Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan sementiň hususyýetçilerdäki bahasy gymmatlaýar


Lebabyň sement zawodynyň önümi. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň Senagat ministrligine degişli “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän dükanlarynda sement satuwa çykarylmaýan mahalynda, onuň hususyýetçilerdäki bahasy barha gymmatlaýar.

“Döwletiň Lebapdaky gurluşyk dükanlarynda sement tapdyrmaýar. Oňa derek, ol hususy dükanlarda we gurluşyk harytlary satylýan bazarlarda aç-açan satylýar. Ýöne onuň bu ýerdäki bahasy her aý diýen ýaly gymmatlaýar. Döwlet bahasy 15 manat bolan 50 kilogramlyk sementiň bahasy häzirki wagtda hususyýetçilerde 120 manatdan satylýar. Mundan bir aý gowrak ozal onuň bahasy ortaça 100 manada barabardy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 6-njy sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, mundan öň “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň Lebapdaky dükanlarynda adam başyna her aýda bir gezek 50 kilogramdan 2 gap ýa-da 100 kilogram sement satylýardy. Ýöne soňky iki aý bäri ol satuwa çykarylmaýar.

Habarçy welaýatyň çäginde Eýrandan import edilen sementiň 50 kilogramynyň 150 manatdan satylýandygyny, ýöne munuň raýatlaryň maddy elýeterinden juda gymmatdygyny aýdýar.

“Raýatlaryň köpüsi sementi bu bahadan satyn alyp bilmeýärler. Şol sebäpli jaý gurýan adamlar tas ýok diýen ýaly. Jaý gurýan az bolany üçin kerpijiň hem hyrydary az, şol sebäpli kerpiç zawodunyň işiniň hem duruzylandygy aýdylýar” diýip, habarçy belledi.

Habarçy beýleki gurluşyk harytlarynyň bahasynyň hem gymmatlaýandygyny aýdyp, olaryň käbiriniň häzirki nyrhlary barada maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, demir armaturyň 1 tonnasy 35 müň manatdan, 1 sany agaç tagta 250-420 manatdan, jaýlaryň üçegi üçin niýetlenen 4metrx80sm ululygyndaky metal şifrler 650-800 manatdan bahalanýar.

Türkmenistanda gurluşyk materiallarynyň bahasynyň ýokarlanandygy baradaky habarlar şu ýyl ilkinji gezek aprel aýynyň ahyrynda peýda boldy. Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçylary nyrhlaryň ýokarlanmagynyň ilkinji nobatda semente degişlidigini we bu önümiň bahasynyň iki esse çemesi gymmatlandygyny aýdypdylar.

“Türkmenistanyň Mary welaýatyndaky hususyýetçilerde sementiň 50 kilogramlyk haltasynyň bahasy 50 manada ýetip, Daşoguzda 40-55 manat aralygynda satylýar. Mundan öň sementiň bahasy 15-18 manatdy” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 30-njy aprelde gürrüň beripdi.

Şondan soňra maý aýynda Daşogzuň, iýun aýynda Marynyň döwlete degişli gurluşyk dükanlarynda sementiň tapdyrmaýandygy mälim boldy. Soňra onuň hususyýetçilerdäki bahasy has-da gymmatlap başlady.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çeşmeleri sement gytçylygynyň we gymmatçylygynyň köp adamly maşgalalaryň täze jaýlary gurmak mümkinçiliklerine zarba urýandygyny, 4-5 gelinli maşgalalaryň bir öýe gabalyp galmaklaryna getirýändigini aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtdaky sement gytçylygy we gymmatçylygy barada hiç zat aýtman gelýärler.

Häzirki wagt Türkmenistanda dört sany sement öndüriji kärhana bar. Olar Ahal welaýatynyň Kelete we Baharly etraplarynda, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýär.

Resmi medianyň maglumatlaryna görä, Lebapdaky sement zawody 2018-nji ýylda 1 million tonna sement öndüripdir we 250 müň tonna sementi Owganystana we Özbegistana eksport edipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG