Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«FlyDubai» kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynyň öňünde zenanlar ýakalaşdy


Turkmenistan. Travel office "Atlaz", "FlyDubai" in Ashgabat. June 2019
Turkmenistan. Travel office "Atlaz", "FlyDubai" in Ashgabat. June 2019

Aşgabatda daşary ýurtly awiakompanýanyň öňünde zenanlaryň arasynda ýakalaşyk boldy. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ejir çekenler hem bolupdyr.

“Şu gün «FlyDubai» ofisiniň öňündäki nobatda aýallaryň arasynda ýakalaşyk boldy. Ýakalaşyk uly toparyň arasynda döredi, onda iki sany zenan ejir çekdi. Bu ýakalaşygy, nobatda duran beýleki iki zenanyň goşulmagyndan soň togtatmak başartdy. Emma zenanlaryň ikisine agyr şikes ýetdi” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 8-nji oktýabrda habar berdi.

Azatlyk Radiosy bu hadysa barada goşmaça maglumat alyp bilmedi. Ejir çeken zenanlaryň soňky ýagdaýy hem nämälim galýar.

«FlyDubai» kompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisinde Azatlyga “beýle informasiýa” berip bilmejegini aýtdylar. Aşgabadyň polisiýasyndan kommentariý alyp bolmady.

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ilatyň gündeki durmuşynda ýüzbe-ýüz bolýan problemalary, şol sanda azyk harytlarynyň, uçar biletleriniň nobatlary, puly nagtlaşdyrmak üçin yzygiderli döreýän nobatlar, şeýle-de nobatlarda ýüze çykýan dawalar barada habar bermeýär.

Ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy ilatyň daşary ýurtly awiakompaniýalaryň, şol sanda "FlyDubai" kompaniýasynyň uçar biletlerini satyn alanlarynda walýuta çalyşygy meselesinde kynçylyklara duçar bolýandygyny habar beripdi.

Onuň sözlerine görä, «FlyDubai» kompaniýasynyň awiakassasyndaky ýagdaý Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň resmi we gara bazardaky bahalarynyň arasyndaky 5-6 esse çemesi bar bolan uly tapawut bilen bagly.

Edarada uçar biletleriniň amerikan dollaryna satylýandygyny we bilet üçin tölegleriň nagt ýa-da karta bilen edilýändigini, bank kartalaryndan bir günde 50 dollardan artyk töleg geçirip bolmaýandygyny tassykladylar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan işgäriň sözlerine görä, Aşgabatdan Dubaýa bir biletiň bahasy 181 dollara durýar. Bileti bir wagtda birnäçe plastik kartyň ulanylmagy arkaly satyn almak mümkinçiligi döredilýär.

“Ýakyn garyndaşlaryň kartlary kabul edilýär” diýip, «FlyDubai» kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynda Azatlyk Radiosyna aýtdylar. Işgär hepdede dört gezek gatnaşýan uçarlara biletleriň hatda ertirki reýs üçin hem satuwda bardygyny aýtdy.

Mundan öň Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary daşary ýurtly awiakompaniýalaryň, şol sanda «FlyDubai», "J7" we "Belawiýa" kompaniýalaryň uçarlaryna biletleri satyn almak isleýän raýatlaryň öz kartlaryndan bir günde 50 amerikan dollaryndan artykmaç töleg edip bilmeýändigini habar beripdi.

Bu ýagdaýda biletiň doly bahasyny tölemek üçin alyjy birnäçe adamyň kartalaryndan peýdalanmaly bolýar. Käbir ýagdaýlarda bir bileti satyn almak işine bir wagtda 10 adam gatnaşmaly bolýar.

Bu ýagdaý Türkmenistanyň banklarynyň ilatyň VISA kartalaryndan peýdalanmagyna girizen berk çäklendirmeleri bilen bagly.

Munuň bilen bir wagtda-da, dörän ýagdaý käbir adamlara gazanç etmek üçin mümkinçilik açýar.

Her gün awiakassalaryň öňünde bilet satyn alýanlara öz VISA kartalary bilen hasaplaşyp, özlerine nagt pul berilmegini hödürleýän onlarça adam üýşýär.

Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň nagt konwertasiýasy 2016-njy ýylda doly gadagan edildi. VISA kartalar ilatyň milli manady daşary ýurt walýutasyna 3.5 manatdan ybarat döwlet kursundan çalyşmagy üçin ýeke-täk mümkinçilik bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG