Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanyň wagtlaýyn lideri parlamenti dargatdy, irki saýlawlara çagyrdy


Pawel Filip (çepde) we Igor Dodon
Pawel Filip (çepde) we Igor Dodon

Moldowanyň ýokary kazyýeti prezident Igor Dodony wagtlaýyn wezipeden boşadyp, onuň oruntutary parlamenti dargadyp, möhletinden öň saýlaw geçirilmeli edeninden soňra ýurt has beter syýasy krizise batdy.

9-njy iýunda paýtagt Kişinewde müňlerçe adam ýygnanyp, Dodonyň ýerine getirilen Pawel Filipe goldaw bildirdiler. Dodon bolsa kazyýetiň kararyny berk tankytlap, täsirli tüçjar tarapyndan goldanýan bäsdeş Demokratik partiýany häkimiýeti elden bermezlige synanyşmakda aýyplady.

Dörän krizis Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyklary ileri tutýanlar bilen Orsýete ýykgyn edýänler tarapyndan syýasy taýdan bölünen we Ýewropanyň iň garyp ýurdy bolan Moldowanyň durnuksyzlygynyň üstüne urna boldy.

Demokratik partiýa tarapyndan awtobuslar bilen paýtagta getirilen protestçiler “halk biz, Dodon dönük” diýip gygyryşdylar.

Köp adamlar ministrlikleriň we beýleki hökümet binalarynyň öňünde çadyr guradylar, käbirleri hem birnäçe ýyl mundan ozal Dodona berlen lakama salgylanyp, diri hindi towuklaryny prezidentiň köşgüniň howlusyna taşladylar.

9-njy iýunda geçirilen metbugat ýygnagynda Dodon Demokratik partiýany goldaýan tüçjar Wladimir Plahotniuki güýç-gudraty elden bermek islemeýänlikde aýyplap, öz tarapdarlaryny protest geçirmäge we beýleki ýurtlary hem kömege çagyrdy.

“Geçen ýyllarda Moldowa respublikasynda döwlet guramalaryna kontrollyk edenler güýç-gudraty elden bermejek bolýar. Muňa garaşylypdy. Men Plahotniuki ýeke goýmak isleýän adam bardyr öýdemok” diýip, Dodon aýtdy.

Fewral aýynda geçirilen saýlawda hiç bir partiýa doly ýeňiş gazyp bilmän, koalisiýa ugrunda ençeme aýa çeken gepleşiklere getirdi.

7-nji iýunda ýokary kazyýet saýlaw netijeleri tassyklananyndan soňra üç aýyň içinde hökümet düzülmegini talap edýän kanuna salgylanyp, täze ses berişlik geçirilmeli diýip karar çykardy.

Ýöne 8-nji iýunda parlamentiň adatdan daşary mejlisinde Dodonyň Sosialist partiýasynyň parlament başlyklary Ýewropanyň tarapyny çalýan we AKUM diýip tanalýan blok bilen bir ylalaşyga geldiler.

101 orunly parlamentiň 61 ornuna kontrollyk edýän iki topar syýasy hyzmatdaşlygyň esasy düzgünleri hakda ylalaşyp, täze hökümeti makulladylar. Muňa bolsa esasan Plahotniuk bilen onuň Demokratik partiýasyny häkimiýetden çetleşdirmegiň bir ýoly diýip garaldy.

Parlamentde 30 oruna eýe bolan Demokratik partiýa ylalaşygy tankytlap, şikaýat bilen konstitusion kazyýete ýüz tutdy. Kazyýet hem Dodony wagtlaýyn wezipeden boşadyp, Filipi geçiş prezidenti edip belledi.

Kazyýetiň beýannamasynda şeýle diýilýär: “Kazyýet 2019-njy ýylyň 8-nji iýunynda 10-njy parlamentiň agzalarynyň Zinaida Grekeanini parlamentiň spikeri edip bellemek baradaky kararyny bikanun tapýar”.

Kazyýet şeýle hem parlamentiň indiki kararlarynyň-da ählisiniň kanuny güýji ýok diýip yglan etdi.

Şondan soňra Filip parlamenti dargadyp, 6-njy sentýabrda täze ses berişlik geçirilmeli etdi.

8-nji iýunda gelnen ylalaşykda premýer-ministr bellenen Maýa Sandu kazyýetiň kararyny tankytlap, döwlet işgärlerini goldawa çagyrdy.

Ol bir çykyşynda: “Ýurduň gowy dolanyşygynyň esasy sizsiňiz. Syýasatçylar gelýärler, gidýärler, ýöne bu ýurdy hakykat ýüzünde dolandyrýan sizsiňiz, öz hünäriňiz, bilimiňiz we Moldowa respublikasyna wepadarlyk bilen” diýdi.

Moldowanyň kanuny boýunça saýlaw netijeleri tassyklananyndan soňra parlament üç aýyň içinde hökümeti düzüp bilmese, prezident parlamenti dargadyp, täze ses berişlik yglan edip bilýär.

Fewral saýlawlary 9-njy martda tassyklandy. Analizçiler hem täze hökümetiň düzülmegi üçin iň soňky möhlet 9-njy iýun diýen pikirden ugur alypdylar.

Ýöne ýokary kazyýet ahyrky möhlet tassyklamadan 90 gün soňra, ýagny 7-nji iýun diýip karar çykardy.

Galyberse-de, parlamenti prezidentiň dargadyp-dargatmazlygy jedilli mesele bolup durýar. Konstitusion kazyýet prezident etmeli diýen karar çykardy. Dodon bolsa, prezidentiň täze hökümet gurulmagy baradaky tagallalaryň dowam etdirilmegini soramaga mümkinçiligi bar diýýär.

Demokratik partiýa bu barada ýokary kazyýete ýüz tutjakdygyny aýtdy.

Syýasy başagaýlyk Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogerini bilen giňelme komissary Ýohannes Hahnyň bilelikde bir beýannama çykaryp, taraplary “asudalyga we oýlanyşyklylyga” çagyrmagyna getirdi.

“Parlamentiň düýnki kararyndan soňra bolan wakalarda ... Ýewropa Bileleşigi özüniň asudalyk we oýlanyşykly hereketler barada eden çagyryşyny nygtaýar. Häzirki syýasy krizise çözgüt tapmakda esasy zat demokratik ýollar bilen saýlanan wekilleriň arasyndaky dialog bolmalydyr” diýip, Mogerini aýtdy.

Moldowanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Peter Mihalko hem Facebookda “syýasy prosesiň netijesi hakda demokratik taýdan saýlanan wekiller karar bermelidir” diýip ýazdy.

Birleşen Ştatlaryň Moldowadaky ilçisi hem, Rumyniýanyň prezidenti Klaus Iohannisiň edişi ýaly, syýasy partiýalary demokratiýany we kanunçylygy hormatlamaga çagyrdy.

Rumyniýa Moldowa bilen medeni, ykdysady we syýasy taýdan berk baglanyşyklydyr.

Öňki sowet respublikasynyň alyp barýan syýasatyna edýän täsirini dowam etdirýän Orsýet tarapdan bolsa entek görkezilen reaksiýa ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG