Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"10 sany aratapawut tapyň". Türkmen TW-si ýene-de prezidentiň meňzeş kadrlaryny görkezdi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň 4-nji aprelde we 7-nji awgustda görkezen kadrlarynda

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ölümi baradaky tassyklanmadyk maglumatlaryň peýda bolmagyndan we yzysüre ret edilmeginden soň döwlet baştutanyny ýygy-ýygydan görkezmegini dowam etdirýär. Şol bir wagtda-da prezidentiň dynç alyşdadygyny belläp geçýär.

Döwlet telewideniýesiniň 4-nji aprelde we 7-nji awgustda görkezen iki sany gepleşiginden alnan bu suratlarda Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygy geňeşiniň iki sany aýrybaşga maslahatlary görkezilýär.

Emma "Watan" programmasynyň dört aýlyk aratapawut bilen aýrybaşga wakalar barada habar berip, görkezen pursatlarynda bir-birine büs-bütin meňzeşlik göze ilýär.

Otag, onuň ýagtylygy, gatnaşyjylaryň düzümi, olaryň oturyşy, prezidentiň we resmileriň ýüz keşpleriniň mimikasy, otagyň içki görnüşi we stollaryň üstündäki esbaplaryň ýerleşişi bu suratlarda biri-birinden tas tapawutlanmaýar.

Berdimuhamedowly täze wideo könemi?
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:27 0:00

Resmi maglumatlarda aýdylyşy ýaly, döwlet howpsuzlygy geňeşiniň maslahatlarynyň ikisinde-de harby we kanun goraýjy edaralaryň işlerine baha berlipdir, apreldäkisinde 3 aýyň, awgust aýynyňkyda bolsa 7 aýyň jemlerine seredilipdir.

Mundan öň Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň ýaňy-ýakynda görkezen ýene bir sýužeti özüne ünsi çekipdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň ölümi barada tassyklanmadyk maglumatlaryň ýaýramagynyň yzýany 24-nji iýulda görkezilen reportaždaky pursatlar "Altyn Asyr" telekanalynyň 10-nji maýda görkezen pursatlaryna gabat gelipdi.

Şonda bilermenler bir-birine gabat gelýän köp sanly alamatlaryň şol wideolaryň bir günde düşürilen bolmagyny çaklamaga esas döredýändigini belläpdi.

21-nji iýulda türkmen sosial mediada, soňra käbir rus dilli metbugat serişdelerinde Türkmenistanyň prezidentiniň ölendigi barada habar berlipdi. Şol günüň özünde bu habary TASS habar agentligi Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyna salgylanyp inkär etdi.

62 ýaşly prezidentiň ençeme wagtlap telewideniýede we köpçülikde görünmezligi onuň häkimiýet başyndaky 12 ýylynyň dowamynda öň hiç wagtda bolmandy. 2006-njy ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýogalmagyndan soň döwlet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedow ýyllarboýy ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň we milli habar beriş serişdeleriniň berýän habarlarynyň esasy şahsyýeti bolup durýar.

On ýyldan gowrak döwrüň dowamynda döwlet telewideniýesi tarapyndan yzygiderli häsiýetde görkezilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme günläp telewideniýede görünmezligi şeýle-de, onuň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy baradaky pikirleriň orta atylmagyna sebäp bolupdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri bu temany resmi derejede agzaman gelýärler.

15-nji iýulda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi prezidentiň dynç alyşa çykyp, iş rugsadynyň 15-nji awgusta çenli dowam etjegini habar beripdi.

Hökümet resmileri Awazada sport bilen meşgullandy, ýöne oňa prezident gatnaşmady
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:40 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG