Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Saud Arabystanyna baryp, Eýran boýunça 'global koalisiýany' isleýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýran boýunça “global koalisiýa” gurmak üçin Pars aýlygyna eden we Birleşen Arap Emirliklerini hem öz içinde aljak saparynyň dowamynda 24-nji iýunda Saud Arabystanyna bardy.

Pompeo 23-nji iýunda Waşingtony terk etmezden öň žurnalistlere özüniň Amerikanyň iki sünni arap ýarany bilen gürleşjekdigini aýtdy. Mundan maksat “hemmämiziň strategik taýdan agzybirligimizi we global ýaranlyk gurmagyň, diňe aýlag döwletlerinde däl, eýsem Aziýa we Ýewropada-da ýaranlyk gurmagyň we dünýäniň terrorizmi goldaýan iň uly döwletini yzyna serpikdirmäge taýýarlykly bolmagyň ýollaryny kepillendirmek”.

Ol prezident Donald Trampyň aýdyşy ýaly, Waşingtonyň iki duşman ýurt arasynaky dartgynlygy ýeňletmek maksady bilen öňünden şert goýulmazdan Tähran bilen gürleşmäge taýýardygyny bildirdi.

Birleşen Ştatlar Tähran bilen dünýäniň güýçli döwletleri arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro geleşiginden öten ýyl çekilip, Eýranyň garşysyna ykdysady sanksiýalary täzeden girizeli bäri bu dartgynlyklar has-da artdy.

Tramp Tährany ýadro ylalaşygy boýunça täzeden gürleşmäge mejbur etjek bolýar. Ol muny hem şertler Eýranyň atom ýaraglaryny öňdürmeginiň öňüni alarlyk, ballikstik raketa programmasyny çäklendirerlik we onuň Orta Günogardaky “zyýanly” işjeňliklerini togtadarlyk derejede berk däl diýip delillendirýär.

Eýran hem gozgalaňçy işjeňlikleri goldaýandygyny inkär edip, özüniň ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly energiýa üçindigini aýdýar. Eýran resmileri raketa programmasy hakda nähili hem bolsa gürleşmejekdiklerini aýtdylar.

Dartgynlyklar soňky günlerde Eýran güýçleri Amerikanyň adamsyz gözegçilik dronyny atyp gaçyranyndan soňra has-da ýokarlandy.

Tähran dronyň özüniň howa giňişligini bozandygyny, Waşington hem adamsyz uçaryň Hormuz bogazynda halkara suwlarynyň depesindekä atylyp gaçyrylandygyny aýdýar.

24-nji iýunda beýanat beren Eýranyň harby deňiz güçýleriniň serkerdesi admiral Hossen Hazandi Amerikanyň dronynyň urlup ýykylmagy Birleşen Ştatlara berlen “berk jogap” diýip, bu işiň gaýtalanmagy mümkin diýip duýduryş berdi.

Birleşen Ştatlar dronyň urlup gaçyrylmagyna we golaýda nebit tankerlerine edilen hüjümlere jogap edip, 20-nji iýunda Eýranyň ýarag sistemalaryna kiber hüjümini amala aşdyrdy diýip medianyň habarlarynda bellenýär.

Tähran 24-nji iýunda Eýranyň garşysyna gönükdirilen kiber hüjümleriniň üstünlikli bolmandygyny aýtdy.

Eýranyň informasiýa we kommunikasiýa tehnologiýasy boýnça ministri Mohammad Jawad Azeri Johromy Twitterde: “Olar berk synanyşýarlar, ýöne üstünlikli hüjümi amala aşyranoklar” diýip, Eýranyň “köp wagt” bäri kiber hüjümleri bilen ýüzbe-ýüz durandygyny aýtdy.

21-nji iýunda Tramp Eýranyň garşysyna amala aşyrylmaly adaty howa zarbalaryny, Eýranda 150 adam heläklener diýleninden soňra togtadandygyny aýtdy.

Pompeo 23-nji iýun metbugat ýygnagynda “Eýrany terrorçylygy berkidip, ýadro ýarag ulgamlaryny we raketa programmasyny ösdürer ýaly serişdelerden mahrum etmek” maksady bilen “esasy we täze sanksiýlar tapgyrynyň” 24-nji iýunda giçlik yglan ediljekdigini bildirdi.

Ol soňra hem: “Biz öňünden şert goýulmazdan gepleşige taýýar. Olar bizi nädip tapmalydygyny takyk bilýärler” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

24-nji iýunda Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow žurnalistlere amerikan sanksiýany köpeletmek bilen haýbat atmak “ýagdaýy bilkastdan we bilgeşleýin ýaramazlaşdyrmak syýasatyny görkezýär” diýip, bular “islendik netijäniň tersini berjek we bütinleý howply” çärelerdir diýdi.

Döwlet sekretarynyň Saud Arabystanyň Jeddeh şäherinde we Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dhabide togtamagy onuň Hindistana saparynyň üstüne goşulan zat. Ol bu ýerden Ýaponiýa we Günorta Kereýada Trampa goşular.

Birleşen Ştatlaryň, Orsýetiň we Ysraýylyň milli howpsuzlyk geňeşçileri 24-nji iýunda Ierusalimde iki günlük sammite başlarlar. Bu duşuşykda esasy tema Orta Gündogar we aýratyn-da Eýran bolar diýlip çaklanýar.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Jon Bolton, Meir Ben-Şabbat we Nikolaý Patruşewiň arasyndaky duşuşygy “gowgaly döwürlede Orta Gündogarda durnuklylygy kepillendirmke üçn juda möhüm sammit” diýip häsiýetlendirdi.

Döwlet habar gullugy TASS-yň maglumatynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Patruşewiň duşuşykda “Orsýet Eýranyň bähbitlerini göz öňünde tutup, bulary ysraýyllar bilen amerikanlara bildirer” diýendigi bellendýär.

Bolton 23-nji iýunda Ieruslaimde Netanýahu bilen geçiren metbugat ýygnagynda Eýran “Birleşen Ştatlaryň parasatlylyk we seresaplylygyna gowşaklyk diýip düşünmesin” diýip, Tährana duýduryş berdi.

Bu aralykda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani regionyň problemalaryna jogapkär Birleşen Ştatlaryň Orta Gündogardaky “interwension harby barlygy” diýdi.

Tramp 23-nji iýunda “NBC” telekanyldan goýberilen interwiýusynda özüniň Eýran bilen uruş islemýändigini ýene bir gezek nygtap, ýöne bolsa, “bu ozal görülmedik werançylyk bolar” diýdi.

Amerikan prezidenti özüniň Eýran resmileri bilen oturyşyp ylalaşyk barada gürleşmäge taýýardygyny aýtdy.

“Eger gepleşik isleýan bolsaňyz, bolýar. Bolamsa-da, uzak wagtlap dargan ykdysydyýetde ýaşarsyňyz” diýip Tramp aýtdy.

XS
SM
MD
LG