baryp, Krymyň Russiýa“birikmeginiň” bäş ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşar.

Kiýew bilen günbatar döwletleri tarapyndan “bikanun” anneksiýa diýlip tankytlanan bu hereket rus şahsyýetleriniň we kompaniýalarynyň garşysyna sanksiýalaryň girizilmegine getirdi.

Rus esgerleri ýarymadany öz kontrollygyna geçirip, referendum geçirenlerinden soňra Putin 2014-nji ýylyň 18-nji martynda bir ylalaşyga gol çekdi. Moskwa Ukrainanyň Krym regionynyň bu şertnama laýyklykda, Russiýa birigendigini aýdýar. Geçirilen referendumy bolsa, halkara arkalaşygy ykrar etmeýär.

Bu ýylky ýyldönüminiň öňýanynda, Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogerini Kremli Krymy “bikanun” özüne birikdirmegi sebäpli ýiti tankytlap, bileleşigiň Ukrainanyň özygtyýarlygyna we toprak bütewiligine ygrarlydygynyň “üýtgewsizdigini” gaýtalady.

Mogerini 17-nji martda bir beýanatda Krymyň basylyp alynmagy “halkara howpsuzlygyna göni garşy çykmak we ähli döwletleriň toprak bütewiligini, bölünmezligini, özygtyýarlygyny goraýan halkara kanuny düzgün üçin agyr netijeli işdir” diýdi.

Mogerini Moskwany Krymda adam hukuklaryny bozmakda aýyplap, ýarymadanyň ýaşaýjylary “düýp erkinlikleriň sistemalaýyn çäklendirilmegine sezewar edilýär”, krymly tatarlaryň hukuklary “gödek bozulýar” diýdi.

15-nji martda Birleşen Ştatlar Ýewropa Bileleşigi we Kanada bilen birlikde, Russiýanyň “Ukrainada dowam edýän agressiýasyna” jogap edip, ýurduň ençeme resmisiniň we söwda guramalarynyň garşysyna täze sanksiýalary girizdi.

Ukrain hökümetiniň güýçleri 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri ýurduň gündogar regionlary bolan Donetsk we Luhanskda Russiýa tarapyndan goldalýan separatistlere garşy söweş alyp barýar. Bu konfliktde 13 müň çemesi adam öldi. Olaryň dörtden biri parahat ilatdan ýaşaýjylardy.

2018-nji ýylyň noýabrynda Russiýa Azow deňzini Gara deňze birikdirýän Kerç bogazynyň golaýynda Ukrainanyň üç gämisini 24 ekipaž agzasy bilen birlikde ele saldy. 24 deňizçi şindi-de Moskwada saklanýar.

Planlaşdyrylyşyna görä, Putin 18-nji martda – rus resmileri tarapyndan Krymyň Russiýa gaýtadan birigen güni diýip yglan edilen gün Sewastopola eden saparynda täze elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşar diýlip, Kremliň bir beýannamasynda bellenýär.

Putin Sewastopolyň Krym urşunda, şeýle-de Ikinji Jahan urşunda alyp baran goranyş hereketlerine bagyşlanan Malahow Kurgan hatyra toplumyna-da barar. Şeýle hem wideoşekilli Krymyň paýtagty Simferopolda bir elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Sewastopoldaky we Simferopoldaky elektrik stansiýalary halkara derejesindäki skandala öwrüldi. German kompaniýasy “Siemensiň” aýtmagyna görä, onuň güýç turbinalary kompaniýadan habarsyz oturdylypdyr. Bu Ýewropa Bileleşiginiň Kryma energiýa tehnologiýasyny berilmesiz eden gadagançylygynyň bozulmagydyr.

2017-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi turbinalaryň Russiýanyň basyp alan regionyna geçirilmegi sebäpli rus kompaniýalarynyň we şahsyýetleriniň garşysyna girizen sanksiýalaryny giňeltdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi bolsa, bu karary “dostlukly we adalatly däl” göçüm diýip atlandyrdy.

2014-nji ýylda Krymyň basylyp alynmagy sebäpli halkyň arasynda Putine bolan ynam we goldaw aşa artypdy. Ýöne bu ynam dowam edýän ykdysady kynçylyklar netijesinde soňky aýlarda aşaklap ugrady.

Russiýada ýigrimi ýyl bäri syýasata Putin agalyk edýär. Ol ýa prezident ýa-da premýer-ministr bolup işledi. 66 ýaşly Putin 2018-nji ýylda alty ýyl möhlet bilen gaýtadan prezidentlige saýlandy. Tankytçylar ol öz güýç-gudratyny syýasy oppozisiýany we başgaça pikirlenýänleri basyp ýatyrmak bilen saklaýar diýýärler.

XS
SM
MD
LG