Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň ogly Britaniýa sapar edip, Türkmenistanda oba hojalygyny sanly ulgama geçirmegi maslahatlaşdy


Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow

Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň we Ahal welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasy 30-njy sentýabrda Britaniýa iş saparyna bardy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Resmi habarda delegasiýa ýolbaşçylary bolan ministriň-de, Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedowyň-da atlary agzalmaýar.

Saparyň birinji gününde Britaniýanyň premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Emma Nikolson bilen, şeýle-deBritaniýanyň Daşky gurşaw, azyk harytlary we oba hojalygy ministrliginde duşuşyk geçirildi.

Taraplar oba hojalygynda sanly ulgamy peýdalanmak, iş öndürijiligini ýokarlandyrmak, iki ýurduň oba hojalyk boýunça okuw jaýlarynyň arasynda tejribe we ylmy barlaglary alyşmak barada maslahat etdiler.

Şeýle-de DIM türkmen delegasiýasynyň 1-nji oktýabrda Demirgazyk Irlandiýanyň birnäçe ylmy-barlag merkezine baryp görendigini habar berýär. Türkmenistanlylar Oba hojalygy we telekeçilik boýunça kolleje,“Mowanager” balyk hojalygyna baryp, olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdy.


Iş saparynyň meýilnamasyna Oba iýmit senagaty we biologiki ylymlary instituty we Global azyk haryt howpsuzlygy instituty bilen tanyşmak hem girizilen diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistan soňky ýyllarda planlaşdyrýan hasyllaryny almakda, ýurtdaky azyk, mal iými üpjünçiliginde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy, un, ýumurtga, şeker, ösümlik ýagy, kepek we künjara gytçylygy adaty bir zada öwrüldi.

Emma muňa garamazdan, agyr ýagdaýlary bölekleýin boýun alýan häkimiýetler emele gelen ýagdaýyň sebäplerini derňäp, krizisi boýun almakdan çeke durýarlar.

Ýerli synçylaryň, şol sanda tejribeli agronomlaryň aýtmaklarynda görä, Türkmenistanyň oba hojalygy soňky onýyllyklarda, ozal ýurduň ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň geçiren oba hojalyk synaglary, soňra häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “özgertmeleri” netijesinde juda agyr ýagdaýa düşdi.

Azatlyga gelip gowuşýan suratlardan görnüşine görä, soňky otuz ýylda oba, etrap ýollary, köprüler ýeterlik bejerilmän, ýaşaýjylar üçin howply ýagdaýlary döredýär, bozuk ýollaryň adam heläkçiligine alyp gelýän halatlary hem az bolmaýar.


Bu ýagdaý, maşgala eklemäge mümkinçilik berýän iş orunlarynyň ýyl-ýyldan azalmagy bilen bilelikde, oba adamlarynyň gazanç üçin köpçülikleýin daşary ýurtlara gitmegine alyp geldi.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda oba hojalygynyň, ýer we suw serişdeleriniňbarha kän Senagatçylar we Telekeçiler birleşiginiň ygtyýaryna geçýändigi, prezident we hökümet tarapyndan çäksiz uly goldaw berilýän “monopolist” guramanyň orta we kiçi kärhanalary, “arkasyz” telekeçileri ýyl-ýyldan beter gysýandygy habar berilýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG