Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwisti bäş gün türme tussaglygyna höküm edildi


Roman Zaharov

Gazak aktiwisti möhletinden öň iýun aýynda geçiriljek saýlaw sebäpli dartgynly ýagdaýy başdan geçirýän ýurduň berk kontrollyk astyndaky şäheri Almatyda pyýadalar üçin niýetlenen köprüde konstitusiýa salgylanylýan uly plakaty asany üçin, bäş gün türme tussaglygyna höküm edildi.

Roman Zaharow 29-njy aprelde plakaty şäheriň merkezindäki köprüde ýerleşdireninden soňra tussag edildi. Plakatda Gazagystanyň konstitusiýasyna salgylanýan “döwlet güýjüniň ýeke-täk çeşmesi halkdyr” diýen ýazgy bardy.

Zaharowyň aklawçysy Erlan Erbolatulynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol ownuk huligançylyk, ýagny “şäheriň jemgyýetçilik ýerlerini bilgeşleýin hapalamakda” günäli tapylyp, bäş gün türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Zaharow tutulmazdan bir gün öň Asiýa Tulesowa bilen Beýbarys Tolymbekowy goldap, paýtagt Nur-Sultanda üýşmeleň geçirendikleri üçin, birtopar aktiwist tutuldy. Tulesowa bilen Tolymbekow Almatyda plakat göterip, adalatly prezident saýlawyna çagyryş edendikleri üçin häzir 15 gün türme tussaglygyny başdan geçirýärler.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargamazdan öň ýurdy dolandyryp başlan awtoritar prezident Nursultan Nazarbaýewiň mart aýynda wezipeden çekilmegi sebäpli Gazagystan möhletinden öň 9-njy iýunda prezident saýlawyny geçirýär.

Tulesowa bilen Tolymbekow 21-nji aprelde şäherde maraton gidip otyrka uly plakatlar göterip, “sen hakykatdan gaçyp bilmersiň” diýip gygyryşanlaryndan soňra tutuldylar. Plakatlardaky haştaglerde adalatly saýlawlara çagyryş edilýärdi.

Iki aktiwist rugsatsyz demonstrasiýa geçirmekde günäli tapylyp, şol gün türme tussaglygyna höküm edildi. Tulesowa öz tutulmagyna protest bildirip, açlyk yglan etdi.

Olaryň nähili tutulanyny filme düşüren üç dosty, Suinbike Suleýmenowa, Aýdos Nurbolatow we Aýgül Nurbolatowa hem tutulyp, olara soňra jerime salynda.

23-nji aprelde Kasym Žomart Tokaýewi möhletinden öňki saýlaw üçin kandidat bellän “Nur Otan” partiýasyna ýolbaşçylyk edýän şindi-de Nazarbaýew. Berk kontrollyk astyndaky ýurtda Tokaýewiň ýeňiş gazanjakdygy şübhesiz diýerlik.

“Amnesty International” bilen “Freedom House” aktiwistleriň tutulmagyny ýazgaryp, olaryň derhal boşadylmagy boýunça çagyryş etdiler.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG