Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň doglan güni: Müfti “görner-görünmez belalara” garşy prezidente amanlyk diledi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

29-njy iýunda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bellenildi.

Bu mynasybetli Mary welaýatynyň merkezi metjidinde sadaka berlipdir. Oňa gatnaşan türkmen müftüsi “görner görünmez belalara” garşy prezidente amanlyk diledi. Döwlet mediasy Berdimuhamedowyň Marynyň metjidine sowgat beren arapça ýazgysyny maňlaýlaryna sylýan ýokary derejeli döwlet emeldarlaryny görkezdi. Bular barada 29-njy iýunda Türkmenistanyň döwlet kanallarynda efire berilýän “Watan” habarlar gepleşiginde maglumat berildi.

“Hormatly adamlar, bilşiňiz ýaly, şu gün ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda şanly günleriň biri” diýip, alypbaryjy gepleşigiň başynda tomaşaçylara günüň “ähmiýetini” ýatlatdy.

2019-njy ýylyň 29-njy iýun güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 62 ýaşady.

Döwletiň telewizion kanallary bu mynasybetli ýurduň dürli künjeginde geçirilen aýdym-sazly dabaralary, tans edip küşt depýän “şadyýan” raýatlary görkezdi.

2006-njy ýylda häkimiýet başyna geçen prezident Berdimuhamedow döwlet baştutanlygy wezipesine liberal reformalary wada berip girişdi. Ýöne halkara hukuk goraýjy guramalaryň aýtmagyna görä, aradan 12 ýyl geçenden soň, häzirki wagtda ýurduň awtoritar häsiýetde dolandyrylmagy ýiti tankyt edilýär. Türkmenistan soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda, synçylaryň aýtmagyna görä, agyr ykdysady krizisi başdan geçirip gelýär.

Ýöne döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri “Arkadag” lakamly prezidentiň doglan gününde onuň ýolbaşçylygynda ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary sepgitleriň gazanylandygyny 29-njy iýunda ýene-de bir gezek gaýtalady; onuň tutuş adamzat üçin “beýik işleri bitirýändigini” öňe sürdi:

“Ýurdumyz we halkymyz, galyberse-de tutuş adamzat üçin beýik işleri bitirýän...” diýip, alypbaryjylaryň biri aýtdy.

Ikinji alypbaryjy prezidentiň başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilýändigini öňe sürdi.

“Milli liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar”, diýip alyp baryjy aýtdy.

Döwlet mediasyny yzarlaýan tankytçylar ýurtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň prezidenti we ýurduň döwlet syýasatyny aşa mahabatlandyrýandygyny, onuň şanyna aýdylýan öwgüli sözleriň hakykata gabat gelmeýändigini aýdyp, olary tankyt edýärler.

Berdimuhamedowyň 62 ýaşy döwlet mediasyna görä pygamber ýaşy bolup, bu mynasybetli Mary welaýatynyň “Gurbanguly Hajy” metjidinde toý sadakasy berildi.

Halk arasynda “ak goýun toý” atlandyrylýan dini äheňli çärä ýokary wezipeli döwlet emeldarlary, ýurduň baş müftüsi, welaýatlaryň ymamlary we beýlekiler gatnaşypdyr.

2007-nji ýylyň ýanwarynda Berdimuhamedowyň ilkinji prezidentlik kampaniýalarynyň çäginde Mary welaýatynyň halkynyň adyndan edilen haýyş esasynda diýlip, Maryda “Gurbanguly hajy” metjidiniň bina edilmegine rugsat berlipdi.

Prezidentiň adyny göterýän metjitde 29-njy iýunda eden doga-dileginde ýurduň baş müftüsi Berdimuhamedowyň görner-görünmez belalardan aman bolmagyny Hudaýdan diledi:

“Eziz Allam, [...] Arkadag prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa erenler, pirler ýar bolup, ony gözden-dilden, görner-görünmez howp-hatarlardan gorap, öz nazaryňda aman sakla!” diýip, baş müfti dileg etdi.

Döwlet metbugaty “görner-görünmez howp-hatarlary” aýdyňlaşdyrmady, ýöne soňky döwürlerde ýurduň din wekilleri prezidente jan-saglyk diläp, onuň duşmanlary diýilýänlere wagtal-wagtal gargyş okap çykyş edip başlady.

Ýatlasak, maýyň ortasynda Aşgabat şäheriniň merkezi metjitleriniň birinde juma hutbasyny wagyz eden ymam Hudaýdan prezident Berdimuhamedowyň “duşmanlarynyň ýer bilen ýegsan edilmegini” diläpdi.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň wagzynda “duşman” aňlatmasy asla diýen ýaly ulanylmaýar.

29-njy iýunda Marynyň Gurbanguly Hajy metjidinde berlen toý-sadakada prezident Berdimuhamedowyň adyndan metjide Muhammet pygamberiň keşbi beýan edilýän arapça “hilýeýi şerife” sowgat berildi.

Onlarça raýaty dini ynançlary bilen baglylykda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen Türkmenistanyň häkimiýetleri Marynyň metjidinde prezidentiň sowgat beren “hilýeýi şerifini” maňlaýyna sylmak üçin nobata durdy. Döwlet telewideniýesi olaryň hatarynda ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlaryny, şol sanda Reşit Meredowy hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny görkezdi.

Döwlet telewideniýesi “hilýeýi şerife” köp sereden adamyň durmuşynyň rowaçlyga we bagtyýarlyga beslenjekdigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG