Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halilzad ‘Talyban’ bilen parahatçylyk gepleşikleri boýunça ‘has tiz özgerişiň’ gerekdigini aýtdy


Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad
Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad “Talyban” bilen gepleşikleriň nobatdaky tapgyry tamamlanandan soň, parahatçylyk gepleşikleri boýunça “has tiz özgerişiň” gerekdigini aýtdy.

Halilzad özüniň 10-njy maýda eden çykyşynda 9-njy maýda Kataryň paýtagty Dohada tamamlanan gepleşikleriň soňky tapgyrynda “ynamly, ýöne haýal öňegidişligiň” gazanylandygyny belledi.

Şeýle-de, ol “konflikt şeýle möwjände we günäsiz adamlar ölýän mahalynda, gepleşikleriň häzirki depgininiň ýeterlik däldigini” hem sözüniň üstüne goşdy.

“Talybanyň” metbugat wekili 9-njy maýda beýanat bilen çykyş edip, gepleşikleriň “oňaýly” häsiýete eýe bolandygyny, şeýle-de olaryň dowamynda iki tarapyň Owganystandan halkara güýçleriniň doly çykarylmagy ýaly meselelere garalandygyny mälim etdi.

Zabihullah Mujahid käbir meselelerde “öňegidişligiň” gazanylandygyny aýtsa-da, beýleki meseleleriň “heniz tamamlanmandygyny” hem belledi.

Gepleşiklere Halilzad we “Talybanyň” Kataryň paýtagty Dohadaky syýasy edarasynyň başlygy Şer Mohammad Abbas Stanekzai ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň üsti bilen Owganystandaky 18 ýyl bäri dowam edýän urşa syýasy çözgüt tapmak ugrunda tagalla edilýär. Bu Birleşen Ştatlaryň taryhyndaky iň uzaga çeken uruşdyr.

Waşington geçen ýylyň iýul aýyndan bäri “Talyban” bilen aragatnaşygy saklap gelýär.

“Talyban” owgan hökümetini “oýnatgy režim” diýip atlandyryp, onuň bilen gös-göni gepleşikleri geçirmegi ret edip gelýärdi.

Owganystanyň Loýa Jirga mejlisiniň 5-nji maýda mübärek Oraza aýynyň başlanmagy bilen ok atyşygy dessine we hemişelik bes etmek barada eden çagyryşyny “Talyban” topary ret edipdi.

8-nji maýda owgan resmileri “Talybanyň” ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) bilen işleşýän “Counterpart International” guramasyna eden hüjüminde bäş polisiýa ofiseriniň, bir howpsuzlyk garawulynyň we parahat ilatdan üç ýaşaýjynyň ölendigini aýtdylar.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) bu hüjümi “ýiti” ýazgardy.

Pompeo hüjümde nyşana alnan “Counterpart International” guramasynyň beýleki inisiatiwalar bilen bir hatarda, parahatçylyk dialogyny we aýal-gyzlara mümkinçilikleri döretmäge ýardam berýän programmalary durmuşa geçirýändigini aýtdy.

“Bu ýowuz hüjüm başgalara hyzmat etmek we bilim bermek ýaly Counterpart ýaly guramalar tarapyndan goldanylýan asylly, päk gymmatlyklara edilen manysyz hüjümdir” diýip, Pompeo 9-njy maýda ýaýradan beýanatynda belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG