Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde okaýan türkmen studentleri pullaryny alyp bilmeýändiklerini aýdyp, 'wagyzçylary oýanmaga' çagyrýarlar


Türkmen bankynyň VISA karty
Türkmen bankynyň VISA karty

Orsýetde okaýan türkmenistanly studentler Azatlyga hat ýazyp, özleriniň indi birnäçe aý bäri Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň VISA kartlaryndan peýdalanyp bilmeýändiklerini habar berdiler.

Bu hili hatlar Azatlyga öňki aýlarda Belarusda okaýan studentlerden hem gelipdi. Şeýle-de studentler Türkmenistanda gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri beýan edýän, emma problemalar barada dymýan internet neşirleriniň işinden öz nägileliklerini bildirýärler.

Size aýtmak isleýäris: halk ýadady, adamlary aldamagy bes ediň, bizi mal ornunda goýmagy bes ediň” diýip, studentler ýazýar.

Türkmenistanda bank kartlaryna geçilmegi, ýerli ilat bilen bir hatarda, daşary ýurtlarda okaýan we yzlaryndan iberilýän maliýe serişdelerine mätäç bolan türkmenistanly studentler üçin hem bir topar kynçylyk döretdi. Sebäbi olaryň köpüsi, student bolansoňlar, okuwyň daşyndan kanun esasynda işlemek, gazanç etmek mümkinçiliklerinden hem mahrum.

Size raýatlaryň erkin hünär we ÝOJ saýlamak hukugyny çäklendirmäge kim ygtyýar berdi?"
Türkmen studentleriniň hatyndan

Ikinji tarapdan, Türkmenistandaky işsizlik, dollaryň “gara bazar” kursy bilen resmi kursunyň arasyndaky tapawut adamlaryň daşary ýurda resmi kursdan dollar iberip, soň ony ýurtda bazar bahasyndan satmak mümkinçiliginden peýdalanmak synanyşyklaryny hem köpeltdi. Bu ýagdaý häkimiýetleriň daşary ýurtlardaky studentlere resmi kursdan dollar ibermek mümkinçiligini barha kän çäklendirmegine alyp geldi.

Orsýetde okaýan türkmen studentleriniň Azatlyga ýazan hatlarynda bildirýän nägilelikleri hem şu ýagdaý bilen bagly. Olar “biz eýýäm birnäçe aý bäri Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň VISA kartlaryndan peýdalanyp bilmeýäris” diýip ýazýarlar.

Studentleri Azatlyga hat ýazmaga, öz seslerini eşitdirjek bolmaga iteklän diňe olaryň öz pullaryny wagtly-wagtynda nagtlaşdyryp bilmezlikleri hem däl. Olar “Orient”, “Turkmenportal”, “Gundogar-news”, “Infoabad” we “Arzuw” internet neşirleriniň “ikiýüzlüliginden bizar bolandyklaryny” hem aýdýarlar.

Siz, režimiň wagyzçylary we rowaçlyk ýylynyň aýdymçylary, ...biz size aýlap hat ýazýarys, ýurduň bank ulgamyndaky bulam-bujarlyklar boýunça žurnalistik derňew geçirilmegine kömek bermegiňizi soraýarys” diýip, studentler öz hatlaryna hatda jogap hem berilmeýändigini nygtaýarlar.

Olaryň pikiriçe, hakyky durmuşda “hiç kime rahatlyk ýok”, emma bu neşirler ýurtda hemme zady “gülala-güllük” edip görkezmäge çalyşýar.

Işçi özüne geçirilen aýlyk hakyny wagtynda alyp bilmeýär, pensionerler özlerine geçirilmeli pensiýa hepddeläp garaşýar,soň ony almak üçin sagatlap nobata durýar, adamlar öz pullaryny hiç bir kynçylyksyz nagtlaşdyryp hem bilmeýärler diýip, türkmen studentleriniň hatynda aýdylýar.

Siz ýurdy gorpuň gyrasyna getirdiňiz,oýanyň-eý, wagyzçylar!” diýip, türkmen studentleri banka, ilçihana, ministrlige, şol sanda “Orient”, “Turkmenportal”, “Infoabad” we “Arzuw” internet neşirlerine ýüzläp hat ýazýandyklaryny, emma olaryň hiç birinden özlerine – ýurduň raýatlaryna bir jogabyň hem berilmändigini nygtaýarlar.

“Siz üçin halk hiç kimmi” diýip, studentler soraýar.

Hat ýazan studentleriň pikiriçe, eger-de şu gün türkmen ýaşululary öz ujypsyzja pensiýalaryny hem kösençsiz alyp bilmeýän bolsa, haýsy milli terbiýe, haýsy täzeden döreýiş we bagt hakynda gürrüň edip bolar?

Siz biziň atalarymyzy we enelerimizi şeýle sylaýarsyňyzmy?” diýip, Orsýetde okaýan türkmen studentleri soraýar.

Hatyň awtorlary Türkmenistanda bilimiň ösüşi hakynda aýdylýanlara hem garşy çykýarlar.

Eger-de parahorluk çagalar bagyndan başlanýan bolsa, haýsy bilim barada gürrüň edip bolar?” diýip, olar rugsat edilýän ÝOJ-laryň sanawynyň girizilendigini, beýle zadyň dünýäniň hiç bir ýurdunda ýokdugyny ýatladýarlar.

“Size raýatlaryň erkin hünär we ÝOJ saýlamak hukugyny çäklendirmäge kim ygtyýar berdi?” diýip, studentler soraýar.

Hatda aýdylmagyna görä, Daşary ykdysady iş bankynyň kartlary arkaly pul nagtlaşdyrmagyň möçberi aýda 80 dollara çenli çäklendirildi.

Siz galplyklary paş etmegi gowy görýärsiňizmi? Onda, geliň meniň VISA kartymyň çäklendirmeleri hakyndaky galplyklary paş ediň! Oňa nähili çäklendirmeleriň goýlandygyny ýa goýulmandygyny görkezýän sýužet taýýarlaň, VISA kartlary bilen internetde nähili hasaplaşyk geçirip bolýandygyny görkeziň” diýip, studentler ýazýar.

Olar özleriniň şeýle sýužetlere garaşýandyklaryny aýdýarlar we bu "galplyklaryň" näme üçin paş edilmeýändigini soraýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG