Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kimsi doganyny, kimsi goňşusyny gatnadýar. Aşgabadyň polisiýasy hususy taksileri awlaýar


Aşgabadyň polisiýasy hususy awtoulaglary barlaýar, 6-njy maý, 2019
Aşgabadyň polisiýasy hususy awtoulaglary barlaýar, 6-njy maý, 2019

Şu günler Aşgabadyň polisiýasynyň jerime duralgalary hususy awtoulaglardan hyryn-dykyn, hususy awtoulaglarda kireý etmek üçin jerimeleriň möçberi bolsa, 600-700 manada ýetýär. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary habar berýärler. Olaryň sözlerine görä, hususy awtoulagda kireý etmek gadagançylygy sebäpli bu iş bilen meşgullanýan hususyýetçileriň göz-görtele azalmagyna garamazdan, saklanýan hususy awtoulaglaryň sany köpelýär.

Çoganlydaky jerime duralgasy, 6-njy maý, 2019
Çoganlydaky jerime duralgasy, 6-njy maý, 2019

"Aşgabatda hususy taksileriň awlanmagy akyla sygmajak bir derejä ýetdi. Hususy awtoulagynda kireý edýänleriň köpüsi işini bes etdi, ýa-da azaltdy. Emma ýol polisiýasy ýolagçy alyp barýan islendik awtoulagy saklaýarlar. Olaryň ýakyn garyndaşydygyny subut edip bilmedikleriň ulagyny elinden alyp jerime duralgasyna eltýärler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Çoganlydaky jerime duralgasy, 6-njy maý, 2019
Çoganlydaky jerime duralgasy, 6-njy maý, 2019

Awtoulag eýeleriniň sözlerine görä, saklanyp jerime duralgasyna alnyp barylýan awtoulaglaryň köpüsi, öz şahsy işleri bilen şähere çykýan adaty ýaşaýjylara degişli.

"Kimsi doganyny alyp barypdyr, kimsi goňşusyny bazardan ýany bilen alyp gaýdypdyr" diýip, Azatlygyň habarçysy awtoulagy elinden alnan paýtagt ýaşaýjylaryna salgylanyp habar berýär.

Aşgabadyň jerime duralgalary şu günler hususy awtoulaglardan hyryn-dykyn. Şol bir wagtda-da, ulagyňy elinden aldyrmazlyk üçin bahasy gitdigiçe ýokarlanýan jerime töläp saplanmak mümkin.

Çoganlydaky jerime duralgasy, 6-njy maý, 2019
Çoganlydaky jerime duralgasy, 6-njy maý, 2019

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, jerime 600-700 manada ýetip bilýär. Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň resmi kursy bilen hasaplanylanda bu 172-200 amerikan dollaryna barabar. Emma polisiýa sürüjilere resmi kwitansiýa bermeýär.

Türkmenistanyň paýtagtynda hususy awtoulagly kireý edýänleriň köpçülikleýin saklanmagy aprel aýynyň başynda, içeri işler ministriniň prezidentden käýinç almagynyň yzýany başlandy.

4-nji aprelde içeri işler ministri Isgender Mulikowa berlen “berk käýinjiň”, onuň “ýolagçy gatnatmak boýunça ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünini gödek bozup, ulag hadysalarynyň, heläkçilikli ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolmagy” bilen baglydygyny resmi media habar berdi.

Türkmenistanda bolýan ýol hadysalary, şol sanda hususy awtoulagly kireý edýänleriň gatnaşmagynda bolýan heläkçilikli ýagdaýlar barada resmi statistika elýeterli däl. Ýol hadysalaryň hronikasyny Türkmenistanyň habar serişdeleri hem çap etmeýärler.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň sözlerine görä, hususy awtoulagly kireý etmek işi köpler üçin ýeke-täk girdeji çeşmesi bolup durýar, şeýle-de ilatyň arasynda iň meşhur transport serişdesi hasaplanýar.

Aşgabatda polisiýanyň hususy awtoulag eýelerine gözegçiligini güýçlendirmeginiň netijesinde kireý edýän sürüjileriň çürt-kesik azalan wagtynda resmi taksileriň bahasy göterildi, şeýle-de jemgyýetçilik transportyna islegler güýçlenip, awtobuslarda dyknyşyk emele geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG