Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän etrabynda aldym-berdimli söweş barýar


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri

Demirgazyk-günbatar Owganystanyň Badgyz welaýatynyň iki etrabynda aldym-berdimli söweş barýar. Abykemri etrabyny Talyplar basyp aldy. Balamurgap atly etrabyň hem polisiýa edarasy jeňçileriň eline geçdi.

Abykemri etrabynyň edara jaýlaryny we beýleki döwlet edaralaryny talyplar otlapdyrlar. Balamurgap etrabynyň hem bazary jeňçileriň eýeçiligine geçipdir.

Badygyz welaýatynyň welaýat geňeşiniň başlygy, deputat Abdyl Eziz Begiň aýtmagyna görä, Balamurgap etrabynyň polisiýa edarasy ýok edilipdir.

– Uruşda polisiýa güýçlerine uly zyýan ýetipdir. Esgerleriň jesetleriniň polisiýa edarasynyň howlusynda ýatandygy barada bize maglumat berildi. Ýöne näçe esgeriň ölendigi anyk bolmady. Diri galan esgerler golaýda ýerleşen harby baza baryp sygynypdyrlar – diýip, Abdyl Eziz aýtdy.

Balamurgap etrabynda indi iki hepde bäri uruş dowam edýär. Geçen hepdäniň dowamynda 35 esgeriň heläk bolandygyny Balamurgap etrabynyň häkimi aýtdy. Bu etrapda howpsuzlyk şertleriniň has ýaramazlaşanyny deputat Muhammet Nasyr Nazary mälim etdi. Eger wagtynda kömek ýetişmese, Balamurgap etrabynda ynsany pajyganyň ýitileşmeginiň mümkindigini ol deputat öňe sürýär.

,,Aýgytly ýardam” atly halkara güýçleri hem bu iki etrapda owgan güýçlerine goldaw beripdir. Birleşen harby güýçleriniň halkara uçarlary Abykemri we Balamurgap etraplarynda jeňçileriň merkezlerine howa zarbasyny urupdyrlar. Owganystanyň Goranmak ministriniň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, Abykemri we Balamurgap etraplarynda jeňçilere garşy operasiýa başlanypdyr.

Harby operasiýalar Goranmak ministriniň orunbasary Muhammet Ýasynyň ýolbaşçylygynda geçirilýär.

– Harby operasiýalara owgan howa güýçleri hem gatnaşýarlar – diýip, Owganystanyň Goranmak ministriniň metbugat wekili belledi.

Balamurgap we Abykemri etraplary Türkmenistanyň serhet ýakasynda ýerleşýär. Balamurgap etrabynyň strategiki taýdan has möhüm etrapdygyny bilermenler aýdýarlar.

Abykemri etrabynda talyplara-da uly zarba urlandygyny owgan serhetçi güýçleriniň öňki komandiri Döwlet Mawin gürrüň berdi. Ol Owganystan tarapdan Türkmenistana-da howp abanýandygyny mälim etdi. ,,Türkmenistan tarapa howp bar” diýip, ol aýdýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG