Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iman Kerimowa ejesiniň daşary ýurtlarda doňdurylan millionlaryny Özbegistana gaýtarmak işiniň saklanandygyny aýtdy


Gülnara Kerimowa gyzy Iman bilen. Surat Iman Kerimowanyň Instagram sahypasyndan alyndy.

2-nji iýulda Özbegistanyň öňki merhum prezidentiniň agtygy Iman Kerimowa Instagramdaky öz sahypasynda, ejesi bilen resmi Daşkendiň arasyndaky gatnaşyklar barada täze anyk maglumatlary aýan etdi.

2-nji iýulda Gülnara Kerimowanyň gyzy Iman Kerimowa öz Instagram sahypasynda hat galdyryp, häzir Daşkent oblastynyň Zangiat raýonyndaky 21-nji aýallar koloniýasynda bolýan ejesiniň ýagdaýynyň gün-günden ýaramazlaşýandygyny mälim etdi.

«Indi birnäçe gezek şol bir adam – Gülruh Rasulowna Kerimowanyň hereketi sebäpli Özbegistanyň halky ejemiň söz beren puluny alyp bilmese gerek, ejem bu işi mundan bir aý öň başladypdy hem bar bolan ähli bökdençligi aýyrdy» diýip, Iman Kerimowa nobatdaky hatynyň başynda ýazýar.

Hatynyň dowamynda ol üznüksiz dawa-jenjellerden hem-de geçen ýyl 21-nji koloniýada saklanýan 5 tussag aýalyň ölmegi sebäpli bu düzediş koloniýasynyň ýolbaşçysy wezipesinden çetleşdirilendigini ýazýar. Bäş aýal hem aýallar koloniýasynyň içinde bolan çagalar öýünde terbiýelenýän bir çaga 2018-nji ýylda ýogaldy, şol koloniýada-da Gülnara Kerimowa jeza möhletini çekýär.

Muny aýtmak bilen Iman Kerimowa öz aýdýanyna hiç bir delil getirmeýär.

Iman Kerimowa öz hatynda 2019-njy ýylyň martynda häkimiýetler tarapyndan «gurnalan» aýyplama bilen onuň ejesini öý tussaglygy şertinden 21-nji koloniýa geçirenlerinden soňra, prokuraturanyň işgärleri, hususan-da Ilýas Muhamedow Gülruh Kerimowany öňki wezipesine gaýtaryp getiripdir.

«Gülruh Rasulownanyň öňki wezipesine diňe bir maksat bilen – ejeme basyş etmek üçin getirilendigi soň mälim boldy. Prokuratura işgärleri ejem bilen gelnen ylalaşygyň başa barmazlygynda düzgüni bozandyklarynyň sebäplerini gizlemek islän bolsalar gerek, hamana ejemiň olar bilen işleşmek islemeýändigini hemmelere aýan etmek üçin, şeýle ynsapsyzlyk gerek bolandyr» diýip, Iman Kerimowa ýazýar.

Londonda ýaşaýan öňki prezidentiň agtygynyň ýazmagyna görä, onuň ejesini Zangiatdaky 21-nji koloniýa getirenlerinden soň, şol türmede ýene iki tussag ýogalypdyr. Häzirlikçe Azatlygyň redaksiýasy ol maglumaty garaşsyz çeşmelere tassykladyp bilmedi.

Iman Kerimowa hem onuň ejesiniň Şweýsariýadaky adwokaty Greguar Manža (Gregoire Mangeat) geçen aýda Zangiatdaky 21-nji aýallar koloniýasynda Gülnara Kerimowanyň örän agyr şertde saklanýandygyny aýdypdylar. Olaryň ýazmagyna görä, Gülnara Kerimowanyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşypdyr, ol yzygiderli çaşyp huşuny ýitirýär, koloniýanyň administrasiýasy bolsa oňa hiç bir medisina kömegini bermeýär.

Şu maglumat sosial ulgamlarda ýaýradylansoň, Özbegistanyň ombudsmeni Ulugbek Muhammadiýewiň ýolbaşçylygyndaky topar iýun aýynda Gülnara Kerimowanyň saklanýan koloniýasyna bardy.

«Gülnara Kerimowanyň saglygyny barlamak üçin kardiologiýa ugrundan, newrologiýadan, gastroenteroligiýadan hem ginekologiýadan belli bilermenler koloniýa bardylar. IIM-niň Merkezi keselhanasynda aýratyn barlag geçirdiler» diýip, ynsan hukuklary edarasynyň metbugat-gullugynyň ynanylan wekili parlamentde maglumat berdi.

«Wraçlaryň görkezmesi boýunça ol möhüm bolan medisina ýardamyny alýar. Häzirki günde G. I. Kerimowanyň saglyk ýagdaýy, umuman kanagatlanarly, ol saglygy dikeldiji arassa iýmit alýar» diýip, metbugat-gullugy aýratyn belledi.

Iman Kerimowanyň 2-nji iýuldaky hatynda ýazmagyna görä, ombudsmen prokuraturanyň «doly kontrollygynda» bolupdyr. 21-nji koloniýada ýagdaýyň ýaramazlygy barada öz beýanatynda bir söz hem aýtmandygy üçin, ombudsmeni ýazgarýar.

«Ejeme koloniýanyň naçalnigi tarapyndan, fiziki taýdan howp abanýar, ol basyşlar hem agyr şertlerde galýar, agyr jenaýata baş goşan jenaýatçylar hem şol ýerde» diýip, Iman Kerimowa ýazýar.

Ejesiniň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny ýene bir gezek nygtaýan Iman Kerimowa daşary ýurtlarda doňdurylan millionlary Özbegistana getirmek işiniň togtadylandygyny aýdýar.

«Hiç bir kepil bolmansoň, bu iş onuň tarapyndan saklandy, onuň hukuklary goralmaly, ýöne muny Özbegistanyň Prokuraturasy ol tussag edileli bäri (6 ýyl) saklaman gelýär. Geçen aýda Özbegistanyň hökümetiniň ýardam etmegi bilen başlanan pullary gaýtarmak işini wagtlaýynça saklamagy maslahat berdiler. Indi ejemiň adwokaty hem-de Şweýsariýanyň sudy oňa degerlik kömek berilýänçä, şol ýurduň kanunyna laýyklykda ejem fiziki basyşlardan halas bolýança, ol işi dowam etdirip bolmaz» diýip, Iman Kerimowa 2-nji iýulda öz Instagram sahypasynda ýazýar.

Iman Kerimowa ejesiniň doňdurylan pullarynyň Özbegistana gaýtarylmak işiniň saklanmagyndaky ähli jogapkärçiligi prokuraturanyň hem-de Zangiatdaky 21-nji aýallar koloniýasynyň ýolbaşçylarynyň üstüne atýar.

Iman Kerimowanyň bu haty Gülnara Kerimowanyň Özbegistanyň prezidentine ynsanperwerlik ýardamyny sorap ýüz tutanyndan on gün çemesi soň peýda boldy. Ol özüniň ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny mälim edipdi hem daşary ýurt banklarynda saklanýan 686 million dollara dawa etmejegine söz beripdi.

Onuň ýüzlenmesinden soňky gün – 24-nji iýunda Şweýsariýanyň Federal prokuraturasy Özbegistana 130 million şweýsar frankyny (133 $ million) gaýtarjakdygyny mälim etdi. Ol pul Özbegistanyň öňki prezidenti Islam Kerimowyň uly gyzynyň garşysyna geçirilen barlag mahalynda alnypdy.

Şol gün hem özbek şowhun-biznes wekilleri bilen blogerler Gülnara Kerimowany azatlyga çykarmak barada täze seslenmeleri ýaýratdylar.

28-nji iýunda Azatlygyň birnäçe çeşmesi ýakyn wagtlarda Zangiatdaky 21-nji aýallar koloniýasyndan 9 tussaga Ýokary Suduň amnistiýa çykarjakdygyny aýtdylar. Şol sanawda Gülnara Kerimowanyň adynyň hem geçýändigi aýdyldy.

Ýöne 1-nji iýulda UzA informagentligi Gülnara Kerimowanyň bolýan aýallar koloniýasyndan Ýokary Suduň karary bilen alty tussagyň şertli-möhletinden öň azatlyga goýberilýändigini habar berdi.

Azatlyga goýberilýän aýallaryň atlary häzirlikçe mälim edilenok.

Gülnara Kerimowanyň wesýetine laýyklykda, onuň nusgasy Azatlyk Radiosynda bar, daşary ýurt banklaryndaky ol pullaryň we beýleki baýlyklaryň ählisiniň iň soňky hem hakyky eýesi onuň iki çagasy – ogly Islam we gyzy Iman bolup durýar.

Mundan öň Gülnara Kerimowanyň ogly hem gyzy daşary ýurt habar agentlerine beren interwýularynda hem sosial ulgamlarda Özbegistanyň hökümeti «öz ejelerini fiziki taýdan ýok etmek isleýär» diýdiler.

Material AÝ/AR-nyň özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG