Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp 2008-nji ýyldaky Mumbaý hüjümleriniň şübheli lideriniň tussag edendigi barada ýazan tweeti üçin tankyt edildi


Hafiz Saeed
Hafiz Saeed

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 10 ýyl dowam eden gözleg işlerinden soň, Pakistanyň 2008-nji ýylda Mumbaýda amala aşyrylan hüjümleriň esasy lideri bolmakda güman edilýän adamy tussag edendigi barada ýazan tweeti üçin tankyt edildi. Bu döwürde şübheli söweşiji azatlykda ýaşaýardy.

17-nji iýulda Pakistanyň häkimiýetleri 2008-nji ýylda Mumbaýda amala aşyrylan hüjümleriň lideri bolmakda aýyplanýan radikal yslamçy Hafiz Saeediň tussag edilendigini aýtdy. Bu hüjümlerde 166 adam heläk bolupdy.

Saeed Pakistanyň premýer-ministri Imran Hanyň Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň resmileri bilen duşuşyklary geçirmezinden bir gün öň tussag edildi. Han söweşiji toparlary basyp ýatyrmagy wada beripdi.

Tramp Saeediň tussag edilmegini gowy garşy aldy we munuň söweşijilere garşy has berk göreşmek barada öz administrasiýasynyň Pakistana eden basyşynyň netijesidigini aýtdy.

“Pakistanda 10 ýyl dowam eden gözleg işlerinden soň, Mumbaýda edilen terrorçylykly hüjümleriň ‘lideri diýlip atlandyrylýan [adam] tussag edildi. Ony tapmak üçin soňky iki ýylyň dowamynda uly basyş edildi!” diýip, Tramp Twitterde ýazan tweetinde belledi.

Ýöne Saeed ençeme ýylyň dowamynda Pakistanyň türmesine birnäçe gezek basyldy we soňra çykaryldy. Hatda ol köpçülikleýin ýörişlerde hem çykyş etdi.

ABŞ-nyň Öýüniň Daşary işler komiteti Trampyň tweetine şeýle jogap berdi: “Pakistan 10 ýyl bäri ony gözlemeýärdi” we Saeed 2001-nji ýyldan bäri sekiz gezek tussag edilip, soňra-da tussaglykdan boşadyldy we ol “erkin ýaşaýardy”.

Pakistanyň Birleşen Ştatlardaky öňki ilçisi Husain Hakkani Trampyň Saeediň işi barada gowy habarly edilmändigini aýtdy.

“Ony tapmak hiç haçan mesele bolmandy. Ol erkin iş alyp barýardy we aç-açan görünýärdi. Ol ençeme gezek tussag edildi we soňra-da boşadyldy. @POTUS [Prezident Tramp] oňa ýalňyş maglumat beren kim bolsa-da, ony dessine işinden boşatmaly” diýip, Hakkani Twiteerde çap eden tweetinde aýtdy.

17-nji iýulda Pakistanyň Punjab welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Şahbaz Gill Saeediň Pakistanyň merkezindäki Gujranwala şäherçesiniň golaýynda tussag edilendigini we “gadagan edilen toparlar üçin maliýe serişdesini ýygnamakda” aýyplanýandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň we Hindistanyň resmileri Saeedi Mumbaýdaky hüjümleri planlaşdyrmaga kömek etmekde aýypladylar. Şol hüjümlerde 10 sany ýaragly adam Hindistanyň iň uly şäherindäki iki gymmatbaha myhmanhanada we demirýol wokzalynda ot açypdy.

Hindistan Pakistany “Jamaat-ud-Dawa” atly haýyr-sahawat guramasynyň ýolbaşçysy Saeed bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly hüjümleri guramalaşdyrmaga ýardam bermekde aýyplapdy.

Pakistan we “Jamaat-ud-Dawa” guramasy Mumbaý hüjümlerine özleriniň gatnaşygyny ýokdugyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar Saeedi terrorist diýip yglan edip, onuň tussag we höküm edilmegine getirjek maglumatlar üçin 10 million amerikan dollary möçberinde pul serişdesini teklip edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG