Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ençeme hususy iş ýerleri, şol sanda dükanlar, kafe-barlar we restoranlar ýapylýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän hususy iş ýerleri, şol sanda käbir dükanlary, kafeleri, restoranlary köpçülikleýin häsiýetde ýapdyrýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çeşmeleri 1-nji awgustda habar berdi.

Magtymguly şaýoly bilen Hojow Annadurdyýew köçesiniň çatrygynda ýerleşýän süýji-köke önümleri satylýan bir söwda dükany, Kemine köçesi bilen Hojow Annadurdyýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän “My Wam Rady” atly kafe-bar, şeýle-de Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Altyn Açar” hem-de “Melbourne Burger” atly kafe-restoranlar ýapyldy. Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Nevada Steak House”, “Ammar Café”, “Erzurum restoran” hem-de Mežlauk köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Tumar Pub”, “Uzum Café” atly kafe-barlar ýapyldy.

Bu agzalan kafe-restoranlaryň we beýleki iş ýerleriniň umumy aýratynlygy olaryň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýa-da golaýynda ýerleşmegidir.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 1-nji awgustda ýetiren maglumatlaryna görä, häkimiýetler iş ýerleriň eýelerine ýa-da başlyklaryna bu çäreleriň sebäplerini düşündirmeýär.

Paýtagtdaky ikinji habarçy heniz ýapylmadyk hususy eýeçilikdäki ençeme dükanyň aýnalarynyň garaldylmagynyň häkimiýetler tarapyndan talap edilýändigini habar berýär.

Ýöne habarçylaryň maglumatlaryna görä, dükanlaryň näme sebäpden ýapdyrylýandygy ýa-da näme üçin olaryň ençemesiniň aýnalarynyň garaldylýandygy barada heniz takyk maglumat berilmeýär.

Ýerli habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan käbir iş ýerleriň işgärleri dükanlaryň ýa-da käbir kafe-barlaryň remont maksatly ýapylandygyny aýdýar.

Bu çäreler Türkmenistanda ýene-de bir halkara çäräniň, 11-12-nji awgustda "Awazada" geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň öňýanyna, şeýle-de mundan birnäçe gün ozal Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarda bolan gaz partlamalarynyň yzýanyna gabat gelýär.

Beýleki tarapdan, “Awazada” geçirilýän Hazar ykdysady forumy bilen Aşgabatda hususy dükanlaryň, kafe-barlaryň we restoranlaryň ýapylmagynyň arasynda nähili ilteşik bolup biler?

Foruma resmi derejede çagyrylan daşary ýurtly bir kompaniýanyň wekiliniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatlaryna görä, maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar Awaza gitmek üçin ilki Aşgabada barýarlar.

Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçylary paýtagtyň ýollarynyň ugrundaky täze duralgalaryň kondisionerleriniň hem çalşyrylýandygyny habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, şäheriň käbir täze duralgalarynda goýlan ekranlar hem täzelenýär.

Türkmenistan barada habarlary çap edýän turkmen.news neşiriniň maglumatlaryna görä, ýapylan iş ýerleriň hatarynda Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Mercedes, BMW, Toyota we Hyundai merkezleri hem bar.

Şeýle-de, neşir agzalýan biznes obýektleriň 10 günden gowrak wagt bäri ýapyk durandygyny habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, ýapylan iş ýerleriň hatarynda meşhur kafe-restoranlardan başga-da söwda merkezler, awtomobil serwisleri we awto şaý satylýan dükanlar hem bar.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty paýtagtda köpçülikleýin häsiýetde ýapylýan hususy iş ýerleri barada habar bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň 1-nji awgustda bu mesele boýunça Aşgabat şäher häkimliginden kommentariýa almak synanyşygy häzirlikçe netije bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG