Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bank kartlary daşary döwletlerde ‘bikanun’ ulanylan raýatlara jerime salynýar, olaryň kartlary hemişelik ýapylýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky özi ýurduň içinde wagty plastik bank karty daşary döwletlerde ulanylan raýatlara ýörite hat ugradyp, “kartyň bikanun ulanyşy” üçin olara jerime salýar we kartlaryny hemişelik ýapýar.

“Agzalýan hatda “Siz özüňiziň VISA ýa-da MasterCard plastik kartyňyzdan ýurt daşynda özüňizden başga adamyň ulanmagyna ýol beripsiňiz, dildüwşük edipsiňiz. Şonuň üçinem aýyň plançasyna Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna gelmegiňizi soraýarys” diýlip ýazylypdyr” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri şeýle hatlary alan azyndan alty adama salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, banka baran adamlara özleri ýurduň içinde wagty bank kartlarynyň haýsy senede we sagatda, şeýle-de haýsy ýurtda ulanylandygy baradaky resminamalar görkezilýär. Şeýle-de, olaryň şol senede daşary ýurda sapar etmändigi hakynda “Türkmenhowaýollary” we Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugyndan alnan tassyknamalaryň hem bardygy aýdylýar.

“Bank işgärleri “Siz kartyňyzdan diňe özüňiz daşary ýurda sapar eden halatyňyzda ulanyp bilýärsiňiz. Şonuň üçin hem size düzgün bozan adam hökmünde administratiw jeza çäresini görmeli bolýarys” diýýärler. Olara daşary ýurtlarda nagtlaşdyran puluna görä, 150 manatdan 500 manada çenli dürli möçberde jerime salýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Habarçy soňra bank işgärleriniň şol türkmenistanlylardan kartynda galan puly yzyna almagy soraýandygyny we olara mundan beýläk VISA ýa-da MasterCard bank kartynyň açylmagyna hiç haçan rugsat berilmejekdigini duýdurýarlar.

Bu maglumaty Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň anonim şertde maglumat beren jogapkär işgärleri hem tassyklady.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan bank işgärleri häzirki wagt 2018-nji ýylyň soňky üç aýynda Türkiýe, Belarus we Özbegistan ýaly ýurtlarda ulanylan VISA ýa-da MasterCard bank kartlarynyň yzarlanýandygyny aýtdylar. Olar bu barlaglaryň indi iki ýyl bäri wagtal-wagtal amala aşyrylýandygyny hem bellediler.

2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi söwdasyny ýatyrandan soň, ýurtda dollaryň resmi kursy 3,5 manat möçberinde saklanylýan mahaly, onuň “gara bazardaky” bahasy bäş esseden hem köp gymmatlady.

Munuň yz ýany, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky raýatlara belli bir möçberdäki türkmen manadyny resmi kurs arkaly VISA ýa-da MasterCard bank kartlaryna geçirmek we ondan diňe ýurduň daşynda peýdalanmak mümkinçiligini döretdi.

Şondan bäri bu mümkinçilik türkmenistanlylar üçin resmi kurs arkaly manady dollara çalyşmagyň ýeke-täk usullarynyň biri bolup galýar.

Soňky ýyllarda türkmenistanlylaryň ençemesi öz plastik bank kartlaryny daşary ýurtlara sapar edýän adamlara berip, olardan kartlaryndaky amerikan dollaryny nagtlaşdyryp getirip bermegi soraýarlar. Munuň üçin şol adamlaryň nagtlaşdyrylan puluň belli bir prosentini alyp galýandygy hem aýdylýar.

Türkmenistanyň banklary tarapyndan girizilen düzgüne laýyklykda, eýýäm iki ýyl çemesi wagt bäri daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylaryň her biri öz ýany bilen diňe bir sany VISA ýa-da MasterCard plastik kartyny äkidip bilýär. Şeýle-de, raýatlardan Aşgabadyň aeroportunda bilet we pasport barlaglaryndan geçensoň, öz ýany bilen äkidýän plastik kartyny Migrasiýa gullugynda hasaba aldyrmak hem talap edilýär.

Häzirki wagt Türkmenistanyň banklary VISA ýa-da MasterCard plastik kartlaryndan daşary döwletlerde her gün 50 amerikan dollary möçberindäki puly nagtlaşdyryp bolýandygyny tassyklaýarlar.

Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar kartlardaky puly nagtlaşdyrmagyň juda kyndygyny, her birnäçe günüň dowamynda diňe 10-30 amerikan dollaryny alyp bilýändiklerini aýdýarlar.

Azatlygyň Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň birinde işleýän anonim çeşmesi ýakynda Ýewropa ýurtlarynyň birine sapar eden ýokary derejeli türkmen resmileriniň biriniň hem plastik bank kartlaryndan günde diňe 10 ýewrony hem nagtlaşdyryp bilmändigini habar berdi.

“Bu resmi Türkmenistanyň ministrlikleriniň birinde ýokary wezipelerde işleýär. Ol Ýewropa baryp gelenden soňra ýurduň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna her zat diýip käýindi. Sebäbi günde nagtlaşdyryp bilýän pulunyň möçberi 10 ýewra hem ýetmändir. Hatda ol kadaly naharlanyp hem bilmändir. Kartdaky pul çäklendirmesi sebäpli ol dükanlarda nagt däl hasaplaşyklary hem amal edip bilmändir” diýip, Azatlygyň çeşmesi 25-nji ýanwarda gürrüň berdi.

25-nji ýanwarda Aşgabatda dollaryň “gara bazarynyň” söwdegärleri 1 amerikan dollaryny 18 manat 20 teňňe – 18 manat 40 teňňe aralygynda satyn alýarlar we 18 manat 80 teňňe – 19 manat aralygynda hem satýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG