Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml tankytçysy Nawalny türkmen prezidentini häkimiýetde uzak oturmak derdiniň nusgasy hökmünde häsiýetlendirdi


Russiýaly oppoisiýaçy Alekseý Nawalny

Kreml tankytçysy Alekseý Nawalny 14-nji maýda “Buz üstünde sirk ýa-da Putiniň lagşamagy ýurda wehim salýar” atly çykyşyny YouTube kanaly arkaly köpçülige ýetirdi, onda türkmen prezidentiniň wideosyna salgylandy.

Nawalny çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy häkimiýetde uzak oturmak derdiniň nusgasy hökmünde mysal getirdi.

Nawalny çykyşynyň başynda Putiniň uzak wagtlap häkimiýetde oturmagyň adamy lagşadýandygy barada aýdan sözlerine salgylanýar. Rus prezidenti Wladimir Putin 2004-nji ýylda media we metbugat wekilleriniň öňünde eden çykyşynda “ýedi ýyl prezident bolsaň, akylyňdan azaşarsyň!” diýen ekeni.

Soňra Nawalny 10-njy maýda Putiniň oýnan hokgeýi baradaky gürrüň bilen wideo çykyşyny dowam edýär. Onuň sözlerine görä, rus mediasy prezidentiň hereketlerini öwüp arşa çykarýar. Adamlar, hamala, haýran galmak bilen prezidentiň gazanan utuklaryna tomaşa edýär.

Döwlet baştutanynyň görkezýän “ussatlyklarynyň” telewideniýede aşa taryplanmagyna, onuň öwüp arşa çykarylmagyna türkmen halky nätanyş däl.

Türkmen prezidenti hem drift, aýdym-saz, basketbol, futbol, sowuk ýaraga erk etmek, golf oýnamak ýaly işler bilen ýygy-ýygydan meşgullanyp döwlet telewideniýesinde çykyş edip durýar.

Alekseý Nawalny soňky YouTube çykyşynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň öňünde ştanga taýagyny göterip düşen wideosyna salgylanýar. Kreml tankytçysy Berdimuhamedowy häkimiýet başynda uzak wagtlap oturmak derdiniň nusgasy hökmünde görkezýär.

“Türkmenistanyň baştutany özüniň ştanga taýagyny göterişine tutuş dünýäniň haýran galýandygyndan ynamly” diýip, Nawalny aýdýar.

Ýatlasak, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Halkara sport çäresiniň öňýany geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berdimuhamedow orunbasarlarynyň öňünde durup altyn çaýylan ştanga taýagyny göterdi. Orunbasarlary uly şowhun bilen ony çapak çalyp gutlady.

Azatlyk Radiosy prezidentiň döwlet telekanallarynda ştanga taýagyny göterip düşen wideosyny öz tomaşaçylaryna ýetirdi.

Rus oppozisiýaçysy Alekseý Nawalny Berdimuhamedowyň wideosynyň mysalynda häkimiýetde köp oturmagyň prezidentleri lagşadýandygyny aýdýar.

Rus prezidenti Wladimir Putin tas 20 ýyla golaý wagt bäri, kä premýer-ministr, kä prezident wezipelerinde Russiýada häkimiýet başynda oturdy. Gurbanguly Berdimuhamedow 12 ýyl bäri Türkmenistanyň prezidenti wezipesini eýeleýär.

Ol 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň duýdansyz aradan çykmagyndan soň, wagtlaýyn prezident wezipesini eýeledi. Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň fewralynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda sesleriň agramly bölegi bilen döwlet baştutany wezipesine saýlandy. Ol şondan bäri yzly-yzyna üç gezek bu wezipä saýlandy. Synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 2016-njy ýylda girizilen üýtgetmeler onuň ömürlik bu wezipede galmagyna mümkinçilik döredýär. Halkara hukuk guramalary ýurtda geçirilýän saýlawlara şübheli çemeleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG