Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Biabraýçylykdan gaçýan' mugallymlar dynç alyşdaky okuwçylary üçin awtobus tutýarlar


Mekdepde Bilim güni. Arhiw suraty

Türkmenistanly mekdep mugallymlary kanikul günlerinde hem okwuçylarynyň "akylly" bolmagyna jogap berýär.

Aşgabatly mugallymlar “biabraýçylykdan gaçyp”, gyşky dynç alşa çykan okuwçylaryny paýtagtyň görnükli ýerlerine planlaşdyrylan gezelenje äkidenlerinde öz pullaryna awtobus tutýandyklaryny habar berýärler.

Azatlyygyň habarçylary bilen gürleşen mugallymlaryň sözlerine görä, mekdep ýolbaşçylary hem ýokardan berilýän görkezmeleri berjaý etmeli, hemem okuwçylaryň dynç alyş wagtynda düzgün bozmagyna ýol bermeli däl.

“Geçen hepdäniň aýagynda dynç alşa okuwçylarymy Aşgabadyň Älem seýilgähine alyp gitmek üçin, "mekdebiň agzyndan gideýin, mekdebe-de gaýdyp geleýin” diýen niýet bilen ýörite awtobus tutdum. Awtobusyň sürüjisi bu iş üçin 300 manat aldy” diýip, Aşgabadyň “Parahat” etrapçasyndaky mekdepleriň biriniň başlangyç klas mugallymy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, käbir awtobus sürüjileri bu hyzmatlary üçin 350 manat soraýar. Munuň üstesine, durmuşyň gymmatlamagy, adamlaryň gün-güzeran mümkinçilikleriniň peselmegi netijesinde, ene-atalardan pul soramak hem barha kynlaşýar we soraňda-da möhümiň biterinden bitmezi ýakyn.

“Mugallymlara öz okadýan okuwçylaryny hemişe gözegçilikde saklajakdyklary hakynda dilhaty ýazdyrýarlar. Onsoň, okuwçy bir ýerde düzgün bozsa, polisiýa işgärleri olaryň ene-atasynyň üstüne däl-de, mekdebe gelýär” diýip, mugallymlar zeýrenýärler.

“Kanikul diňe okuwçylar üçin, mugallymlar üçin däl, biz her gün sekiz sagat işde, mekdepde bolýarys, onsoň öýlerinde ýa başga ýerde gezip ýören okuwça nädip gözegçilik edeli? Biz polisiýa ýa-da klasdaky ähli çaganyň ene-atasy bolup bilmeris ahyryn? Bu akyla sygýan zat däl” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 45 ýaşly mugallym Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

“Mugallymlar arzlaryny diňe bir-biriniň ýanynda ýa-da, eger ynanyşýan bolsalar, mekdep ýolbaşçylaryna aýdyp çäklenýärler we nägilelik şundan aňryk geçmeýär. Sebäbi ýurtda uly işsizlik meselesi bar we adamlar iş orunlaryny ýitirmekden gorkýarlar” diýip, Aşgabadyň 4-nji etrapçasynda ýerleşýän mekdebiň mugallymy aýtdy.

Mekdeplerdäki gyşky dynç alyş Täze ýyl baýramçylygyna gabat gelýär we türkmen häkimiýetleriniň ýyl çalşanda partladylýan patlawuklary gadagan etmegi mugallymlar üçin ýene bir alada bolup durýar.

Emma bu ýyl partlawuklar satylmady, adatça Täze ýyl agşamyndan soň köçede, jaýlaryň töwereklerinde partlawuk galyndylaryndan ýaňa aýak basara ýer tapylmaýan bolsa, bu ýyl beýle zat bolmady. Ýöne bu arkaýynlyga esas bermeýär, sebäbi okuwçylaryň arasynda partlawuk ýasamany öwrenip, deň-duşlary bilen garagolluk edýänleri hem tapylýar.

Bularyň üstesine, mugallymlar yzy üzülmeýän nobatçylykdan hem halys bolandyklaryny, ir ertirden agşama çenli, her mugallymyň mekdepde üç sagat nobatçylyk çekýändigini aýdyp zeýrenýärler.

Habarlardan mälim bolşy aýly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň aýagynda 31-nji dekabry iş güni däl diýip yglan etmek baradaky karara gol çekende, edara-kärhanalaryň ählisinde berk nobatçylygy ýola goýmak meselesine ýene bir gezek seretmegi buýrupdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG