Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan ilçisi türkmen studentlerini Birleşen şalykda dünýä derejesinde bilim almaga hyjuwlandyrýar


Britan ilçisi Hýug Filpot Daşoguzda studentler bilen duşuşýar.
Britan ilçisi Hýug Filpot Daşoguzda studentler bilen duşuşýar.

Türkmenistanda täze bellenen britan ilçisi Aşgabatda işe başlanyna kän salym geçmänkä regionlara sapar edip, Daşoguzdaky we Marydaky studentler bilen duşuşdy, olara Birleşen şalykda bilim almak mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.

Britan hökümetiniň maglumatlaryna görä, 30-njy sentýabrda we 1-nji oktýabrda Aşgabatda, Maryda we Daşoguzda Britaniýanyň “Chevening” stipendiýa programmasy boýunça tanyşdyryş çäreleri geçirildi; ilçi Filpot regionalrda türkmen studentleri bilen duşuşyp, bilimiň ähmiýetine ünsi çekdi we gyzyklanýan studentleri Birleşen şalykda dünýä derejesinde berilýän milim mümkinçiliklerinden peýdalanmaga hyjuwlandyrdy.


Britan hökümetiniň Gov.uk saýtynyň 3-nji oktýabrda habar bermegine görä, çet-gyradaky şäherlerde ýaşaýan türkmen studentleri britan hökümetiniň okuw programmasy barada maglumat almakdan başga, bu ýurduň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Hýug Stanliý Filpot bilen söhbetdeş bolmak mümkinçiligine hem eýe boldy.

Bu saýtda “Chevening” stipendiýa programmasy üçin arza bermegiň 2019-njy ýylyň 5-nji noýabryna çenli açykdygy, eger bu mesele bilen gyzyklanýan studentler has kän maglumat almak islese, olaryň 24-nji oktýabrda Aşgabatda, Amerikan ilçihanasynyň maglumatlar we serişdeler merkezinde boljak indiki tanyşdyryş çäresine gelip biljekdikleri hem habar berilýär.

Ilçi Filpot Maryda studentler bilen duşuşýar.
Ilçi Filpot Maryda studentler bilen duşuşýar.

Täze ilçi Daşoguzdaky Oba hojalyk institutynda, Marydaky Energetika institutynda çykyş etdi we Türkmenistanyň regionlaryna sapary wagtynda düşürilen suratlary öz twitter hasabynda çap etdi.

TDH täze ilçi geçen aý türkmen prezidenti bilen duşuşandan soň beren maglumatynda iki ýurduň arasynda gelejegi bolan hyzmatdaşlyklaryň söwda-ykdysady, energiýa, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, oba hojalygy we gurluşyk pudaklaryny öz içine alýandygyny habar berdi.

Emma muňa garamazdan, ýerli synçylaryň köpüsi Türkmenistanyň esasan ýaşlara bilim bermek, hakyky hünärli we giň düşünjeli, döwrebap pikirlenip bilýän kadrlary terbiýeläp ýetişdirmek meselesinde yza galandygyny belleýärler.


Olaryň pikiriçe, ýurtda sowet döwründen gelýän mejbury zähmetiň, pagtaçylykda ulanylýan yzagalak we zyýanly praktikalaryň saklanyp galmagy, bu ýagdaýlaryň üstüne köpçülik çäreleriniň we baýramçylyklaryň goşulmagy, bilimdäki parahorlugyň kän esse ösmegi ýurduň ykdysadyýeti üçin zerur bilimli adamlaryň ýetişmeginde uly böwet bolup durýar.

“Chevening” stipendiýa programmasy üçin arza bermek 2019-njy ýylyň 5-nji noýabryna çenli açyk, eger bu mesele bilen gyzyklanýan studentler has kän maglumat almak islese, olar 24-nji oktýabrda Aşgabatda, Amerikan ilçihanasynyň maglumatlar we serişdeler merkezinde boljak indiki tanyşdyryş çäresine gelip biler."
Birleşen şalygygyň hökümet saýty


Diňe ýokary okuw jaýlarynda däl, orta mekdeplerde hem pul, zat we tanyşlyk üçin ýokary bahalar goýulýar, parahorlyk çagalar bagyna hem gelip ýetdi we bu ýagdaý hiç kim üçin gizlin syr däl” diýip, Azatlygyň habarçylary bilen gürleşýän ýaşaýajylar aýdýarlar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly žurnalistiň sözlerine görä, mekdeplerde we ÝOJ-larda bilim derejesiniň pese düşmegi hatda žurnalistika hem “uly zarba” urdy.

“TDH-da, döwlet radio-telewideniýesinde işlemek üçinem ýeterlik sowatly, ene dilinde gowy sözlem düzüp bilýän, başga dillerden gowy terjime edip bilýän kadrlar ýiti ýetmezçilik edýär” diýip, ol aýtdy.


Ikinji tarapdan, ýerli synçylar öňki prezident Saparmyrat Nyýbazoyň dolandyryşy döwründe daşary ýurtlaryň döredýän okuw mümkinçilikleriniň hem köplenç elden giderlendigini, emma G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň, daşary ýurtlara okuwa gidýän ýaşlaryň köpelendigini belleýärler.

Ýöne bu mümkinçilikler ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, maliýe problemalary sebäpli çäklenmese ýagşy, üstesine häkimiýetler beýnileriň gaçmagy problemasy bilen hem ýüzbe-ýüz boldy. Gowy okan, zehinli we daşary ýurtlardaky iş mümkinçilerini gören ýaşlar ýurtdan barha kän gitmek isleýär, olar okan ýerlerinde galjak bolýarlar, muňa Türkmenistanyň ýerli şertleri ösdürip bilmezligi hem itergi berýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly žurnalist aýtdy.

Onuň pikiriçe, türkmen häkimiýetleri daşaryk okamaga gitjek zehinli ýaşlaryň öňünde emeli kynçylyklary döretmän, tersine olara kömek berse we soň olaryň yzyna gelmegi, öz ýurdunda işlemegi üçin şert döretse, diňe ýurda we döwlete peýda bolar.

XS
SM
MD
LG