Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollarynyň” halkara gatnawlarynyň nyrhy öňküligine saklanýar


Aşgabat. Halkara uçar menzilindäki ýolagçylar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 11-nji maýda “Türkmenhowaýollarynyň” halkara gatnawlarynyň biletlerini öňki bahasyndan satýandygyny habar berdi.

Neşiriň ýerli habarçylarynyň maglumatyna görä, awiakassalaryň agzynda bahalaryň öňki derejesine gelendigini görkezýän bildirişler asylyp goýlupdyr.

“Azatlyk” radiosynyň habarçysy 2-nji maýda türkmen awiakompaniýasynyň halkara ugurly uçarlarynyň biletleriniň bahalarynyň 15-nji maýdan iki esse gymmatladyljagyny habar beripdi. Emma “Türkmenistanyň Hronikasy” şol gün biletleriň eýýäm gymmatlandygyny habar berdi..

TH-nyň görä, Aşgabatdan Stambula uçar biletiniň bahasy 3 müň manatdan 7 müň manada çenli galdy. Resmi kursdan hasap edilende, bu 2000 müň amerikan dollaryna barabar bolýar.

"Azatlygyň" habarçysy bu maglumaty anyklap, şol gün, 2-nji maýda Moskwa gitmek üçin biletiň arassa öz bahasynyň 4338 manatdygyny, ýagny heniz bahalaryň gymmatladylmandygyny, ýöne ony para bermän alyp bolmaýandygyny habar berdi.

Berilýän maglumatlara görä, bilet almak üçin paranyň möçberi 50 dollardan başlanýar. Şol bir wagtda, ýakyn aýlardaky uçarlara biletleriň tasdan ýokdugy baradaky çaklamalar eşidilýär.

“Turkmen.news” neşiri şu ýylyň oktýabryna çenli biletleriň ählisiniň öňünden satylandyngyny habar berýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” biletleriň öňki bahalaryna dolanyp gelinmeginiň sebäbini adamlaryň aşa gaharlanmagy, raýatlaryň käbiriniň bahalara gaýtadan seredilmegini sorap, dürli guramalara arza ýazmagy bilen baglanyşdyrýar.

"Turkmen.news" neşiriniň ýazmagyna görä, 4-nji maýda awiakompaniýanyň Aşgabatdaky agentliginde onlarça ýolagçy biletleriň bahalarynyň gymmatlamgyndan nägilelik bildiri.

"Şondan soň "dolandyryjy" çykyp, bahalaryň gymmatlamagynyň ýatyryljakdygyny wada berdi, emma şol gün biletleriň satylmagy togtadyldy" diýip, neşir öz çeşmesine salgylanyp habar berýär.

“Azatlyk” bu aýdylýanlary başga çeşmeler arkaly tassyklap bilmedi.

Radionyň Türkmenistandaky çeşmeleri "Türkmenhowaýollarynyň" uçar biletleriniň gymmatladylmak synanyşygynyň walýuta bahalary bilen bagly bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda dollaryň resmi kursy ençeme ýyl bäri bir durkunda, 3,5 manat derejesinde saklanylýar, emma dollaryň “gara bazardaky” nyrhy häzir resmi bahadan bäş ýaryn esse gymmat diýip, ýerli çeşme aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG