Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rumyniýanyň häkimiýet başyndaky partiýasynyň lideri türme tussaglygyny berjaý edip başlady


Rumyniýanyň häkimiýet başyndaky Sosial Demokrat (PSD) partiýasynyň ýolbaşçysy Liwiu Dragnea

2018-nji ýylda korrupsiýada günäli tapylmagyna protest bildirip beren şikaýaty ýurduň ýokary kazyýeti tarapyndan ret edileninden soň, Rumyniýanyň häkimiýet başyndaky Sosial Demokrat (PSD) partiýasynyň ýolbaşçysy özüniň 3,5 ýyl möhletli türme tussaglygyna başlady.

Ýokary kassasiýa we adalat kazyýetiniň bu karary merkez-sol Sosial demokrat partiýanyň Ýewropanyň parlament saýlawlarynda Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň tarapdary bolan merkez-sag partiýalary tarapyndan agyr ýeňlişe sezewar edileninden bir gün soňra, ýagny 27-nji maýda çykaryldy.

Parlamentiň aşaky öýüniň hem spikeri bolan Liwiu Dragnea PSD-niň işgäri bolan iki aýaly öz täsirinden peýdalanyp, çagalary goramak baradaky döwlet gullugynda galp işe ýerleşdirmek sebäpli bildirilen jezasyny aradan aýyrmaga synanyşypdy.

Dragnea 2012-nji ýylda-da berlen sesleri galplaşdyrmak barada günäli tapylyp, şertli ýagdaýda iş kesilipdi. PSD 2016-njy ýylda parlament saýlawlarynda ýeňiş gazansa-da, Dragnea bu etmişi sebäpli premýer-ministr bolup bilmändi.

Karar çykarylandan birnäçe sagat soňra Rumyniýada täsirli syýasatçy hasaplanýan Dragnea tussaglyk jezasyny çekmegi üçin, Buharest türmesine äkidildi. Žurnalistler we Sosial demokrat partiýa garşy adamlardan ybarat uly märeke hem onuň yzyna tirkeldi.

Rumyniýada öndürilen gara reňkli Duster SUW Rahowa tussaghanasyna gireninde, protestçiler simwoliki häsiýetde ulaga hajathana kagyzyny zyňdylar.

Kazyýetiň karary PSD bilen onuň merkez-sag ýarany ALDE partiýasy 26-njy maýda Ýewropanyň parlament saýlawlarynda agyr ýeňlişe duçar bolanyndan soňra çykaryldy.

Sesleriň tas hemmesi sanalansoň PSD-niň alany sesleriň 23 prosentine-de baranok. 2014-nji ýylda geçen parlament saýlawlarynda bolsa, bu partiýanyň alany 37 prosentden hem ýokary bolupdy.

Merkez-sag Milli liberal partiýa (PNL) bilen merkezçi USR-PLUS sesleriň 49 prosentinden gowragyny aldylar.

Alan sesleri 5 prosentden aşak bolan ALDE Ýewropa parlamentine gatnaşmaz.

Ýewropa saýlawlary bilen birlikde hökümetiň korrupsiýa garşy reformalara edýän hüjümlerini çäklendirmek boýunça hem kanuny güýji bolmadyk referendum-da geçirildi.

Prezident Klaus Iohannisiň çagyryşy boýunça geçirilen referendumy ses berijileriň 80 prosentden gowragy goldadylar.

Dragneanyň tussag edilmegi Sosial demokrat partiýanyň adalat ulgamynda eden jedelli we tankytçylaryň pikiriçe kazyýetleriň garaşsyzlygyna zyýan ýetiren basyşynda esasy şahsyýet bolan adamyň jemgyýetçilik durmuşyndan çetleşdirilmegi bolup durýar.

PSD-niň ýolbaşçylygynda alnyp barlan hereket geçen iki ýyllykda Rumyniýada giň gerimli protestleriň turmagyna getirip, 2018-nji ýylda Buharestde geçen parahatçylykly demonstrasiýanyň gazaply basylyp ýatyrylmagy bilen özüniň iň ýokary derejesine ýetdi.

Sosial demokrat partiýa wagtlaýyn ýolbaşçylyk eden Dragneanyň gorap ýetişdireni we Iohannisiň wezipeden çekilmek baradaky çagyryşyny ret eden premýer-ministr Wiorisa Dansila bolar.

Ysgynsyz köplük bilen parlamente dolanyp gelen PSD bilen ALDE 2017-nji ýylda häkimiýet başyna geler-gelmez korrupsiýa garşy kanuny yza serpikdirmek we kazyýetleri gorkuzmak maksady bilen yzgytsyz kampaniýa alyp bardylar.

Bu kampaniýa geçen ýyl prokuror Laura Koewesiniň öz wezipesinden galp peýdalanmakda aýyplap, işden boşadylmagy bilen özüniň ýokary derejesine ýetdi. Tankytçylar bu işiň Koewesiniň ýolbaşçylygyndaky Rumyniýanyň korrupsiýa garşy gullugynyň häkimiýet başyndaky ýaranlygyň ýokary derejeli agzalarynyň, şol sanda Dragneanyň özüni-de nyşana alynmagynyň öňüni almak üçin edilendigini aýdýarlar.

Koewesiniň Ýewropa Bileleşigi boýunça korrupsiýa garşy prokuror bolmagy juda ähtimal.

Rumyniýa häzir alty aý möhlet bilen Ýewropa Bileleşigine prezidentlik edýär.

Dragnea Rumyniýanyň iň garyp etraplarynyň biri bolan günorta Teleormanda ýerli dolandyryş edarasyna başlyk bolup, güýç-gudrat toplady.

Soňra ýerli ösüş ministri bolup işläninde bir fond döredip, ýerli häkimiýetlere gözegçiliksiz infrastruktura proýektleri üçin döwletiň puluny paýlady.

Dragnea partiýanyň lideri bolanyndan soňra korrupsiýa garşy kanunyň üýtgedilmegi üçin basyş etdi. Tankytçylar we Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki resmileri bular onuň özüni we partiýanyň beýleki parahor işgärlerini goramak üçin edilen işler diýýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG