Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda çaga paltolarynyň bahasy ýurtdaky iň pes aýlyk bilen deňleşdi


Mekdep okuwçylary. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda iň pes aýlyk zähmet haky 790 manada deň mahaly, Mary welaýatynda iň arzan çaga paltolarynyň bahasy 700 manada ýetdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Mary welaýatynyň bazarlarynda gyşky egin-eşikleriň bahalary gaty gymmat. Çaga kurtkalary 300-500 manat aralygynda, çaga ädikleri 200-400 manat aralygynda, jempirler 360-600 manat aralygynda, papaklar 40-100 manat aralygynda bahalanýar. Paltolaryň iň arzanyny 700 manatdan alyp bolýar” diýip, howpsuzlyk aladalary gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 12-nji noýabrda aýtdy.

Türkmenistanda 1 amerikan dollarynyň resmi kursy 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manat möçberde saklanýan mahaly, ol “gara bazarda” ortaça 19 manatdan bahalanýar.

Maryly habarçy uly adamlar üçin niýetlenen gyş eşikleriniň has-da gymmatdygyny aýtdy. Ýöne muňa garamazdan, ol hem çagalaryň, hem-de uly adamlaryň gyş eşikleriniň hiliniň pesdigini hem belledi.

“Egin-eşikler indiki gyşa çenli tüýjerýär ýa-da halparýar. Ädikler bir möwsüme-de çydamaýar, olaryň derrew aşaklary sypýar. Eger-de gowy hilli eşiklerini aljak bolsaň, onda azyndan 4000 manat ýa-da ondan hem köp möçberde pul gerek bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gyş eşikleriniň aşa gymmatdygy sebäpli olary satyn almaga maşgalalaryň ählisiniň maddy güýji ýetmeýär. Şol sebäpli ol harytlary karzyna almak ýa-da köne egin-eşikleri satyn almak tejribesiniň barha köp ýörgünli bolýandygyny belleýär.

“Gynansakda, halkyň gyş eşikleriniň iň pes sortuny almaga-da doly gurbatlary ýetmeýär. Şonuň üçin işleýän adamlar gyş eşikleriň iň pes sortunyň bahasyny birnäçe aýa bölüp, ýuwaş-ýuwaşdan tölemek üçin ýazga alýarlar. Işlemeýän adamlaryň ýagdaýy has-da kyn. Her maşgalada azyndan 2-3 çaga bar. Adamlaryň aglabasy öňki geýlen eşikleri arzan nyrhdan satyn almaly bolýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Bazar satyjylary harytlaryň bahasynyň gymmatdygy barada soralanda, muny dollaryň resmi söwdasynyň ýokdugy we onuň “gara bazardaky” nyrhynyň 19 manada ýetendigi bilen düşündirýärler.

“Satyjylardan egin-eşikleriň hili pes diýeniňde, olaryň Hytaýdan getirilýändigini aýdýarlar. Sebäbi olar Türkiýäniň gymmat harytlaryny köp adamlaryň satyn almaýandygyny aýdýarlar” diýip, bazar satyjylarynyň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk we senagat harytlaryň ýetmezçiliginiň dowam edýän mahalynda, bazarlardaky we hususy söwda nokatlaryndaky önümleriň köp maşgalalaryň aýlyk girdejisinden aşa gymmatdygy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary yzygiderli habar berýärler.

Soňky aýlarda Türkmenistanda býujet işgärleriniň aýlyklarynyň öz wagtynda berilmezligi, bankomatlarda nagt puluň tapdyrmazlygy bilen bagly ýagdaý hem gaýtalanýar.

Şu hepdäniň başynda marylylaryň pensiýa we kömek pullaryny almakda çekýän kynçylyklarynyň dowam edýändigi habar berildi. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, onlarça obanyň ilaty bankomatlarda nagt puluň bolmazlygy sebäpli noýabr aýy üçin geçirilen pullaryny alyp bilmän, şäherlere gatnamaly bolýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti we media serişdeleri ilatyň ykdysady kynçylyklaryny resmi derejede agzamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG