Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda pagta ýygym möwsümi başlady, obalarda her hojalykdan 3-4 adam mejbury ýygyma çekilýär


Pagta ýygymyna girişýän lebaply ýygymçylar, 10-njy sentýabr, 2014-nji ýyl. Illýustrasiýa suraty.
Pagta ýygymyna girişýän lebaply ýygymçylar, 10-njy sentýabr, 2014-nji ýyl. Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynda nobatdaky pagta ýygym möwsüminiň başlamagy bilen, bu ýyl diňe bir býujet işgärleri däl, eýsem, oba ýerlerinde her hojalykdan 3-4 adam mejbury ýygyma çekilýär.

Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky çeşmeleri we habarçylary regiondaky pagta ýygym möwsüminiň bu ýylky aýratynlyklary barada habar berýärler.

“Oba ýaşaýjylarynyň ählisiniň ol ýa-da beýleki görnüşde daýhan birleşikleri bilen gatnaşygy bar. Mekdepleriň mugallymlary, daýhan birleşikleriň we arçynlyklaryň işgärleri, kärendeçiler, çopanlar we beýlekiler döwlet býujetinden hak alýar. Olaryň ählisinden ýygyma gatnaşmak talap edilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, ilkibaşda her bir pagtaçydan gündelik 30 kilogram pagta ýygmak talap edilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary Mary welaýatynyň Tagtabazar, Sakarçäge, Baýramaly we beýleki käbir etraplaryna aýlanyp, pagta möwsüminiň barşy bilen tanyş boldy.

Olaryň maglumatlaryna görä, pagta ýygmaga gatnaşyp bilmeýän hojalyklardan adam başyna 200-250 manat möçberinde töleg tölemek talap edilýär.

Bu tölegiň tutuş pagta möwsüminiň dowamynda ýygymdan azat bolmaga degişlidigi aýdylsa-da, “häkimiýetler ilatdan, býujet işgärlerinden pul ýygnamaga dowam ederler” diýip, habarçy söhbetdeşleriniň sözlerini getirýär.

Ýerli häkimiýet wekilleri her bir pagta hanasyny soňky übtügne çenli ýygmak boýunça özlerine berk tabşyrygyň berlendigini aýdýarlar.

23-nji awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň hasabatyny diňläp, bu ýyl “pagta ýygym möwsümini has amatly möhletde geçirip, hasylyň doly saklanylmagyny üpjün etmegi” tabşyrdy.

“Ýöne pagtaçy kärendeçiler bu ýylky pagta plan borçnamasyny dolmagyň mümkin däldigini, hasylyň juda pesdigini aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 26-njy awgustda iberen maglumatynda aýtdy.

Ol aýlanan obalarynda işe ukyply ýaşlaryň tas galmandygyny, olaryň tas ählisiniň gazanç gözleginde Türkiýä we beýleki ýurtlara gidendigini habar berýär.

Halkara hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edip gelýär.

Türkmenistanda geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde ýurduň obasenagat toplumynda, şol sanda pagtaçylyk pudagynda täze reformalar teklip edildi, oktýabr aýynda pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy.

Türkmenistanda ýyllyk pagta we bugdaý plan borçnamalary döwlet tarapyndan kesgitlenilýär, hem-de kärendeçi daýhanlar döwletden kärendesine alan ýerlerine tabşyryk esasynda bugdaý, pagta ýa-da ýokardan görkezme esasynda beýleki oba hojalyk ekinlerini ekip, olary döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga mejbur edilýär.

Mejbury zähmeti ret edýän türkmen häkimiýetleri ýurduň obasenagat toplumynda özgerişleriň geçirilýändigini öňe sürýär, ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan kärendeçiler tehnika, dökün we suw ýetmezçiliginden yzygiderli şikaýat edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG