Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaplylar 'pagta kösençligine' başlady, hökümet 'könelen' dokma kärhanalaryny hususylaşdyrýar


Pagtaçy çagalar. Arhiw suraty
Pagtaçy çagalar. Arhiw suraty

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy sebitiň Köýtendag, Kerki etraplarynda "pagta kösençliginiň" başlanandygyny, emma pagta az bolansoň, kärendeçileriň bergili çykmakdan alada galýandyklaryny habar berýär.

Şu aralykda TDH döwlet baştutanynyň ýurduň iri egirme-dokma kärhanalarynyň birnäçesini hususylaşdyrmak teklibini oňlandygyny aýdyp, adatça bolşy ýaly, bu çäräniň detallaryny, iş orunlaryna nähili täsir ýetirjegini aýtmakdan saklandy.

Pagta bu ýylam öwerlik däl, gowaça meýdanlarynyň bir toparyndaky pagtanyň sentýabryň başynda ýygnalyp gutarylmagy mümkin, sebäbi pagta hasyly örän pes” diýip, diýip, radionyň habarçysy bilen gürleşen 55 ýaşyndaky ýerli agronom aýtdy. Onuň sözlerine görä, Lebapda bu ýylam öňki ýyllardaky problemalar boldy: tehnika, dökün, himiki dermanlar ýetmezçilik etdi.

Lebapda bu ýyl gowaça hasylynyň pes bolmagynyň bir sebäbi mineral dökünleriň ýetmezligi bilen bagly. Astanababa, Halaç, Kerkiçi etraplarynda gowaçalar tasdan mineral dökünsiz ýetişdi, şu sebäpden gozalarda bereket ýok, olar ir açyldy diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli agronom Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Hasylyň pesliginiň ikinji sebäbi suw ýetmezçiligi bilen bagly. Hatar aralarynda ýekeje gezek hem bejergi geçirilmedik gowaça meýdanlary köp boldy, bolubilse 30 sm boý alan, 3-4 goza getiren gowaçalar müňlerçe gektar ýeri tutýar diýip, agronom aýtdy.

Çärjew, Farap etraplarynda ak kerwen dabaralarynda telewideniýede görkeziljek “ak altyn” ýükli kerwenleri pagtadan doldurmak üçin etraplaryň býujet işgärlerini, ýokary synp okuwçylaryny pagta sürüp, mejbury pagta ýygdyrmaga başladylar” diýip, radionyň habarçysy aýdýar.

Azatlyk Lebap welaýatynyň gowaça meýdanlaryndaky suw ýetmezçiligi barada öňem habar beripdi.Bu ýagdaýsuw desgalarynyň suwaryşa taýyn edilmändigi bilen düşündirilýär. Hünärmenler ýurduň suw desgalarynyň soňky otuz ýylda köplenç idegsiz galdyrylandygyny aýdýarlar.

Mary welaýatynda bolsa, Azatlygyň habar berşi ýaly, bu ýyl näbelli keselçilik esasynda gowaçalar köpçülikleýin gunça dökdi.

Türkmenistanda Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kärhana ulanmaga berlende, ýerli media Hytaýa we Hindistana mineral dökünleriň eksport ediljekdigini habar beripdi. Emma şondan biraz soň prezident Berdimuhamedow ýurtdaky dökün ýetmezçiligini tassyklap, resmileriň käbirine käýinç yglan etdi. Şol bir wagtda uly döwlet serişdesine gurlan uly kärhananyň öz doly kuwwatynda işlemekden örän daşdygy habar berilýär.

Türkmenistanda pagtaçylyk ýerli ilat, hem oba adamlary, hem şäherleriň ýaşaýjylary üçin, syýasy we medeni çärelerden soň, mejbury zähmetiň esasy meýdançasyna öwrüldi diýip, ýerli synçylar aýdýarlar. Oba hojalyk işlerinden ýeterlik gazanç edip bilmeýän daýhanlaryň barha kän zähmet migrasiýasyna gitmegine garamazdan, türkmen hökümeti ýere döwlet eýeçiligini, ekilýän ekinlere we olaryň bahasyna kontrollygy öz elinde saklamagyny dowam etdirýär.

Sowet döwründe strategiki ekin bolan gowaça, hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda müňlerçe gektar ekerançylyk ýeriniň arryklamagyna, şorlamagyna, şol bir wagtda gowaça suwarylan we himiki dökünler bilen zäherlenen suwlaryň ýerasty suwlar bilen birleşip, daşky gurşawyň zaýalanmagyna, şeýle-de oba ýaşlarynyň sowatsyz galmagyna we daýhanlaryň ýyl-ýyldan garyp düşmegine alyp geldi.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistan gowaça ekilýän meýdanlary giňeltmegi nazarda tutýar. Şol bir wagtda ýerli synçylar ýurduň dokma senagatynyň girdejililigini sorag astyna alýarlar. Şunuň bilen baglylykda Berdimuhamedow 14-nji iýunda senagat pudagynyň zawod-fabrikleriniň girdejiligini kontrol astynda saklamagy, olary hususylaşdyrmagy, täzeden gurmagy tabşyrdy.

Berdimuhamedow bu meseläni geçen ýylyň noýabrynda hem gozgady we öndürilýän pagta hasylyny dolulygyna ýurtda gaýtadan işlemek we dünýä bazarlaryna bäsleşige ukyply taýýar önümleri çykarmak zerurlygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Mämmethan Çakyýew 23-nji awgustdaky wideoşekilli iş maslahatynda S.A.Nyýazow adyndaky Gypjak dokma toplumyny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek, Büzmeýin etrabyndaky pagta egirme galyndylaryny gaýtadan işleýän kärhanany paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklipleri orta atdy.

TDH Gurbanguly Berdimuhamedowyň hödürlenen teklipleri makullandygyny habar berýär. Ýerli synçylar bu kararlaryň ozal ýüzlerçe adamyň iş orunlaryny ýitirmegine getirendigini, hususylaşdyrma netijesinde işini ýitiren adamlaryň köpüsiniň soň başga iş tapman, işsizler armiýasyna goşulýandygyny ýa-da daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmäge mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG