Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanyň hökümeti Kaşmir regionynyň aýratyn statusyny ýatyrmak boýunça herekete geçdi


Jammu sebitinde howpsuzlyk işgärleri motosikletdäki adamlary soraga çekýär. 5-nji awgust, 2019 ý.
Jammu sebitinde howpsuzlyk işgärleri motosikletdäki adamlary soraga çekýär. 5-nji awgust, 2019 ý.

Hindistanyň hökümeti Kaşmire müňlerçe esger ibermek, regionyň telefon hem internet baglanyşyklaryny kesmek bilen bu ynjalyksyz gimalaý regionynyň aýratyn statusyny ýatyrmak boýunça herekete geçdi.

Pakistan hindi hökümetiniň göçümini ýazgaryp, ony Birleşen Milletler Guramasynyň kararnamasyny bozmak diýip atlandyrdy.

Kaşmir Hindistan bilen Pakistanyň arasynda bölünen hem bolsa, ýurtlaryň ikisi-de bu sebiti tutuşlygyna özüniňki hasaplaýar.

Gysyş hindi häkimiýetleri özleriniň jemgyýetçilik hereketlerini çäklendirip, regionyň esasy şäheri Srinagarda ähli mekdepleri ýapýandyklaryny aýdanlaryndan soňra ir ertir 5-nji awgustda başlandy.

Pakistan 4-nji awgustda Hindistanyň Kaşmiriň iki atomly döwletiň arasyndaky Kontrollyk liniýasynda ýerleşýän etraplary top okuna tutandygyny, bir aýalyň ýaralanandygyny we bu ýagdaýyň serhetiň golaýyndaky obalara gorky aralaşmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.

Ondan bir gün öň Pakistan Hindistany gadagan edilen klasterli bombalar bilen parahat ilatdan iki adamy öldürip, 11 adamy hem ýaralamakda aýyplady. Hindistan bolsa bu aýdylýanlary ret etdi.

Soňky günlerde Hindistan Kaşmirde azyndan 10 müň esger ýerleşdirdi. Media serişdeleriniň habar bermegine görä, regiona ýene 25 müň esger iberiler.

‘Konstitusiýa ters’ ýatyryş

Kaşmiriň aýratyn statusynyň ýatyrylandygyny 5-nji awgustda parlamentde içeri işler ministri Amit Şah yglan edip, Hindistanyň prezidenti gol çeken badyna onuň kanuna öwrüljekdigini aýtdy. Oppozisiýa bolsa muňa berk protest bildirdi.

Hökümetiň bu kararyny kanun ekspertleri giňden tankytlap, käbirleri ony baş kanuna edilen hüjüm diýip atlandyrdylar.

Şah bu beýanaty premýer-ministr Narendra Modi kabinet we hökümetiň howpsuzlyk boýunça karar çykaryjy ograny bolan kabinetiň howpsuzlyk komiteti bilen duşuşyk geçireninden soňra etdi. Kabinetiň howpsyzlyk komitetine Modiniň özi ýolbaşçylyk edýär.

Kaşmir statusynyň ýatyrylýandygy yglan edilenden az salym soňra, ýurduň Kanun we adalat ministrligi girizilen üýtgetmeleri görkezmak üçin gol çekilmedik prezident permanyny sergiledi.

Ýatyrylan kanun, konstitusiýanyň 370-nji maddasy, Hindistanyň Jammu we Kaşmir ştatlaryna öz baş kanunynyň we baýdagynyň bolmagyna, goranmak, kommunikasiýa we daşary işlerden başga beýleki meseleleriň ählisinde karar çykarmaga hukuk berýär.

370-nji madda boýunça ştatyň 12 million ilatyndan daşary hindilere bu ýerde ymykly ýerleşmek, ýer satyn almak, ýerli hökümet işlerinde bolmak ýa aň-bilim stipendiýalaryny almak gadagan.

370-nji madda möhüm, sebäbi ol ştatyň köplük ilaty bolan musulmanlara ep-esli öz erklilik berýär.

Hindistanyň milletçileriň ýolbaşçylygyndaky hökümetini tankytlaýanlar bolsa, hökümetiň hereketine Kaşmiriň köplük ilaty bolan musulmanlary hindiler bilen garyşdyryp, olaryň sanyny azaltmaga bolan ymtylyş diýip garaýarlar.

Dawaly territoriýanyň Hindistana degişli tarapynda köp wagt bäri gozgalaň dowam edýär.

Parmanyň kopiýasyna görä, 370-nji maddanyň ýatyrylmagy “dessine güýje girip, konstitusiýanyň ýerini alar”.

Ştatyň öňki baş ministri Mehbuba Mufti bu hereket Hindistany iş ýüzünde basybalyjy güýje öwürdi diýdi. Ol Twitterde hökümetiň karary “bikanun” we “konstitusiýa ters” diýip ýazdy.

“Şu gün hindi demokratiýasynda iň garaňky gündir” diýip, Mufti ýazdy.

Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi ýurduň telekanalyna bu hereket BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Kaşmir konfliktiniň çözgüdine degişli 47 belgili kararnamasyny bozýar diýdi.

Mekgä zyýarata giden Kureşi Pakistan aýratyn statusyň ýatyrylmagynyň öňüni almak üçin diplomatik tagallalary güýçlendirer diýdi.

Daglyk regiondaky dartgynlyklaryň artmagyna getiren 14-nji fewralda üsti partlaýjy maddaly maşynyň polisiýa konwoýy bilen çakyşyp, 40 polisiýa işgäriniň ölmegi boldy. Şondan soňra iki ýurduň arasynda dürli etraplarda çaknyşyklar turdy.

3-nji awgustda ýerli hökümet dawaly territoriýada jeňçiler tarapyndan bolmagy mümkin hüjümler bilen baglanyşykly duýduryş bereninden soňra, müňlerçe hindi studentleri we turistler Kaşmiriň Hindistana degişli böleginden gaçdylar.

2-nji awgusta Hindistanyň howpsuzlyk resmileri Pakistan tarapyndan goldanylýan jeňçileriň hindileriň esasy zyýarat ýeri bolan Kaşmirde hüjümler planlaşdyrandyklary hakda subutnama ele salandyklaryny aýtdylar.

Pakistanyň premýer-ministri Imran Han Hindistanyň soňky günlerdäki ot açyşlaryny ýazgaryp, Twitterde ýagdaýyň “regional krizisi partlatmagy” mümkin diýip, duýduryş berdi.

Ol Trampyň Kaşmir barada araçylyk etmek üçin eden teklibiniň kabul edilmeli wagty geldi diýdi.

“Prezident Tramp Kaşmir boýunça araçylyk etmegi teklip etdi. Bu iş üçin wagt şu. Sebäbi Hindistanyň basybalyjy güýçleriniň täze agressiw hereketleri netijesinde Kontrollyk liniýasynda ýagdaý ýaramazlaşýar” diýip, Han Twitterde ýazdy.

Trampyň geçen aý žurnalistlere aýtmagyna görä, Hindistanyň premýer-ministri Modi ondan Kaşmir boýunça araçy bolmak isleýändigini ýa-da islemeýändigini sorapdyr.

Ýöne Deli soňra Modiniň araçylygy sorandygyny inkär etdi. Hindistan Kaşmir meselesine üçünji tarapyň goşulmagyny ozaldan ret edip gelýär.

Hanyň beýanaty hakda Hindistanyň Daşary işler ministrligi we Ak tam tarapyndan entek berlen beýanat ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG