Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow sapardan öň Singapur kompaniýasyna iş kontraktyny eçilip, Ahalyň merkezini iki ýylda gurmagy buýurýar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli aragatnaşykda maslahat geçirýär. 23-nji awgust, 2019.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli aragatnaşykda maslahat geçirýär. 23-nji awgust, 2019.

Türkmen mediasy 23-nji awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura etjek ilkinji saparynyň senesini yglan etdi.

Wise-premýer Reşit Meredowyň wideoşekilli maslahatda beren hasabatyna görä, döwlet sapary 26-27-nji awgustda amala aşyrylar.

Şu aralykda döwlet baştutany “Türkmengaz” döwlet konsernine «Merkezi Garagum» gazkondensat känler toplumynyň "Zäkli-Derweze" gaz arassalaýjy desgasynda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gazy gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Singapuryň "GP Global Equipment Pte Ltd" kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.

Gurluşyk işlerine şu ýylyň sentýabrynda başlamak we desgany 2022-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Ýöne täze gaz desgasynyň türkmen gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi, bu işiň nähili şertlerdäki sermaýa bitiriljekdigi we näçe ýylda özüni ödejekdigi aýdyň däl.

Şeýle-de Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň gurluşyk işlerine başlamak we binalary hem-de desgalary 2021-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga doly taýýar etmek baradaky karara gol çekdi.

Mundan öň prezident Aşgabatda şäher içinde guruljak, emma umumy bahasy aýdylmaýan Aşgabat-siti taslamasyny yglan edipdi.

Türkmen hökümetiniň tankytçylarynyň, şol sanda raýat aktiwisti Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň esasay sebäpleriniň biri prezidentiň bir özi tarapyndan karar berilýän "gymmatbaha, özüni ödemeýän gurluşyk taslamalary" bolup durýar.

Ikinji tarapdan, prezident Berdimuhamedowyň özi hem käte ýurtda millonlarça dollar harçlanyp gurlan binalaryň ulanylyşyny sorag astyna alýar.

Resmi maglumata görä, Türkmenistan bilen Sngapuryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň sentýabrynda ýola goýuldy; 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Koreýadaky ilçisi ilkinji gezek şol bir wagtda ýurduň Singapurdaky ilçisi wezipesine hem bellenildi.

2019-njy ýylyň iýun aýynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Saparyň jemleri boýunça türkmen-singapur gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjek hökümetara we pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ýerli synçylaryň käbiri Aziýanyň iň korrumpirlenen ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistan bilen korrupsiýa garşy göreşde iň öňde barýan ýurtlarynyň biriniň arasyndaky gatnaşyklaryň "hiçden giç ýagşy edilip" ösdürilmek ähtimallygyna oňyn baha berse, beýlekileri bu hyzmatdaşlygyň geljegine şübheli garaýar.

Singapur Aziýada britan kolonial hökümetiniň iş praktikasyny ösdürip, korrupsiýany ýok etmekde, ilaty garypçylykdan çykarmakda uly üstünlik gazanan ýutlaryň biri hasaplanýar.

Emma Türkmenistan korrupsiýa boýunça çap edilýän ýyllyk halkara hasabatlarynda her ýyl iň yzdaky orunlaryň birini eýeleýär.

Doly döwlet kontrollygyndaky Türkmen mediasy korrupsiýa faktlary barada diňe hökümet maslahaty derejesinde aýan edilen faktlary ile ýetirmek we korrupsiýada aýyplanan ýönekeý raýtlary we ozalky ýolbaşçy işgärleriň käbirini näletlemekbilen çäklenýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen 60 ýaşly aşgabatly žurnalistiň tassyklamagyna görä, metbugat ýolbaşçylaryna ýurtda soňky onýyllykda giň ýaýrandygy aýdylýan parahorluk medeniýetiniň kökleri, adamlary jenaýata iterýän sebäpler we garyplaşýan köpçülik bilen baýaýan azlygyň arasyndaky boşlugyň barha ulalmagy hakynda makala çap etmäge rugsat berilmän, olardan diňe gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri beýan etmek talap edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG