Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy wagtlaýyn prezident Tokaýewiň ýeňiş gazanandygyny tassyklady


Gazagystanyň täze saýlanan prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew
Gazagystanyň täze saýlanan prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Gazagystanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy irki prezident saýlawlarynyň gutarnykly netijelerini yglan edip, wagtlaýyn prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň sesleriň aglaba köplügi bilen ýeňiş gazanandygyny tassyklady.

Saýlaw komissiýasynyň 11-nji iýunda bildirmegine görä, öňki awtoritar prezident Nursultan Nazarbaýewiň saýlap tutup, özüne mirasdüşer edeni sesleriň 70.96 prosentini gazanypdyr. Ses berişlikde hökümete garşy protest geçiren ýüzlerçe parahatçylykly demonstrantlar tutuldy.

Öňki žurnalist Amiržan Kosanow sesleriň 16.23%-ni almak bilen ikinji orny eýeledi.

Energiýa baý Merkezi Aziýa döwletinde saýlaw seresaplylyk bilen gözegçilik astynda saklandy. Tokaýew iş ýüzünde tanalmaýan we onuňky bilen deňäre serişdesi ýa goldawy, ýa-da saýlaw kampaniýasynyň aňyrsynda döwlet apparaty bolmadyk alty kandidat bilen dalaşa girdi.

Saýlawda bolan adalatsyzlyga garşy kampaniýa döwründe tutuş Gazagystanda turan protestler 9-njy iýun, ýagny saýlaw güni hem dowam etdi. Polisiýa ýörişleri ýatyrmak üçin, tiz herekete geçdi.

Habarlarda 11-nji iýunda ýurduň iň uly şäheri Almatynyň käbir etraplarynda resmi netijelere protest bildiren ýüzlerçe adamyň polisiýa tarapyndan tutulandygy aýdylýar.

Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideolarda onlarça adamyň ýörite polisiýa güýçleri tarapyndan köçelerde kowalanýandygy görünýär.

Ir ertir bolan tutha-tutlyk 10-njy iýunda giçlik ýüzden agdyk adamyň Almatyda polisiýa binasynyň öňüne ýygnanyp, tanymal halk aýdymçysy Rinat Zaitowyň boşadylmagyny talap edeninden soňra boldy.

Zaitow 10-njy iýunda resmi netijelere protest bildirmek üçin, Almatynyň merkezine ýygnanan onlarça adamyň biridi. Halkara synçylar netijeleriň “esasy erkinlikleriň gödek bozulmagy” sebäpli “garalanandygyny” aýtdylar.

Tutha-tutluk başlanmazdan az salym öň türmeden boşadylan Zaitow protestçilerden öýlerine gitmegi haýyş etdi.

30 ýyla golaý Gazagystana höküm sürüp gelen we mart aýynda resmi taýdan wezipeden çekilen Nazarbaýewiň patasyny alanyndan soňra Tokaýewiň sesleriň aglaba köplügi bilen ýeňiş gazanmagyna garaşylypdy.

Nazarbaýew şindi-de möhüm syýasy orunlarda bolup, ýurtda we syýasy partiýasy Nur-Otanda ep-esli täsirden peýdalanýar. Tokaýew hem şol partiýanyň kandidaty.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň synçylary bir beýannamada “esasy hukuklara hormatsyzlyk edilmegi, şol sanda asuda protestçileriň tussag astyna alynmagy we saýlaw güni giňden ýaýran bidüzgünçilikler demokratik ölçegleriň köp hormatlanmandygyny aýan etdi” diýdiler.

Bu guramanyň synçy missiýasynyň lideri we ýörite koordinator Jorj Tsereteli: “Ýedi kandidat, şol sanda ilkinji gezek biri zenan hem bolsa, saýlaw hakyky demokratik berkligiň, möhüm syýasy, sosial we kanuny reformalaryň zerurdygyny görkezdi” diýdi.

Almatyda, Nur-Sultanda we Şymkentde erkin we adalatly saýlawlara çagyran ýüzlerçe adam tutuldy. Içeri işler ministriniň orunbasary Marat Kožaýew demonstrantlary “radikal pikirli elementler” diýip atlandyrdy.

Nur-Sultanda we Almatyda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Bu şäherleriň ikisinde-de internetiň juda haýal işläp, sosial media saýtlaryny okamagyň kynlaşandygy aýdyldy.

Bu aralykda oppozision kandidat pozisiýasyny eýelän Kosanow 10-njy iýunda geljek ýyl geçmeli parlament saýlawlaryndan öň täze syýasy partiýa gurmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Ol Astanada öz tarapdarlaryna ýüzlenip, özüniň prezidentlik ugrunda eden dalaşyna üstünlik diýip garaýandygyny we onuň oppozisiýanyň “kanunylaşmagyna” kömek edendigini aýdy.

Ýöne bu üýşmeleňe gatnaşanlaryň käbiri Kosanowy “syýasy taýdan öli adam” we “oýnatgy kandidat” diýip atlandyrdylar. Sebäbi ol saýlaw netijeleri resmi taýdan yglan edilmezden öň özüniň ýeňlendigini boýun aldy.

Kosanow 9-njy iýunda Facebookda ýerleşdiren bir wideo beýanaty üçin hem tankyt astyna düşdi. Ol bu ýazgyda hökümete garşy ýörişleri daşary ýurtlarda ýerleşýän “hamala oppozision şahsyýetleriň” goldawçylary tarapyndan ýola goýlan “hakyky syýasy prowokasiýa” diýip atlandyrdy.

1991-nji ýylda garaşsyz bolaly bäri Gazagystanda geçen saýlawlaryň hiç biri halkara guramalary tarapyndan erkin we adalatly diýip ykrar edilenok.

Saýlawdan öň köp aktiwistler tutulyp, olara jerime salyndy ýa türme tussaglygyna höküm edildi. Ýaş erkek aktiwistleriň käbiri bolsa garaşylmadyk ýagdaýda goşun gullugyna çekildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG