Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý we Poroşenko prezidentlik ugrunda ikiçäk dalaşa tarap barýana meňzeýär


Ukrainanyň häzirki prezidenti Petro Poroşenko we wäşi we täze syýasatçy Wolodymyr Zelenskiý
Ukrainanyň häzirki prezidenti Petro Poroşenko we wäşi we täze syýasatçy Wolodymyr Zelenskiý

Orsýet tarapyndan goldalýan separatistlere we Moskwanyň ýurduň saldamly bölegini basyp almagyna garşy söweş alyp barýan, gowşak ykdysadyýet we korrupsiýanyň giňden ýaýran ýurdunda wäşi we syýasata ýaňy goşulan Wolodymyr Zelenskiý bilen häkimiýet başyndaky Petro Poroşenko prezidentlik ugrunda ikiçäk dalaşa tarap barýana meňzeýär.

31-nji martda geçen saýlawda seslerň 50,4 prosenti sanalyp, ýaryna golaýy entek sanalmadyk hem bolsa, Merkezi saýlaw komissiýasy Zelenskiýniň sesleriň 30,2 prosentini gazanandygyny bildirdi.

Poroşenko 16,7 prosent bilen ep-esli yzda, ondan soňra hem öňki premýer-ministr Ýulia Tymoşenko bar. Ol sesleriň 13,1 prosentini gazandy.

Üç sany biri-birinden aýry pikir soralyşyklar Zelenskiýniň gazananlaryny azyndan 30 prosent diýip görkezýär. Ähli pikir soralyşyklaryň görkezmegine görä, Poroşenko takmynan 18 prosent bilen ikinji, Tymoşenko hem 14 prosent töweregi bilen üçünji orunda durar.

Resmi netijeleriň 1-nji aprelde giçlik yglan edilmegine garaşylýar.

Kandidatlaryň hiç biri sesleriň 50 prosentini gazanyp bilmese, 21-nji aprelde öňde baryjy iki dalaşgäriň arasynda güýç synanyşygy geçer. Onsoň ukrainler syýasatçylaryň üstünden gülüp, tomaşa biznesini hünär edinen täze syýasatçyny ýa-da para-peşgeş we ykdysady kynçylyklar sebäpli iliň gözünden düşen häzirki prezidenti saýlamaly bolarlar.

41 ýaşly Zelenskiý ses berişlik tamamlananyndan az salym soňra partiýasynyň Kiýewdäki edarasynda: “Bu gün korrupsiýasyz täze durmuş başlanýar” diýdi.

Ol “az-kem alada edinendigini” boýun alyp, žurnalistlere: “Bu uly ýeňşe tarap ädilen diňe ilkinji ädimdir” diýdi.

53 ýaşly tukat Poroşenko bolsa, pikir soralyşygyň netijelerinden soňra özünde “şatlyk” duýgusynyň galmandygyny mälim etdi.

Ol paýtagtdaky kampaniýasynyň merkezinde şeýle diýdi: “Bu meniň üçin we tutuş häkimiýetler üçin bir sapakdyr, goýberen ýalňyşlyklarymyzyň üstünde işlemek üçin bir delildir”.

Ol şol bir wagtyň özünde-de, ahyrky pikir soralyşyklardan oňaýlyrak netije çykarmaga synanyşyp, özüniň ikinji tapgyrda bolmagyny Orsýetiň islemändigini aýtdy.

“Dostum, bu gün siz – ukrainler, biz – ukrainler Orsýetiň birinji tapgyr sahnasyny owratdyk, sebäbi olaryň ikinji tapgyrda görmek islemeýän adamy Poroşenkody. Bu bütenliý şowsuzlyga uçrady” diýip, ol aýtdy.

Poroşenko ýurdy Ýewropa Bileleşigine we NATO ýaranlygyna integrirlemek ugrunda basyş etdi. Ol ýurduň gündogarynda Orsýet tarapdan goldanylýan separatistlere garşy söweş alyp barýan harbylary güýçlendirdi.

Poroşenko ýaş ukrainleri ikinji tapgyrda goldawa çagyrsa-da, olaryň ses berişligiň aňyrsyndaky “protest” habary eşidildi diýdi.

“Siz ýurtda bolýan özgerişleri görýärsiňiz, ýöne olaryň çalt, çuň we ýokary hilli bolmagyny isleýärsiňiz. Siziň protestiňiziň aňyrsyndaky sebäplere düşündim” diýip, Poroşenko aýtdy.

Ol syýasatda tejribesiz Zelenskiýni wezipä, aýratyn-da, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen iş salyşmaga taýýarlyksyz diýip häsiýetlendirmäge synanyşdy.

Putin “Ukrainanyň prezidentiniň ýumşak, çeýe, gülküli, tejribesiz, gowşanak, ideologik taýdan şekilsiz, syýasatda tejribesiz bolmagyny arzuwlaýar. Biz oňa şu mümkinçiligi dogrudan bermekçimi?” diýip, Poroşenko adamlara sorag berdi.

Tymoşenkonyň kampaniýa topary hem öz pikir soralyşyklarynyň ony ikinji orunda görkezýändigini aýdýar.

Adamlar ses berip bolanlaryndan soň, Tymoşenko öz tarapdarlaryny, saýlaw merkezlerine gidip, sesleriň dogruçyllyk bilen sanalmagyny üpjün etmäge çagyrdy.

2004-05-nji ýyllarda Mämişi rewolýusiýanyň ýolbaşçylarynyň biri bolan 58 ýaşly Tymoşenko şowsuzlyga uçran prezidentlik saýlawyndan ylham alyp, Poroşenkonyň garşysyna berk kampaniýa alyp bardy. Öýlerde ýakylýan gazyň bahasyny aşakladyp, pensiýa haklaryny ep-esli artdyrmagy wada berdi.

Ukrainler we daşary ýurtlylar saýlawda ýeňiji bolan kim hem bolsa, onuň rus gazynyň esasy geçiş ýoly we Kremli jylawlamakda Günbatar tarapyndan edilýän tagallalarda ýaran bolan ýurda gerekli durnuklylygy we reformalary getirmegini umyt edýärler.

Ukrainanyň Içeri işler ministrligi saýlawda bidüzgünçilikleriň bolandygy hakda özüne 1600-den agdyk şikaýatyň gelip gowuşandygyny aýtdy. Bular saýlaw merkezlerinde rugsat edilmedik kampaniýalar, saýlawçylara para bermek boýunça edilen synanyşyklar we saýlaw býulletenleriniň aradan aýrylmagyndan ybaratdyr.

XS
SM
MD
LG