Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Orsýetden tohumlyk gallany satyn alar


Bugdaý oragy, Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistan Orsýetden tohumlyk gallany satyn alar. Bu barada habar berýän media serişdeleriniň maglumatlaryna görä, maý aýynyň ortalarynda Türkmenistana Stawropoldan gallanyň eksport edilmegine garaşylýar.

Nowoselitskiý etrabynyň kärhanasy tarapyndan ýetişdirilen bugdaýy Türkmenistan Respublikasyna eksport ederler. Maýyň ortalaryna tohumyň eltilmegi barada ylalaşyga gol çekmek planlaşdyrylýar diýip, 30-njy aprelde news.1777.ru neşri habar berdi.

"Üpjün ediljek güýzki bugdaý tohumynyň eksportynyň möçberi 2019-njy ýylda 10 müň tonna bolar. Üstesine, kärhanada türkmen tarapynyň agzan möçberine laýyklykda arpa, ýorunja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek tejribesi hem bar" diýip, neşir Orsýetiň Stawropol regionynyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Andreý Oleýnikowy sitirleýär.

Türkmenistanyň güýzki bugdaýyň tohumyny daşary ýurtlardan satyn almak planlary baradaky habar ýurduň ilatyny özünde öndürilýän un bilen üpjün etmegindäki nobatdaky krizise gabat geldi.

29-njy aprelde Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary döwlet dükanlarynda ilata çäklendirilip satylýan unuň möçberiniň ýene-de azaldylandygyny habar berdi. Mundan öň garaşsyz habar çeşmeleri Mary welaýatynyň ençeme etraplarynda unuň ençeme wagtlap satuwda bolmaýandygyny habar beripdi.

Synçylaryň pikirine görä, Türkmenistanda ýerli unuň gytçylygy bugdaý hasylynyň pes bolmagy bilen bilen bagly.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň öň habar bermegine görä, Türkmenistan 2018-nji ýylda bugdaý we pagta hasyly boýunça döwlet planyny esli dolmandyr, yglan edilen resmi sanlar bolsa, pagta boýunça iki esse, bugdaý boýunça üç esse hakyky netijelerden ýokary görkezilipdir.

Türkmenistanda galla plany döwlet baştutany tarapyndan kesgitlenýär we 2011-nji ýyldan bäri 1,6 million tonna möçberinde saklanýar. Ýurt ýolbaşçylary oba hojalyk pudagyndaky kemçilikleri pudak we welaýat resmilerine käýinç berlende gytaklaýyn tassyklaýar, emma problemalaryň sebäplerini, şol sanda daýhanlaryň önümçilikde duçar bolýan kynçylyklaryny, çekýän zyýanlaryny agzamaýar.

Soňky bir aýa golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda ýagyn we sil zerarly ekin meýdanlaryna zyýan ýetdi.

19-njy aprelde "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri Aşgabatdan Mara çenli ýagynyň bugdaý, arpa we pagta ekilen meýdanlaryna zyýan ýetendigini habar berdi.

Hususan-da, neşir Aşgabadyň etegindäki Änewden başlap gündogara tarap Mara çenli galla hasylynyň çökendigini habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti bri aýlap ýagan sil-ýagynlary we olaryň ýetiren zyýanynyň möçberini agzamady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG