Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Aşgabadyň häkimliginiň işinden nägile boldy


Aşgabadyň köçe süpürijileri

Türkmenistanyň prezidenti Aşgabadyň häkimliginiň işinden nägilelik bildirdi. Döwlet metbugatyna görä, 28-nji oktýabrda geçirilen iş maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji nobatda Aşgabadyň häkiminden hasabat sorapdyr. Ş.Durdylyýewiň paýtagtdaky ýagdaýlar, ony abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, gök zolaklary döretmek, dürli maksatlara gönükdirilen obýektleriň gurluşygynyň depgini barada beren hasabatyndan soň, prezident şäher we etrap häkimlikleriniň işinden özüniň nägiledigini aýdypdyr. Munuň takyk sebäpleri resmi maglumatda aýdyňlaşdyrylmady.

Habar berlişine görä, döwlet baştutany şäherde tertip-düzgüni we arassaçylygy berk saklamagyň, infrastrukturanyň täzelemeginiň we paýtagtyň bezeginiň hiliniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny nygtapdyr.

Aşgabadyň häkimiýetleri arassaçylyk w abadançylyk çärelerine adatça uly üns berýärler.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, paýtagtyň köçelerinde gije-gündizlerine köçeleri süpürýän, ýollary, awtobus duralgalaryny we köçeleriň gyralaryny el bilen ýuwýan jemagat gulluklarynyň işgärlerini görmek mümkin.

Arassaçylyk işlerine ýurduň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri hem yzygiderli görnüşde çekilýär.

"Bizde arassaçylyk çäreleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Her gün daň bilen aýlanyp, hapa ýygnap başlaýarlar, baýramçylyklaryň öňýany topar bolup köçä çykýarlar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 29-njy oktýabrda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, soňky aýlarda jemagat gulluklarynyň işgärleriniň işi öňküsinden hem has gyzgalaňly bolupdyr.

"Olary mejbur edýärler. Soňky aýlaryň dowamynda jemagat gulluklarynyň ençemesiniň işgärleriniň güýji bilen şäheri arassalanlarynda şäheriň häkimligi munuň üçin pul geçiripdir. Emma işlän adamlara çeken zähmeti üçin tölenmedi" diýip, habarçymyz şäheriň jemagat gulluklarynyň işgärlerine salgylanyp habar berýär.

Şeýle-de, habarçylarymyzyň we biz bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň sözlerine görä, soňky wagtda paýtagtda zir-zibil taşlanýan ýerleriň daşyndaky arassaçylyga üns güýçlendirilipdir. Hapa taşlanýan gapyrjaklar yzygiderli boşadylýar, olaryň daşynda gözegçilik ýola goýulýar.

"Her bir hapa taşlanýan ýeriň daşynda köçe süpüriji oturýar. Ir sagat 8-den agşama çenli gözegçilik edýär, arassa bolar ýaly. Eger kimdir biri hapalary dörüp, çörek gözleýän bolsa gygyrýar" - diýip, adynyň efirde tutulmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosy bilen 29-njy oktýabrda söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy 29-njy oktýabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, zir-zibil taşlanýan gapyrjaklaryň daşyndaky gözegçilik öýsüz it-pişiklere garşy alnyp barylýan göreş bilen hem bagly.

"Soňky döwürde ýygy-ýygydan arassalaýarlar, pişikler iýmitlenmez ýaly" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy.

Paýtagtyň köçe süpürijileri şeýle-de idegsiz it-pişikleri tutmak bilen meşgullanýarlar. Azatlygyň habarçylary we haýwanlary goraýjylar olaryň haýwanlar babatyndaky rehimsizlikleri barada yzygiderli habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň häkimliklerinden kommentariý almak boýunça eden ençeme synanyşygy başa barmady.

Türkmenistanyň prezidentiniň Aşgabadyň häkimlikleriniň işinden nägileligine näme sebäp bolandygy takyklaşdyrylmady. Şol bir wagtda-da hökümet maslahatynda şäherde gurulýan obýektleriň gurluşyk depgininiň haýallygy bellenip geçildi we täze gurulýan binalaryň wagtynda tabşyrylmagyna berk gözegçilik etmek talap edildi.

Häzirki wagtda Aşgabatda gurulýan onlarça obýektleriň arasynda täze kongress merkeziniň, gymmatbaha myhmanhananyň, "Türkmenbaşy" we "Senagat" banklarynyň täze binalarynyň, Magtymgulynyň we welosipediň ýadygärlikleriniň gurluşygyny bellemek mümkin.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG