Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň nebit tankeriniň saklanmagyny “ajaýyp habar” atlandyrýar


Gibraltar hökümeti Britan patyşalygynyň harby-deňiz pyýada güýçleriniň "Grace 1” atlandyrylan gämini 4-nji iýulda saklandygyny aýtdy

Birleşen Ştatlar özüniň Britaniýanyň Gibraltaryň golaýynda Eýranyň nebit tankerini tutup saklamagyny gutlaýandygyny aýtdy we muny “ajaýyp täzelik” diýip häsiýetlendirdi. Emma Tähran öz gämisiniň saklanylmagyny “bikanun gatyşma” diýip atlandyrdy.

"Ajaýyp habar: Birleşen Patyşalyk eýran nebiti ýüklenen we ÝB sanksiýalaryny bozup, Siriýa tarap barýan“Grace I” super tankerini tussag etdi” diýip, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton 4-nji iýuldaky twitinde ýazdy.

"Amerika & biziň ýaranlarymyz Tährandaky we Damaskdaky režimleriň bikanun söwdadan peýda görmeginiň öňüni almagy dowam etdirer” diýip, ol ýazdy.

Britaniýanyň deňiz aňyrsyndaky territoriýasy, Gibraltar hökümeti Britan patyşalygynyň harby-deňiz pyýada güýçleriniň "Grace 1” atlandyrylan gämini 4-nji iýulda saklandygyny aýtdy.

Gämi Gibraltaryň 4 kilometr günortasynda, Britaniýanyň öz territorial suwlary hasaplaýan çäginde saklandy. Ýöne Ispaniýa bu territoriýanyň ispan suwlarydygyny aýdýar.

Bu gämi Siriýanyň Banias nebit zawodyna çig nebit alyp barýandyr öýdülýär. Bu zawod ÝB sanksiýalarynyň obýekti bolup durýar.

Britaniýanyň premýer ministri Tereza Meýiň (Theresa May) metbugat wekili Gibraltar häkimiýetleriniň bu “berk hereketini” gutlaýandygyny aýtdy.

“Bizde Grace 1-iň Siriýadaky Banias nebit zawodyna çig nebit daşaýandygyna ynanmaga sebäp bar” diýip, gibraltarly minister Fabian Pikardo (Fabian Picardo) öz beýanatynda aýtdy.

“Şol zawod Ýewropa Bileleşiginiň Siriýa garşy girizen sanksiýalaryna degişli edaranyň emlägi bolup durýar” Biz gämini we onuň ýüküni sakladyk” diýip, Pikardo aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi 2011-nji ýyldan bäri Siriýa nebit daşalmagyny gadagan edip gelýär, ýöne tankeriň deňizde tutulyp saklanmagy ilkinji gezek bolup geçýär.

“Munuň bilen Ýewropa Bileleşigi ilkinji gezek jemgyýetçilige örän açyk hem-de örän agressiw bir zat edýär. Bu işde belli bir derejede ABŞ bilen sazlaşykly hereket edilendir diýip pikir edýärin, sebäbi oňa NATO agza güýçler gatnaşdy” diýip, firmalara sanksiýalar boýunça geňeşdarlyk edýän “Pillsbury Winthrop Shaw Pittman” ýuridik firmasynyň partnýory Mettýu Orsmanyň (Matthew Oresman) sözleri Reutersda getirildi.

Reuters ýüke degişli özüniň barlan maglumatlarynda tankeriň Eýranyň çäginden ýüklenen eýran nebitini alyp barýandygyny görkezýän maglumatlaryň bardygyny habar berdi. Ýöne resmi dokumentler nebitiň Yrakdandygyny aýdýar.

Eýran tankeriň “bikanun saklanandygyny” aýdyp, Tährandaky britan ilçisini çagyrdy.

“Gibraltar bogazynda Eýranyň nebit tankerine iňlis harby-deňiz güýçleriniň bikanun gatyşmagy bilen degişli ýurduň Tährandaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy” diýip, ministrligiň metbugat wekili Abbas Moussawi aýtdy/

Britan ilçisi bilen geçirilen duşuşykda, daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli resmisi “Birleşen Şalygyň hereketini kabul ederliksiz diýip suratlandyrdy” diýip, ministrlik 5-nji iýulda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

Resmi “nebit tankeriniň, häzirki bar bolan maglumatlara görä, Birleşen Ştatlaryň haýyşy esasynda saklanandygyny aýdyp, onuň derhal goýberilmegine çagyrdy”, diýip beýanatda aýdylýar.

Eýranyň täsirli Düşewüntlilik geňeşiniň sekretary Mohsen Rezai Birleşen Şalygyň agzalýan nebit tankerini goýbermedik ýagdaýynda, Eýranyň hem britan gämisini tutup saklamalydygyny aýtdy.

“Eger-de Britaniýa eýran tankerini gaýtaryp bermese, eýranly degişli jogapkär edaralaryň wezipesi, gaýtawul çäre hökmünde, britan tankerini tutup saklamakdyr” diýip, Rezai 5-nji iýulda twitledi.

Gäminiň ele geçirilmegi Günbatar bilen, hususan-da Birleşen Ştatlary bilen, Eýranyň arasyndaky ýokary dartgynlylyk wagtyna gabat gelýär.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň maýynda Eýran bilen dünýä güýçleriniň arasynda 2015-nji ýylda gol çekilen ýadro şertnamasyndan çekildi we ondan ozal Tähranyň ýadro programmasynyň togtadylmagynyň öwezine gowşadylan sanksiýalary täzeden güýje girizip başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG